Geljegime umyt bilen garamda,
Söýgüli dildarym, seni küýsedim.
Söýgi älemine seýle çykamda
Syýa zülpi tarym, seni küýsedim.

Deň-duşlarym tutýar maşgala toýun,
Öz söýen gözeli bezeýär öýün.
Haçan toý tutarys biz şolar deýin,
Dillen, intizarym, seni küýsedim.

Erkim elden aldy yşgyň permany,
Halyçy gyz, sen derdimiň dermany,
Görenimde dagda biten hurmany,
Hurma ýaňak ýarym, seni küýsedim.

Göwnüm gülýär seni ýada salamda,
Kuwwat berýäň her bir işde bolamda,
Ýadygär ýaglygyň ele alamda,
Husny lälezarym, seni küýsedim

Köneler, Gurban93 tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir