Owadan, päkize arzuw-hyýala Meň ýüregim üýtgemejek watandy. Bu gün şol paşmadyk arzuwlam üçin, Öz çagalyk ýyllarymdan utandym. Uzak menzilleriň külpeti hakda, Dek bäş ýyl owalam etmändim pikir. Ýöne ýamanlaryň duşuşy ýaly, Oňatlaram duşdy, Hudaýa şükür! Şükür, ýolda galdyrmady ykbalym, Köp ýerde ýykyldym, şonça-da turdum. Hossarsyz bolmadym agyr günlerde, Hem dostsuz bolmadym ýeňletjek derdim. Setirlem ezilse, duýgulamdandyr, Gursagymda öýlänçi bar diňmedik. Şoň üçinmi, köplenç, öz derdim bile Gamgyn-gamgyn aýdymlary diňledik. Bilsemem, bilmedik boldum käteler Aşyma duýgulaň awy gatanny. Çünki meň ýüregim, ykbalym, dünýäm Arzuwlara müdimilik watandy.