’’Ynsany söýeninden ölüm aýyrsa, diri aýralygyň ajysy ondan azmyka?! Ýakynyňda bolsa-da, ýok ýaly hereket etmek, gözlerine seredip bilmän ýaşamak nähili kyn eken... Megerem, aýralyk — bogazda düwün, dodakda titreme, gözde gaýgy, el buz ýaly sowuk, ýüregiň içinde ullakan, ýöne ullakan bir gabyksyz ýara. Ýara aýralygyň iň ýakyn dostumyş. Emma aýralyk ýarasynyň ýanynda beýleki ýaralaryň hiç manysy ýok eken. Aýralyk — eliňi uzadyp, diliňi öwrüp, gözleriňi açyp bilmezlik, hasratyňam iň ulusymyş. Aýralyk — sebäpsiz gözýaşlaryňa bogulyp, dem alyp bilmezlik, dem alýan wagtyňda-da, ölümi has ýakynyňda duýmak. Ýüregiňe gylyjy sokup, şol gylyjam çykaryp taşlap bilmän, agyrysyny her sekuntda duýmakdyr. Aýralyk — özüňden geçmek, durmuşa soňky gezek seredip, ölüme pikirlenmän razy bolmak. #Aýralyk — ýanyp duran oda seredip, ondan has-da gyzgyn hem ýalynlydygyny bilmek, gar üstünde aýakýalaňaç ýöräp garlary eretmek, ýagmyr bolup ýüregiňi ezmek, ony pikir edip gezip bilmezlik eken. Aýralyk — hakykat bilen ýoluňy aýyrmak, geçmişe tarap gaýta-gaýta ýola çykmak. Aýralyk — ys alyp bilmezlik, tagam duýup bilmezlik, ses eşidip bilmezlik, el degrip bilmezlik, megerem, hereketsizlik. Aýralyk — gijelere ýesir bolup gündizlere gapyňy ýapmak, çyrany özüňe duşman bilip, garaňkylygyň gujagynda ýatasyň gelmekdir, ýaşaýşyň gowy taraplaryny görmezlikdir belki. Nähili kyn, ölmänkäň-de, ölmek bar eken...“ ...Bir şygyr ýazýan ýaly durman gije-gündiz ýüregimiň çuňlugynda gizlenip seni ýazýan... Günde ýazýan. Çünki sensizligiň öwezini hiç bir bagtly diýilýän pursatlam-da dolup bilmeýär. Içimden hemişe şol bir ses gaýtalanýar: „Gel diýmegiň nämedigini bilýäňmi?! Gel diýmek — meň üçin UMYT. Gel diýmek men saňa gowuşmagym diýmek. Gel, gutar meni bu ýalňyzlykdan, gel-de, güýç ber bu gorky bilen urýan ýürege. Eldegrilmesiz diýip hasaplaýan kalbymyň erkini alypsyň. Gel, indi dolan...“ Daşarda şybyrdap ýagyş ýagýar. Men bolsa, senden, hem uzakda, hem ýakynda. Ýagan ýagmyrlar ýaly ýüregimde sensizligim akyp dur. Ýüregim bilen gözýaşlarym dost boldy. Gijäniň bir wagty daşaryk çykýan. Nähili uzakdadygyny bilmeýän, ýöne ýüregime şonça-da ýakyn bolan söýgimiň ýakan ýyldyzlaryna seredip, söýgi, hasrat hakda aýdymlary diňleýän. Gijäniň bir wagtynda öçügsi köçe yşyklarynyň seredişi bilen gabatlaşýan. Asfalt ýollar sessizje aýak seslerimi diňleýär. Ýanymda bomasaň-da, ýagmyrlaryň astynda ruhuň bilen hemişe bile aýlanýan. Ýagyş damjalaryny topragyň özüne siňdirişi ýaly, bagtly pursatlar, ýalňyzlyklar bilen bile seni ýüregime siňdirmek isleýän. Bu pikirler bilen tenime degen her ýagmyrda seni ýatlaýan. Bu gezek bedenime degen ýagyş däl, meni sensizlik üşedýär. Seni diňe küýsemek däl, her ýagyş damjasynda, gözlerimden akan gözýaşlarym bilen seni gözleýän. Bu ýagyşlar maňa müňlerçe gezek seni getirýär. Mendäki sensizligiň, sendäki mensizligiň soňuna çykmak, gussalaryňy paýlaşmak, gözýaşlaryňy sylmak isleýän. Meň adymy tutmasaň-da, küýseýänligiňi aýtmasaň-da, seň söýgüň sesini eşitmek isleýän... Bahary buşlaýan ýagyşlaryň güýçlenişi ýaly, saňa bolan hasratym-da gün-günden güýçlenýär. Sen bilýäňmi, ýagşyň topragy bereketlendirişi ýaly, seň söýgüň hem ykbalymda bagt bagyny gülletjekdir. Hany, gel senem, ýagmyrlaň aşagyna çyk. Saňa bolan duýgym damjalar bilen bilelikde bedeniňe degsin hem ýüregiňe aksyn. Haýyş edýän, duýsana, ýagyşa elleriňi uzat. Seret, arzuw edýän ýerimizde menem saňa ellerimi uzadýaryn. Men-ä açdym ellerimi, sensizlik hasratyny kalbymdan aýyrdym. Men bilýän, senem maňa elleriňi uzatdyň. Seret, seret, indi ýüregimem ellerimde. Dur, hiç zat diýme, diňe hasrat bilen joşup duran ýüreklerimiz gürleşsin... Ahh, bularyň hiç biri uzaga çekenok... Hemmesi hyýallarda galýar. Hiç kim sensizligiň hasratyny paýlaşmaýar. Şonuň üçin men diňe seň bilen galmak isleýän. Dymýaryn. Men gürlemäýin, goý, sensizlik bilen başlan mart ýagyşlary dowam etsin. Bilip goý, her ýagyş ýaganda, bilmeýän bir ýeriňde, duýmaýan bir intizaryň saňa bolan hasratyndan ýaňa gözýaşlary bilen saňa garaşýandyr. Ýüregiňden duýmak isleýärsiňmi?! Çyk ýagşyň astyna, gözleriňi ýum, ýagşyň sesine diň sal, ol ýerde seni küýsegli ýüregini elinde saklap, gözýaşlara ezilen biri saňa garaşýar. Ynha, ol men! Solgun Gülüň, geljegiň kejirine gidip saňa garaşýar... Sen häzirem dymýaň, menem sensiz ýene ýaz ýagşyna gujak açdym...