Ýyllaň yzy hakydamda gatapdyr, Ýatlamalar duwlanypdyr düýnüme. Meň geljege örän gidesim gelýär, Geçmiş, haýyş, indi artyk güýmeme! Sahypasy täzelensin ömrümiň, Kir-kimirden, goý, päklensin kalbymam. Günler, süpür ajy ýatlamalary, Ine, ýanan ýürek seňki! - Al munam! Hawa, ýürek ýanan... Häli-häzirem Gözümi ýaşardýar hijran yzasy. Söýenligim üçin jebir çekdim men, Söýgim üçin berdi ykbal jezasyn. Aýralyga çenli çydady ýürek, A soň... Soňam çydaberdi (neýlesin?!) Ýöne bir gün güýz ýeline ykjadyp Başyndaky täp-täzeje öýmesin, Täze gelin sataşanda pete-pet, Doňup galdy... Soň uwlady ses edip... Hatda, şol gün Günem, ýelem aglady, Ýüregimiň ejirine esedip... Her güýz gelip, köne ýaram gozgaýar, Ýakan melek gelip girýär aklyma. Meň geljege örän gidesim gelýär, Geçmiş, haýyş, indi artyk saklama!