Abdyhekim GULMUHAMMEDOW

Her millet aýylsa gaflat ukudan,
Owal başlap aň-bilime zor eder.
Bilimsizlik derdi bir ýaman dertdir,
Çafyga derdi dek gözi kör eder.

Bilimsiz milletler her ne bolursa,
Ökde gelip, ýer ýüzüni alyrsa,
Mal-u dünýä, barça zady bolursa,
Ahyr bir gün öz-özüni hor eder.

Okuwdan, ýazuwdan mahrum bir iliň,
Barça pesat durar içinde biliň.
Ogurlyk, tirekkeş, kartbaz biliň,
Milletiň dirije jaýyn gör eder.

Oba hojalykda hem ykdysatda
Hiç işi başarmaz, tutmaly ýatda,
Synpy göreş, hukuk ýa başga zatda,
Derde degmez, gury özün hor eder.

Okatmak, agartmak türkmeniň ýoly,
Indi muny bilsin, türkmeniň ili,
Elinde galamy, kätmeni, pili
Mundan buýan okamana zor eder.

Köneler, Gurban93 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir