Gözleriñ garadyr özüñ owadan,
Nähili Enedir seni ÿaradan.
Güler ÿüziñ bilen meni ereden,
Seniñ bilen bir görišip bolmazmy?



Baÿ gapysyn aç diÿseler açmagyn,
Laÿ suwundan iç diÿseler içmegin.
Ÿüregiñde goÿsalarda hanjar pyçagy,
Öz ÿaryñdan geç diÿseler geçmegin.


Kyndyr gyzyl gül tapmak,
Gyzyl güle dil tapmak,
Öz söÿgüsin terk eden
Gezip ÿören tüÿs akmak.




Öñüñe geleni dälde
Ugruñda öleni söÿ,
Saña bakany dälde
Seni tapany söÿ,
Seni agladany dälde
Señ üçin aglany söÿ,
Söÿÿän diÿeni dälde
Köÿÿän diÿeni söÿ.


Bašda söÿÿän diÿip söz bermeli däl,
Söÿmeÿän gyzyña ÿüz bermeli däl,
Söÿgi-söÿgi bolsa özgermeli däl,
Etmišiñ öñünde durmaly ÿigit!

Eger-de gošgular göwnüñize ÿaran bolsa teswir ÿazmagy unutmañ :-)

Edebiýat, elis tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir