Adalat näme we näme däl diýen sorag aram-aram kän çekeleşilýär. Ilki bilen adalat deňlik diýmek däl. Adalat, başga biriniň hakyny iýmän, her kimiň öz hakyna eýe çykyp bilmegidir. Adalat, her kimiň hakyny goraýyjylykdyr. He-he, ýene her kim üçin deňlik diýen ýaly boldy soňky sözlem hem. Biri çüfledimi nämemi, dilim çolaşyp duran boldy, has dogrusy klawýaturaň üstünde barmaklam çyrmaşyp, kellämiň içinde beýnim garjaşyp duran ýaly. Sözüň gysgasy, köne SSSR-iň biadyl deňlik sistemasy sosýalizmdan halas bolan halkymyzyň ýolbaşçylaryna, ýurda adalat getirip, adalatly dolandyrýandygy üçin goçoman sag bolsun aýdýaryn. Öz döwletine adalatly ýolbaşçylaryň saýlanmagyny gazanýan eziz Türkmenistan halkymyza hem mundan beýläk hem rowaçlyk dileýärin. I am serious, really thanks. Adalat bar- hemme bagtyýar. Adalat bar- ýurt galkynýar. Hakymyzdan artykmajyny islesek karam bolardy dälmi ?! Adalatdan daş düşmäliň.