Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda bolýan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. AOG-nyň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlaryndaky üstünlikler bilen gutlady. Bu bäsleşikleri ýurdumyzyň halkara sport we Olimpiýa hereketine, sebit hem-de dünýä derejesinde sporty wagyz etmek we ösdürmek işine mynasyp goşant diýip atlandyrmak bolar. Şunda, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Bitarap Türkmenistany ynamdar we örän jogapkär hyzmatdaş hökmünde görýändigi hem-de soňky ýyllarda täze üstünliklere beslenen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagy maksat edinýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýurdumyz üçin, hakykatdan-da, taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, oňyn Bitaraplyk we “açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan şu gün tamamlanýan Aziadanyň sportuň, parahatçylygyň hem-de dostluguň baýramy hökmünde oňa ähli gatnaşyjylaryň ýadynda ajaýyp waka hökmünde galmagy üçin ähli tagallalary etdi. Döwlet Baştutanymyz AOG bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, türkmen tarapynyň bu däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge düýpli ýardam bermegi maksat edinýändigini tassyklady. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçysy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň mowzugyna aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, türkmen paýtagtynda geçirilen Aziýa oýunlary bu iri bäsleşikleriň dowam edip gelýän bütin taryhynda iň giň möçberli bäsleşik boldy. Oňa Aziýa ýurtlarynyň türgenleri bilen bir hatarda, Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri hem ilkinji gezek gatnaşdylar. Aşgabat Aziadasyna dünýäniň döwletleriniň üçden birine golaýynyň gatnaşandygy hem bäsleşigiň ylalaşdyryjylyk, ynsanperwerlik maksadyny aýdyň tassyklaýar hem-de ýurdumyzyň halkara möçberinde abraýynyň barha artýandygyna şaýtlyk edýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň gatnaşandygy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy maslahatynda “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglanyşykda, myhman döwlet Baştutanymyza bu Oýunlaryň ajaýyp gurnalandygy hem-de AOG bilen hyzmatdaşlyk etmäge berýän işjeň goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde bäsleşikleri geçirmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, bu köpugurly toplumyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy hem-de myhnamsöýer Türkmenistanda Aziada gatnaşyjylaryň açyk göwünli we mähirli kabul edilmegi türgenleriň şowly çykyş etmegini şertlendirdi. Milli Liderimiziň sporty höweslendirmek, maksatlaýyn goldamak we ösdürmek boýunça başyny başlan oňyn strategiýasynyň türkmen türgenleriniň örän täsir galdyryjy üstünlikleri gazanmagyna ýardam edendigi bellenildi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ilkinji günlerinden medallary gazanmagyň umumy hasabynda öňdebaryjy orny ynamly eýelediler. Bu ajaýyp ýeňiş Bitarap Türkmenistanyň sport döwleti hökmündäki halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy. Ýurdumyzyň sport abraýyny täze belent derejelere çykardy. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekendigi hem bellärliklidir. Olaryň köpsanly wekilleri bu bäsleşik günlerinde diňe bir Aziadany gyzgyny bilen beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyz hakynda dürli mazmunly makalalary we reportažlary taýýarladylar. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dünýäniň dürli künjegindäki adamlara özleri üçin Türkmenistany, onuň şöhratly taryhyny we baý medeniýetini açmaga giň mümkinçilik berdi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçysy şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah ählumumy parahatçylygyň, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluky gatnaşyklaryň we özara düşünişmegiň möhüm bölegi bolan halkara Olimpiýa hereketiniň döredijilikli maksatlaryna, ynsanperwer taglymlaryna laýyk gelýän netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.