Şan-şöhrata beslenen geçmişli gadymy halkymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna belent buýsanç bilen “Hoş geldiň, Aziada!” diýip, bu taryhy wakany çäksiz guwanç bilen garşylady. Şeýlelikde, “Aşgabat 2017-ä” ak pata berildi. Hiç haçan ýatdan çykmajak, tolgundyryjy şatlyk-şagalaňa beslenen V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy kalplarymyza nur çaýdy. Gözel paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde buýsançly alawlaýan Olimpiýa ody şanly wakanyň açylyş dabarasyny dünýä buşlaýar. Şatlyk-şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip başlanan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bu günki günde bütin dünýä uly gyzyklanma bilen syn edýär. Sportuň milli göreş, jiu-jitsu göreşleri boýunça ilkinji bäsleşikler başlanyp, olarda türkmen türgenleri özleriniň çempion bolmaga mynasypdyklaryny dünýä äşgär etdiler. Şeýlelikde, V Aziýa oýunlarynyň birinji gününiň jemi boýunça Garaşsyz Türkmenistanymyzyň topary medallaryň 37-sine mynasyp bolup, olaryň 16-sy altyn, 14-si kümüş we 7-si bürünç medallarydyr. Türgenlerimize indiki ýaryşlarda-da uly ýeňişleri arzuw edýäris.