Şu günler gadymy türkmen halky taryhy wakanyň—Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şaýady bolýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýatdan çykmajak şatlyk-şagalaňa beslenip geçirilen “Aşgabat 2017-niň” açylyş dabarasy bu şanly wakany äleme buşlady. Bu dabara V Aziýa oýunlarynyň dünýä sportunda iňňän uly orny eýeleýändigi bilen bir wagtda şeýle iri halkara ýaryşyny sebitde ilkinji gezek özünde kabul edýän ata Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara abraýyny bütin dünýä äşgär etdi. Aýratynam, dünýäniň onlarça döwletlerinden gelen hormatly myhmanlaryň, türgenleriň, tälimçilerdir tomaşaçylaryň öňünde döwlet Baştutanymyzyň eden taryhy çykyşy uly täsir galdyrdy. “Aşgabat 2017-niň” odunyň belentde buýsançly alawlamagy bilen bu iri halkara bäsleşigine ak pata berildi. şeýlelikde, sportuň käbir görnüşleri boýunça ezber türgenlerimiz ilkinji altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolmagy başardylar. Ilkinji medallaryň bolsa türkmen türgenlerimiziň “Aşgabat 2017-de” şowly çykyşlarynyň girewi boljakdygy ikuçsuzdyr. Bizem türgenlerimizi ilkinji ýeňişleri bilen gutlap, täze üstünlikleri arzuw edýäris.