Häzirki döwürde ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak giňden ýaýbaňlandyryldy. Eziz Diýarymyzyň paýtagty ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary buýsançly wakalara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Dünýä ýüzüni dost-doganlyga çagyrýan Aziadada sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň giň gerim almagy, ylaýta-da Olimpiýa şäherçesinde ýokary derejede geçirilmegi ruhubelent halkymyzy guwandyrýar. Dünýäniň dürli ýerlerinde ýeňiş gazanyp gelýän türkmen ýaşlary, talyplary bu iri halkara ýaryşynda hem Watanymyza şöhrat getirýärler. V Aziýa oýunlarynda ýaş türgenlerimiziň altyn, kümüş, bürünç medallara eýe bolmaklary kalbymyzy joşdurýar. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmakda halkymyza görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ýaşy uzyn, döwletli işleri rowaç bolsun!