Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary gyzgalaňly dowam edýär. “Aşgabat 2017-niň” açylyş dabarasyna teleýaýlymda tomaşa etmek ýatdan çykmajak täsir galdyryp, kalplarymyza nur çaýdy. Sebäbi, kemsiz taýýarlykly gelnen bu iri halkara ýaryşy bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Baýramçylyk lybasy göreni haýrana goýýan ak şäherimiz Aşgabady şol şanly günde görmäge göz gerek, taryplamaga söz. şol günki şowhun-şagalaňy synlanyňda V Aziýa oýunlarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” atly şygarynyň doly derejede dabaralanýandygynyň şaýady bolýarsyň. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçýän ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň özüne çekiji täsin görnüşi Türkmenistanymyza buýsanjyň goşalandyrýar. “Aşgabat 2017” barada gürrüň açylanda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň hem bu iri halkara ýaryşynyň guramaçylykly geçirilmegine özboluşly goşandynyň bardygyny ýatlamak ýakymlydyr. Sebäbi talyp ýaşlarymyzyň 26-sy kemsiz taýýarlanyp, meýletinçiler bolup “Aşgabat 2017-ä” gitdiler. Olaryň bildirilen ynamy ödäp, jogapkärli çäräniň guramaçylykly geçirilmegine saldamly goşantlaryny goşjakdyklaryna ynanýarys.