Olimpiýa şäherçesinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende göterdi. V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda watandaşlarymyzy, gadyrly myhmanlarymyzy, halkara sport jemgyýetçiligini tüýs ýürekden gutlap, oýunlaryň başlanmagyna badalga berdi we Aziadanyň alawy belende galdy. Bu geçirilýän oýunlaryň birnäçesine janköýer bolup gatnaşmak bagty TDP-niň Mary şäher komitetiniň işjeňlerine, işjeň agzalaryna hem miýesser etdi. Türkmen türgenlerimiziň türkmen milli göreşinde, guşakly göreşde, tennis oýnunda, futzal oýnunda görkezen ussatlyklaryny hut öz gözüň bilen görüp synlamak has-da täsirli. Türgenlerimiziň örän ynamly orta çykyp, inçe tilsimleri ulanyp, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, altyn, kümüş, bürünç medallara eýe bolmaklary, altyn medallaryň sanynyň has-da köp bolup, Döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda ýaşyl tugumyzyň al-asmana galdyrylan pursatynda ata Watanymyza, türkmen halkymyza bolan buýsanjyň has-da artýar. şeýle derejeli döwletiň raýatydygyňa guwanýarsyň, özüňi diýseň bagtly saýýarsyň. “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen baş şygaryň astynda geçirilýän bu oýunlaryň diýseň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi bolsa, türgenleriň öz ussatlyklaryny doly görkezip bilmeklerine uly şert döredýär. Geljekki oýunlarda türkmen türgenlerine ýeňişli oýunlary arzuw edýäris. Türkmen halkynyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan içeri we daşary syýasatynda beýik rowaçlyklary arzuwlaýarys.

Köneler, Akademik tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir