V Aziýa oýunlary şu günler mermer paýtagtymyz Aşgabatda gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Bu ýaryşlarda türkmen türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri bütin halkymyzy guwandyrýar we buýsandyrýar. Merdana türgenlerimiziň üstünlikli çykyş edip, birinji orny eýeläp gelmegi türkmen sportunyň abraýynyň dünýä derejesinde has belende galýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen sportunyň abraýynyň has belende galmagyna welaýatymyzyň ezber türgenleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Welaýat sport baradaky komitetiniň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, 50-den gowrak ezber türgenlerimiz V Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, birnäçe altyn, kümüş we bürünç medallaryň eýesi boldular. 1990-njy ýylda doglan, Baýramaly şäherinden ussat türgen Zuhra Madraimowa üçin V Aziýa oýunlary has-da şowly boldy. Ol 20-nji sentýabrda sportuň guşakly göreşiniň nusgawy görnüşi boýunça 60 kilogram agramda aýallaryň arasyndaky ýaryşa gatnaşdy we 1-nji orny eýeläp, 4-nji altyn medalyny gazandy. Edil şolar ýaly hem Mary etrabynyň ýaşaýjysy, ezber türgen gyzymyz Laçyn Badaglyýewa sportuň şol görnüşinde 52 kilogram agramda garşydaşyndan üstün çykyp, özüniň 4-nji altyn medalyny gazanyp, ildeşlerimizi buýsandyrdy. Bilýard ýaryşy boýunça Mary şäheriniň ýaşaýjysy Annamämmet Annamämmedow 3-nji orny eýeläp, bürünç medaly almak bilen özüniň ussatlygyny görkezdi. Anna Dmitriýewa 87 kilogram agram bilen aýallaryň arasynda sportuň kuraş görnüşi boýunça bäsleşikde 2-nji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy. Guşakly göreşiň nusgawy görnüşi boýunça Sapa Jumaýew 55 kilogram agramda 2-nji orna, Orazmyrat Orazmyradow 70 kilogram agramda 3-nji orna, Rustam Agageldiýew 65 kilogram agramda 2-nji orna we ussat türgen Agamyrat Orazsähedow 65 kilogram agramda 1-nji orna mynasyp boldular. Ezber türgen Ýakup Meredow sportuň eýran göreşi görnüşinde 90 kilogram agramda ussatlyk görkezip, 3-nji orna mynasyp boldy. şeýle hem sportuň ýeňil atletika görnüşiniň estafeta ugry boýunça 400 metr aralygy ylgap geçmekde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde welaýatymyzyň türgeni Täjigözel Orazgeldiýewa çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldy. şu ýerde, ýene-de guwançly hem-de buýsançly zatlary ýatlamak has-da ýakymly. Ol hem welaýatymyzyň ussat tälimçileriniň birnäçesiniň dowam edýän uly ýaryşda eminlik etmegidir. Ol eminler sportuň sambo, grek- -rim, guşakly hem milli göreş we taekwondo görnüşleri boýunça eminlik edýärler. V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrýan ähli türkmen türgenlerine we welaýatymyzyň merdana türgenlerine hemişe ýeňiş gazanmaklaryny arzuw edýäris. Täze ýeňişlere tarap gadamlaryňyz batly bolsun, türkmen türgenleri!

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir