Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt baştutanlygyna gelen ilkinji günlerinden başlap ýurtda sporty ösdürmek, oňa höweslendirmek we çekmek boýunça aýratyn üns berýär. Bu bolsa ýaşlaryň sporta bolan höwesi we söýgüsi gün-günden artýar. Hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmek boýunça tagallalary esasynda biziň etrabymyzda hem täze sport mekdepleri we türgenleşik binalary guruldy. 2010-njy ýylda Halkara Olimpiýa komitetiniň Ýapyk binalarda we Söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanda geçirmek hakynda karar kabul etmegi bolsa halkara jemgyýetçiliginiň Garaşsyz hem hemişelik Bitarap döwletimize bolan uly ynamynyň şaýadydyr. V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde gurlan olimpiýa şäherçesi bolsa diňe bir ýurdumyz boýunça däl-de, eýsem bütin sebitimizde iň iri sport desgalarynyň biri bolup, bu ýerde geljekde dünýäde sport baýramçylygy hasaplanýan Olimpiadalary kabul etmäge şertler bar. Bu bolsa gelejekde ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürip türkmen tälimçilerini we türgenlerini dünýä tanatjakdygy şübhesizdir. Ine “Sagdynlyk we Ruhybelentlik” ýylynda Hormatly Arkadagymyzyň Parasatly baştutanlygynda 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda badalga berlen Ýapyk binalarda we Söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň görlüp-eşidilmedik üstünliklerini aýdyp bolýar. Bu ýaryşlarda Köýtendag etrabynyň türgenleriniň hem gatnaşyp öňdäki orunlary eýelemegi bizi has-da buýsandyrýar. Ýagny, olardan Köýtendag etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň Sambo göreşi boýunça tälimçisi, halkara derejeli sport ussady Rano Uzakowa 70 kg agramda Guşakly göreş boýunça (nusgawy)-III ýer, Erkin görnüşinden–III ýer, Alyş göreşinde (nusgawy)-II ýer we Erkin görnüşinden-II ýeri eýeläp jemi 4-medal gazandy. Taşpolatowa Roza, agzalan sport mekdebiň türgeni 60 kg agramda Guşakly göreşiň nusgawy görnüşinden III ýer, Erkin görnüşinden II-ýeri eýeläp, 2-sany medal gazandy. Taňryberdiýew Ýusup we Ahmet Türkmenistanyň 57 kg agramda Jiu-Jitsu göreşinden görkezme çykyşda III-ýeri eýelediler. Şeýle hem Taňryberdiýew Ahmet Söweş sambosynda 57 kg agramlykdа I-ýeri eýeläp altyn medal gazandy. Allaberdiýew Nedir Kuraş göreşinden 66 kg agramda II-orny eýeläp kümüş medalyny gazandy. Köýtendagly pälwanlary häzirki wagtda 1-altyn, 4-kümüş we 5 sany bürünç medallarynyň eýesi bolup jemi 10 sany medal gazandylar. Oýunlara gatnaşýan ähli türgenlerimize üstünlikler arzuw edýäris.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir