Eýran Yslam Respublikasynyň öňki geçirilen ýaryşlarda dört gezek çempion bolan futzal topary şu ýaryşyň öňdebaryjy toparlarynyň biri bolup durýar. Emma olaryň garşysyna çykjak ispan “basypalyjylary” hem öz umydyny ýitirmeýär. Ispaniýaly üç dost, ýagny Taýland ýygyndy toparynyň tälimçisi Hoze Maria Pazos Mendes, Wýetnam ýygyndy toparynyň tälimçisi Migel Rodrigo we Ýaponiýa ýygyndy toparynyň tälimçisi Bruno Hoze Garsiýa Formoso taýýarlan toparlary 23-nji sentýabrda geçiriljek çärýek final tapgyryna çykmaga hukuk gazandylar. “Pulpis” (sekizaýak) lakamy bilen belli Pazos Mendeziň taýýarlan taýlandly futzalçylar ilkinji çärýek final oýnunda eýranly garşydaşlary bilen oýnarlar. Bu oýun sagat 11:00-da Köpugurly sport toplumynda geçer. Taýlandyň ýygyndy topary “C” topardaky ahyrky duşuşygynda Ýaponiýanyň ýygyndy toparyndan 6-4 hasap bilen utulan hem bolsa, Pulpis öz türgenleriniň çempionlardan üstün çykjakdygyna ynanýar. Ol: “Eger-de şu ýaryşda Eýranyň toparyndan üstün çykyp biljek topar bar bolsa, ol hem diňe biziň toparymyz bolar. Bu maksadymyza ýetmek üçin örän ussatlyk bilen oýnarys” diýip gürrüň berdi. Soňra Pulpis: “Biziň bu oýunda öňki usullarymyzy düýbünden üýtgetmeli. Bize ajaýyp mümkinçilik berildi, şonuň üçin hem elimizden gelenini ederis” öňlerinde goýan maksadynyň nä derejede möhümdigini nygtady. Eýran 1/8 tapgyrda şu ýaryşda iň ýokary netijäni görkezmegi, ýagny 33 utuk almagy başardy we “D” toparçasynda rekord goýdy. Bruno Formosonyň taýýarlan ýaponiýaly topar hem saýlama tapgyrda diňe ýeňip gelýän topar. “C” toparynda jemi üç topar oýnaýar. Olar 23-nji sentýabrda sagat 13:00-da Iordaniýanyň topary bilen duşuşar. Erkekleriň arasyndaky futzal ýaryşynda Owganystanyň topary hemmäni haýran galdyrdy. Dünýä sanawynda 99-njy orny eýeleýän topar “B” toparynda geçirilen ähli oýunlarda ýeňiji bolup çykdy. Toparyň hüjümçisi Akbar Kazemi şu ýaryşyň iň köp gol uran oýunçysy boldy. Owganystanly Akbar garşydaşlaryň derwezesine jemi 9 gol girizdi. Bu topar sagat 16:00-da Türkmenistanyň topary bilen duşuşar. “A” toparynda geçirilen soňky oýunda Wýetnamyň toparyndan 1-0 hasap bilen utulan ýer eýeleriniň ýeke-täk çykalgasy galdy. Ol hem diňe ýeňmek. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Kýoheý Nakamura ýerli janköýerleriň şowhunly goldawyny alýan oýunçylaryny üstünlige gönükdirmegi boýnuna alýar. Toparynyň Wýetnam bilen geçiren oýnundan soňra Nakamura şeýle diýdi: “Meniň wezipäm oýunçylary ruhlandyrmak. Olar çärýek final oýnundan soňra bir gün dynç alarlar. Dynç olara diňe bedeni üçin däl-de, ruhy taýdan hem gerek bolup durýar”. Wýetnam ilkinji oýnunda Hytaý Taýpeýiň toparyndan utulan soň, ahyrky oýnunda Türkmenistanyň toparyndan üstün çykyp, “A” toparda birinji orny eýelemegi başardy. Rodrigo bolsa şenbe güni sagat 19:00-daky Özbegistanyň topary bilen duşuşygyndan öň özüni ruhubelent duýýardy: “Biz islendik topara garşy oýnamaga taýýar. Toparyň ruhunyň belentligi olaryň özüne bolan ynamyny artdyrýar”.

Köneler, Akademik tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir