Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilýän gysga aralyga ýüzmek boýunça ýaryşlaryň dört gününiň dowamynda uly-kiçi ähli tomaşaçylara öz ukyplaryny görkezmäge ýüzüjilere uly mümkinçilik berler. Olimpiýa suw toplumynda geçiriljek ýaryşda Gonkongdan jemi 26 türgen gatnaşar. Ýeri gelende aýtsak, gonkongly ýüzüjileriň topary ýaryşlar boýunça iň uly topardyr. Ondan soňra Hytaý (22 ýüzüji) hem-de Türkmenistan (18 ýüzüji) gelýär. Zenanlaryň arasynda geçiriljek ýaryşda wýetnamly Thi Anh Wiýen Nguýeniň çykyşyna tomaşa etmek has gyzykly bolsa gerek. 21 ýaşly ýüzüji zenan 2017 hem-de 2015-nji ýyllarda geçirilen Günortan-gündogar Aziýa oýunlarynyň hersinde sekiz sany altyn medaly gazanmagy başardy. Ýaş ukyply türgen geçen ýyl geçirilen Aziýa çempionatlarynda hem bir sany altyn hem-de üç sany bürünç medallary almagy başardy. 2014-nji ýylda Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda hytaýly Sun Meiçen 4 x 100m erkin ýüzüş estafetasynda altyn medalyň ýeňijisi boldy. Hytaýly Lao Lihuinyň, gonkongly Sze Hang Ýunuň, Stafani Hoi Şun Aunuň hem-de Ýwet Man Ýi Konguň hem bu ýüzüş boýunça ýaryşlarda medal gazanmaga doly mümkinçilikleri bar. 2007-nji hem-de 2009-njy ýyllarda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda Sze üç sany altyn medaly gazanmagy başardy. Şeýle-de, ol 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýaryşdy. 2006-njy ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda Sze bäş sany altyn medalyň eýesi boldy. Au bolsa, 2007-nji ýylda geçirilen oýunlarda üç sany medal aldy. Erkekleriň arasynda suwda ýüzmek boýunça ýaryşlarda taýlandly Radomýos Matjiur birnäçe milli rekordlaryň eýesi bolup gelýär. Radomýos Aşgabat 2017 oýunlarynyň ýeňijileri üçin münberinde öz mynasyp ornuny tapyp biler. Çünki, 29 ýaşly türgen ýokary derejede geçirilen ençeme ýaryşlara gatnaşan. Türkmen ýüzüjileri hem howuzdaky çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrmak isleýär. Merdan Ataýew Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň Açylyş dabarasynda türkmen baýdagyny belende galdyran türgen bolmak bilen, türkmen ýüzüji toparynyň hem öňdebaryjylarynyň biridir.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir