Türkmenistanly Ibabekir Bekdurdyýew özüniň bilýard sporty boýunça rus piramidasy boýunça erkin usulyň şahsy final ýaryşynda garşydaşyndan üstün çykmagynyň sebäbini ökde tälimçisiniň geçen türgenleşikleriniň täsiri diýip hasaplaýar. Ýeri gelende aýtsak, Ibabekiriň garşydaşy bolan Ýernar Çimbaýew ençeme wagtdan bäri onuň tälimçisi bolup gelýär. Türkmen türgeni 5-1 hasap bilen tälimçisi hem garşydaşy Ýernar Çimbaýewden bilýard sport arenasynda çarşenbe güni geçirilen ýaryşlarda üstün çykdy. “Men başdan geçirýän duýgularymy suratlandyryp hem bilmeýärin. Özümi şeýle bir bagtly duýýaryn. Bu ýaryş üçin örän köp türgenleşdim we ahyrsoňy öz maksadyma ýetdim. Bolup geçenleri gürrüň bermek maňa dogrudan-da aňsat düşmeýär. Sebäbi ýeňşiň täsirinden men heniz hem çykyp bilemok” diýmek bilen, türkmen türgeni tolgunmasyny beýan etdi. Öz tälimçisiniň häsiýetini hem-de sport tärlerini gowy bilmegiň ýeňiş gazanmakda ýardam berendigi barada Ibabekir: “Tälimçimiň utulmagyna diňe özi sebäpkär. Çünki, ol bizi günde 10 sagat yzygiderli türgenleşdirýärdi. Tälimçimiz bize bilýän usullarynyň, tärleriniň ählisini öwretdi. Indi bolsa, biz onuň ähli syrlaryny bilýäris” diýip ýylgyrýar. Tälimçi hem-de kümüş medalyň eýesi Çimbaýew bolsa, öz gezeginde utulandygyna geň galana meňzeýär. Muňa garamazdan, ol türgeniniň öwgüsini hem ýetirdi. “Muny düşündirmek örän kyn. Şol gün maňa ünsli bolmak kän başartmady. Belki-de, men juda arkaýyn bolandyryn” diýip, Çimbaýew belledi. “Men türgenlerimi soňky sapar 16-njy sentýabrda türgenleşdirdim. Şonuň üçin-de, türgenimiň menden ökde çykmagy meni geň galdyrdy. Ýaryşlardan öň men özüme örän ynamlydym hem-de özüm hem örän köp türgenleşdim. Emma, men ikinji orun alandygyma hem begenýärin. Garşydaşym hem türgenim çalt we dogry hereket etdi. Ibabekir gowy bilýardçy. Şonuň üçin-de, ol ýeňiji boldy” diýip, Ibabekiriň tälimçisi sözüni jemledi.

Köneler, Akademik tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir