Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda sport hereketi ýokary derejä ýetdi. Häzirki zaman sport toplumlarynyň onlarçasy guruldy. Aşgabat iri halkara ýaryşlaryny, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aziýa çempionatlarynyň ýygy-ýygydan geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ýene-de sanlyja wagtdan gözel paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurulan Olimpiýa şäherчесиnde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Munuň özi ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyny has-da belende göterer. Bu iri ýaryşlar ýurdumyzda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň sport ulgamynda halkara gatnaşyklar işjeňleşýär. Aşgabat şäherinde dünýä we Aziýa çempionatlarynyň geçirilmegi we ýaryşlaryň jemleri boýunça türkmenistanly türgenleriň ýygyndy toparynyň altyn, kümüş we bürünç medallaryň birnäçesine mynasyp bolmaklary ýurdumyzyň sport ulgamynyň ösüşindäki aýgytly ädimleriň biridir. Sport ulgamynda halkara gatnaşyklary barha täze üstünliklere eýe bolýar. Häzirki wagtda sporta berilýän ünsüň güýçlenýändigi bilen baglylykda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy üstünlikli dowam etdirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň sportuň belent sepgitlerine ýetmek ugrundaky tagallalarynyň oňyn netijesidir. Bu iri möçberli sport çäresi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da arşa galdyrar, çünki Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna dünýäniň 64 döwletinden türgenleriň 5 müňden gowragy sportuň 21 görnüşi boýunça güýç synanşarlar. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça sportuň türkmen göreşi we konkur görnüşleri Aziada-2017-niň maksatnamasyny girizildi. Bu bolsa biziň ata-babalarymyzdan gelýän millilik ýörelgelerimize ygrarlylygymyzy görkezýär we halkymyzyň millilik ýörelgelerini dünýä açyp görkezmeklige itergi berýär. Ajap mesgene öwrülen Aşgabat şäheriniň içinde dörän Olimpiýa şäherчеси dünýä jahankeşdeleriniň, žurnalistleriň, türgenleriň iňňan köp adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Olimpiýa şäherçesi Aziada-2017-niň geçiriljek ýeri bolmak bilen, bu ýerde sport ýaryşynyň her biр görnüşi üçin aýratyn, ýörüte niýetlenen binalar bolup, türgenleriň türgenleşik geçmekleri üçin ähli amatly şertler döredilen. Mundan başga-da bu ýerde türgenler, tälimçiler we myhmanlar üçin ýörite niýetlenen myhmanhanalar toplumyda gurulan. Olimpiýa şäherчесиnde ilkinji gezek gurlan monorels ýoly Aziýa oýunlary döwründe uly meşhurlyga eýe bolar. Monorels üç otludan ybarat bolup, olaryň her birine 70 adam ýerleşip, bir sagadyň dowamynda sygymlygy boýunça 810 adama hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. Olimpiýa şäherçesiniň iki desgasynyň birbada ýagny, Olimpiýa suw toplumynyň hem-de Aşgabat Olimpiýa stadionynda oturdylan bedewiň heýkeliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, ähli türkmen halkynyň başyny göge ýetirdi, türkmen türgenleriniň kalbynda ýeňşe bolan ynamlaryny güýçlendirdi. Aziada oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriljek Aşgabat Olimpiýa stadiony 5 gatdan ybarat bolup, ol 45 müň tomaşaçy üçin niýetlenendir. Olimpiýa şäherçesindäki ähli binalar milli äheňdäki binagärlik-gurluşyk arhitekturasy bilen aýratyn tapawutlanýar. Röwşen geljegine ynamly barýan halkymyzyň ruhubelent ýaşlary hormatly Prezidentimiziň “Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňünde belent ahlak, ene-ata, halka we tutuş adamzada bolan beýik söýgi jemlenmelidir. Siz öz ajaýyp we päk ahlagyňyz, ýokary adamkärçilik häsiýetleriňiz bilen eziz Watanymyzy dünýä tanatmalysyňyz!” diýen sözlerinden ugur alyp, saýlap alan hünärini doly öwrenip, ata Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň şöhratly däplerine, hormatly Prezidentimiziň tutan türkmen ýoluna wepalydyklaryny, okamaga, işlemäge höwesleriniň, röwşen geljege ynamlarynyň uludygyny, gujur-gaýratlarynyň zordugyny iş ýüzünde görkezmäge çalyşýarlar. Şeýle eşretli zamanany halkyna bagş edip, ýaşlar baradaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda goýýan, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ak mekdeplerde oňat okap bilim almaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn sazlaşykly ösüp kemala gelmekleri, sport bilen meşgullanyp, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, wagtlaryny manyly we peýdaly geçirmekleri, yhlasly, tutanýerli we önjeýli zähmet çekmekleri üçin ählitaraplaýyn giň mümkinçilikleri döredip berýän, ýurdumyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmekde alyp barýan tutumly işlerinde rowaçlyklar arzuw edýärin. Amanow Rejepgeldi TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň işjeň agzasy

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir