2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Kuweýtde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda gol çekilen resminama laýyklykda, Türkmenistan iri halkara sport ýaryşyny — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny öz paýtagtynda geçirmek hukugyna eýe boldy. 2013-nji ýylyň 6-njy iýulynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy Koreýanyň Inçhon şäherinden Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkyň saglygyny berkitmek ugrundaky uzak geljegi nazarlaýan sport özgertmeleriniň netijesi bolan bu wakalar ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyna, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan ägirt uly üstünlikleriň halkara derejesinde ykrar edilendigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz V Aziýa oýunlarynyň Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, tutuş dünýäniň halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşjakdygyna berk ynanýarys» diýip belläp geçmegi, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary astynda geçiriljek halkara ýaryşyna ählitaraplaýyn taýýarlyk işleriniň işjeň alnyp barylmagyny talap edýär. Şu jähetden Aşgabat Aziadasynyň maddy hem hukuk binýatlary döredildi. Olimpiýa şäherjigi barada agzaman, Aşgabat Aziadasyna görülýän taýýarlyk barada gürrüň etmek mümkin däl. 30-dan gowrak dürli desgalary öz içine alyp, 157 gektar meýdany eýeleýän bu köpugurly sport toplumynyň düýbi milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda tutuldy. Toplumda işler 3 tapgyrda alnyp baryldy. Häzir ilkinji iki tapgyr doly tamamlanyp, jemleýji tapgyryň işleri-de gyzgalaňly dowam etdirilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, bu taslamany durmuşa geçirmäge 5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde serişde gönükdirildi. Aziada — 2017-ä hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Bu möhüm halkara çäresini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň döredilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. «Meýletinçiler hakynda» we «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi Aşgabat Aziadasynyň kämil hukuk binýadynyň döredilendigine şaýatlyk edýän subutnamalardyr. Onda meýletinçiligiň hukuk esaslary, esasy ýörelgeleri, wezipeleri we döwlet tarapyndan goldamagyň çäreleri kesgitlenilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda iri sport ýaryşlary üçin meýletinçileri taýýarlamak we olary okatmak işleri güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Bu işleriň esasy maksady Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin daşary ýurtly wekiliýetlere hem-de myhmanlara hyzmat etmäge ukyply we höwesli meýletinçileri taýýarlamakdan, şeýle-de Türkmenistanda meýletinçilik ýörelgelerini öňe sürmekden we meýletinçiler merkezleriniň işini utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin bu hereket meýletinçilik işiniň hukuk binýadyny üpjün etmek, gerek bolan maglumat tehnologiýalar infrastrukturasyny döretmek we ornaşdyrmak, meýletinçileriň daşary ýurt dillerinde gürlemek başarnyklaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeleri öňde goýýar. Olaryň hemmesi anyk çemeleşmeleri talap edýär. Şu işlerde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döredilen meýletinçileri ýetişdirýän okuw merkezleriniň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanýan meýletinçilere daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, sportuň dürli görnüşleri, olaryň düzgünleri boýunça hem sapaklar geçilýär. Bu işleriň ählisi V Aziýa oýunlarynda türkmen meýletinçileriniň özlerini ussat hünärmenler hökmünde görkezjekdigine uly ynam döredýär. Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu sport baýramçylygynyň has giň gerime eýe boljakdygynyň buşlukçylary bolan birnäçe wakalar bolup geçdi. Mysal getirip aýdanymyzda, 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Şunuň esasynda-da Aşgabat Aziadasyna jemi 62 döwletden, şol sanda Aziýa sebitine girýän 45 döwletden hem-de Awstraliýa we Okeaniýa sebitine degişli 17 döwletden, takmynan, 6000-e golaý türgeniň, 1545 tehniki jogapkärleriň, 2300 metbugat wekiliniň, Aziýa Olimpiýa Geňeşi tarapyndan 1500 wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir