Eziz Diýarymyzda soňky döwürler telekeçiligiň dürli ugurlary uly depginde ösýär. Import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň öndürilşini artdyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, bäsleşige ukuply harytlar bilen üpjin etmek işleri durmuşa geçirilýar. Türkmenistanda bu pudagyň uly depginde ösýändigini 10 ýyl mundan öňdäki ýagdaýlar bilen häzirki döwür deňeşdirilende akyl ýetirse bolýar ýagny häzirki wagtda bazarlara, dükanlara, söwda merkezlerine baran wagtymyz doly göz ýetirýäris. Şeýle-de telekeçilik pudagynyň uly deginde ösmeginde Döwlet goldawynyň orny diýseň uludyr. Sebäbi ýurdumyz dünýäde telekeçilik pudagynyň ösmegine uly ýardamlary berýän döwletleriniň biri hökmünde özüni tanadan. Munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hökmünde Watanymyzda telekeçilere düşýän döwlet pajyny belläp bolar. Ýagny häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçilige düşýän döwlet pajy 2 % bolup, bu görkeziji dünýäde iň kiçi görkezijileriň biri hökmünde hasaba alnandyr. Şu nukdaýnazardan telekeçilerimiz hem dürli ulgamlarda ykdysadyýetimiziň ösmegine özleriniň uly goşantlaryny goşýarlar. Munuň üçin ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň ösmegine uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny Beýik biribardan dileg edeliň!

Köneler, TDUayka tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir