Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak barada degişli karara gol çekdi. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “John Deere International GmbH”, Germaniýa Federatiw respublikasynyň "Umax Trade GmbH" kompaniýalary hem-de Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen oba hojalyk tehnikalarynyň uly tapgyryny satyn almak barada şertnamalar baglaşyldy. Baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyza daýhanyň daýanjy bolan oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegi şu günki günler hem dowam edýär. Şu wagt ýurdumyza 200 sany “John Deere 9970” kysymly pagta ýygýan kombaýnlar, şu ýyl gelmeli 500 sany Özbegistan Respublikasynyň önümi bolan “MХ-1,8” kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryndan 450 sanysy gelip gowuşdy. Ýakyn günlerde galan 50-siniň gelmegine garaşylýar. 2018-nji yýlyň pagta ýygymy möwsümine hem “John Deere 9970” kysymly pagta ýygýan kombaýnlar yndan 200-si, “MХ-1,8” kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryndan 500-si Türkmenistana getiriler. Özbegistan Respublikasynyň önümi bolan “MХ-1,8” kysymly pagta ýygýan kombaýnlary “CLAAS” kompaniýasynyň “AXOS 340 CX” kysymly köpugurly traktorlaryna goşup ulanmaklyk göz öňünde tutulýar. Şu kysymly traktorlardan 2017-nji ýylda 500 sanysynyň gelmegine garaşylýar. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň garamagyndaky kärhanalarynda öňden bar bolan 248 sany döwre bap, ýokary öndürijilikli, öňde baryjy tehnologiýalar arkaly öndürilen pagta ýygýan kombaýnlar babadaýhanlarymyzyň ýetişdiren pagta hasylyny öz wagtynda ýygmakda uly ýardam berer. Şeýle hem pagtany ýygnamakda ulanylýan adam güýjiniň azalmagyna getirer.

Köneler, Ishli tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir