Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-Watanymyz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sportda uly üstünlikler gazanmak bilen bedew bady bilen öňe barýar. Ösüşlere, özgerişlere beslenýän ýurdumyzda sport ulgamyny we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz 2017-nji ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip yglan etmek bilen: “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň güllemegini, halkymyzyň bolelin we ruhubelent durmuşda ýaşamagyny, maşgala ojaklarynyň abadanlygyny, her bir adamyň durmuşda öz ornuny tapmagyny, jemgyýete peýdaly zähmet çekmegini, zähmetiň hözirini görmegini üpjün etmek baş borjumyzdyr” diýip belleýär. Olimpiýa şäherjiginiň we welaýatlarda döwrebap stadionlaryň, ýurdumyzda dünýä ülňelerine laýyk gelýän saglygy goraraýyş desgalarynyň, şypahanalaryň, sport merkezleriniň we mekdepleriniň gurulmagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çalt depginlerde durmuşa giňden ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň sport hereketiniň öňüni çekip we onuň ählihalk häsiýetine eýe bolmagyny üpjün edip, öz göreldesi bilen diňe bir beden taýdan sagdynlygy we ýokary netijeleri gazanmaga däl, eýsem, şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine çagyrýar.Diýarymyzy sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Her welaýatlarda stadionlar sport mekdepleri, Aşgabat şäherinde buzly köşk, gyşky oýunlar sport toplumy, küşt we şaşka merkezi we beýleki sport desgalarynyň ençemesi bar. Ýurdumyzyň baş şäherinde Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy eziz Watanymyzyň täze belentliklere we dünýä gazananlaryna tarap okguly hereketiniň beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolmagy, ýurdumyzyň we döwlet baştutanymyzyň ägirt uly abraýynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz her ýylyň aprel aýyny “Türkmenistan- sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly sport bäsleşiklerini geçirmek baradaky taryhy Karary sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir