Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow “Türkmenistan Aziada 2017-ä aýratyn ähmiýet berýär hem-de ony mynasyp garşylamak üçin ähli zerur çäreleri görýär” diýip aýratyn belleýär. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde mähriban Diýarymyzda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň binagärlik ussatlygyndan habar berýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bezeg işlerinde millilige ýugrulan Olimpiýa şäherjigi Aşgabadyň iň bir bir gözel we amatly ýerinde ýerleşýär. Spotuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek Aziada 2017-ä dünýäniň 64 döwletinden geljek türgenler, eminler, janköýerler şanly wakanyň şaýady bolarlar. Aziada 2017-niň paýtagtymyzda geçirilmegi türgenlerimiziň diňe bir ýurdumyzdaky ýaryşlara däl-de, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara sport bäsleşiklerinde hem oňat netije görkezmeklerine uly itergi berýär. Aziada 2017-niň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň mysaly hökmünde Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Oýunlaryň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny görkezmek bolar. Aziýa oýunlarynyň guramaçylykly geçirilmegine ýardam berjek meýletinçileriň tejribelerini artdyrmak üçin okuw sapaklary geçirilýär, iri halkara sport baýramçylyklaryna gatnaşdyrylýar. Alnyp barylýan bu işler teleýaýlymlarda we metbugat sahypalarynda hem giňden öz beýanyny tapýar. Ýaşlarymyzyň aň düşünjeli beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri döwletimiziň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlary ýurdumyzyň durmuşyndan ýatdan çykmajak waka boljak. Geçip duran sekuntlar, minutlar, sagatlar we günler bizi taryhy Oýunlaryň başlanmagyna barha ýakynlaşdyrýar

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir