“Biziň borjumyz we ilkinji nobatdaky wezipämiz sport we olimpiýa hereketini höweslendirmekden, ony ösdürmekden, oňa ýaşlary işjeň çekmekden, türkmenistanlylaryň bedenterbiýe bilen has irki döwürlerden başlap meşgullanmaklaryny üpjün etmekden ybaratdyr” diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejelere ýetirmek maksady bilen amala aşyrýan işleri, döredýän şertleri eziz Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna, halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwürdi. Türkmen paýtagtynda taryhy wakalaryň biri boljak iri halkara ýaryşy bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galdy. Bu gün ýurdumyzda halkymyzyň hakydasyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly waka Aziada 2017-niň alawlaýan odunyň ýakylyş dabarasy bellenilýär. Bu dabara Hormatly Prezidentimiziň göni ýaýlym arkaly tomaşa etmegi esasynda Mary welaýatynda geçirilýär. Şeýle şanly waka mynasybetli ýurdumyzda aýdym-saza, sport ýaryşlaryna ýugrulan baýramçylyk dabaralary bellenilýär. Ýene sanlyja günlerden türkmen halkymyzyň uly höwes bilen garaşýan sagdynlygy, ruhubelentligi, dostlugy öňe sürýän Aziada 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy Olimpiýa şäherjigini uly şatlyk-şowhuna besläp uludan toýlanylar. Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir