MENIÑ DÜNÝÄM ▶ MÄHRIBANLARYM Sen meniñ başdaşym Ilkinji söýgim Sen meniñ syrdaşym Elýetmez duýgym Sen meniñ gamdaşym Tükenmez gaýgym Sen dünýäniñ añry ujunda bolsañam Men dünýäniñ bäri ujunda bolsamam Senden umydymy üzüp bilmerin Sendedir ýüregmiñ ýarpy parçasy Ol parça teniñde tene öwrülip Ýaşap ýörkä çepiksije göwräñde Men söýerin seni, Söýerin mydam Garaşaryn saña Arman-ýadaman. Emma häzir kalbyñ karar tapmasa Ýa iýesiñ gelse mähriban käbäñ Mährine ýuguryp bişiren nanyn Gäwürleñ tagamsyz kefirin içip Drožly dohadan kanagat tapman Öz-özüñ aglañda, Kösense janyñ Syzlar meniñ dert-hasratdan gert bolup Mal ýatagnyñ ençe wagt aýrylman Siýdik siñip giden goñras dersine meñzeş sadyr atyp ýatan ýüregim. Her gideñde Aýralyga gan aglap, Her geleñde Unudyp bar derdimi Diýsem-de: "Hoş-sapa geldiñ geregim!" Indi ne gidenñe Ne-de gelenñe Parh etmerin, Çünki soñky wagtlar Göwnüm atyñ gulagy deý bolupdyr. Öz göwrämde galan ýarpy ýüregim Gaýnadylan ergin muma batyrlyp Hem-de ak biýz mata oralyp mäkäm Piramidañ ortasynda goýulan Fyrgun ýaly birçak ölüp gidipdir. Şonuñ üçin her gezekki bolşumyñ Tersine hereket etmekçi indi Sen menden aýrylyp Magryba gitseñ Men Maşryga sary gitmekçi indi. Git! Mara git Lebaba git Balha git! Töwrize git Gazmine git Parhy ýok! Guşluk Stambulda bir bardak çay iç Giçlik Andalusda şamlygñy edin. Günüñ ýaşýan çagy şapagy synlap Gezim eýle Ak deñiziñ kenaryn Eger-eger pikriñe-de girmesin Meniñ munda ýoklugym ýa barlygym. Git! Gitseñ gidiber Ýalbarar öýtme! Hor etmeseñ bolýar jigerbendimi. Bir towakgam: hergiz onuñ ýanynda Ýagşydan, ýamandan diliñ ýaraýma Gatañsy gursagmy torfa öwürip Gemre baglap giden dertlerim hakda Diñe öwret, Gulagyna guýup dur! Ömrüni meñzetme meniñ ömrüme Üç günlük dünýäde çekmesin arman Diñe başyn egsin Allañ emrine Diñe namazlykda epsin dyzyny Ýaşasa-da ata mährini görmän Gömmesin dirikäm goýan yzymy... Sen meniñ başdaşym Gunçam, bägülim. Ol meniñ nyşanym Söýgüli oglum. Siz meniñ ömrümiñ hamyrmaýasy Mähribanlarym... © Has TÜRKMEN.

Köneler, Jeksparro tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir