▶ DAŞBAGYR Şol öñki aýralyk. Şol öñki söýgi. Öñki tanyş sözler. Şol öñki ýüzler. Şo-ol yzda süýrelip gezip ýörmeklik... Çytyksy baýyrlar. Şol tukat düzler... Dek ýañy öýlänçiñ astynda galyp, Onki süññüm bilen süllümbaý bolan Gujury ýagyşyñ suwuna eräp Ysgyny ýuwulan göwrämi süýräp Çytyksy baýyrlañ, Tukat düzleriñ Gussasyn paýlaşyp, Syrym açmaga Gidip barýan göge dikip gözümi Soñy gelmez oý-pikire bogulyp Terk edilen, Ýalñyzlyga dözülen Ýarpy hem-de ýanyp gara-ört bolan Ýüregimi gurruk guýa atmaga... Soñra haýyr gelmese-de, gelse-de, Gabagmy galdyryp täze durmuşa Meýil etmesem senden başga Gözele Açmasam ömrümde täze sahypa Hem-de seniñ adyñ bilen başlanan Sahypaña ýüpsüz örklenip galsam Razy bolmasam-da takdyr-ezele Ikiýüzli dünýä, Haram ölmüşe Gargynsam sen beri aýyp etmegin Nälet okap ýedi gezek daşlanan Aramyzy bozmaklykdan keýp alýan Çokga sakgal, geçisypat Iblise... "Näletleme rakyplary, Ýok bolsun! Gaýta öz saglygyñ dile Hudaýdan..." - diýseñ-de, Raýyñy ýykasym gelmän Buýtar-suýtar edýän, Ýüzüñ öwrülse Duşmana gaýtawul bermekçi bolýan... Çünki dogry düşün, Haçanam bolsa Aramyza düşse rakybyñ eli Aramyza düşse rakybyñ dili Ýañy gowşanmyzda bir-birimize Ýene meni Maşryk sary sürseler Ýeni seni gönderseler Magryba. Ýogsa-da biz, ýalñyşdykmy ikilenç Ýa agyr bolýasmy bu ýeñil dünýä Diýip, özümizi terezä goýup Ölçälimi ömrümiziñ agramyn?!. Gizlälimi ýene käbir syrlary... Eýgertmändim şereññize, göribe Söýüpdim, Her zaman, Seni her ýerde! Tekiz ýolda badak atyp aýaga Büdretseler, Syrtdan pyçak ursalar Şasenemi köp görseler Garyba... Kim çydardy?! Bolsa biziñ ýermize Besdir! Herki zadyñ çen-çaky ýagşy Ajy aýralygyñ berýän yzasy Süññüme ornaşdy, Ýetdi süýege... Men bir zada haýran galýan kämahal Munça dertler, Bu dökülen gözýaşlar Bilip-bilmän eden säwliklermiziñ Hasabyny berk ýöredýän Hudaýyñ Sapak bolsun diýip gelejegmize Sañamy ýa maña berýän jezasy?!. Eýse başga näme pikir edeýin?! Takdyryñ elimi-aýagmy baglap Hristosy butparazlañ öñünde Ölsün diýip haça çüýleýşi ýaly Meni germesatan edip goýuşy... Sen onda çäresiz gözýaş dökeñde Men munda hijrana bagrymy daglap Sypjagam bolmaryn dañlan ýerimden Kelemämi öwürýän deý mydyrdap Garasy bulaşan bäbenegimi Bir eýlä, Bir beýlä agdaryp tapsyz Unutjak bolaryn senli günleri... Ýeri, unutdymam diýeli, Ýöne; Wyždanymy taşlap, nirä gideýin?! Alajym ýitirip herýan bakamda Ýa seni göresim gelende ýene Ýa meni göresiñ gelende ýene Kime arz edeli, Kim diñlär bizi?. Ýa gara gan öýüp tokga daş bolan Bagrymyzyñ depesinden ot ýaly Gaýnap duran ajy gözýaş inderip Ýaşalymy gussalara gark bolup?!. Ýuwdup munça hunabany (öt ýaly) Haçana çenli mert bolarys, Aýtsana! Gözüñ açyp seret, Bir Hakykata: Muny boýun almasañ-da, alsañ-da Allañ edeni bor, Näçe merk alyp Otly kesew sokulan deý ardyndan Guduz açsalar-da dünýäñ bar iti Hak öz penasynda saklasa bizi Goltugymyñ gusul alanda syrylyp Zibile taşlanan haram gylynyñ Ýerin üýtgetmäge güýçleri çatmaz. Kaýsyñ demi düşen Mejnun dagynyñ Serinden ümüri, dumany gitmez... Sidre sährasynda daşa ýazylyp Kalbymyza başagaç deý dikilen Söýgimize kimsäñ zyýany ýetmez! © Has TÜRKMEN.