Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barha ýakynlaýar. Bu iri sport baýramyna il-ulsumyz sabyrsyzlyk bilen garaşýar we ýokary depginler bilen taýýarlyk görýär. Bu halkara çäresini guramaçylykly geçirmek maksady bilen 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet döredildi. Islendik iri ýaryşlaryň guramaçylykly geçmeginde meýletinçilere hem uly orun degişlidir. 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda “Meýletinçiler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanun meýletinçiligiň hukuk esaslaryny belleýär, meýletinçilik işiniň esasy ýörelgelerini we görnüşlerini, maksatlaryny we wezipelerini, bu işi amala aşyrmagyň görnüşlerini we tertibini, şeýle hem meýletinçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň çärelerini kesgitleýär. Aşgabat şäherinde 2017--nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegi babatynda parahat Institutlarda “Meýletinçiler merkezi” hereket edýär. Talyp ýaşlardan seçilip alnyp,ýörite döredilen meýletinçiler topary bolsa oýunlara aýratyn taýýarlyk görýär.Olar üçin dil taýýarlygy boýunça ýörite sapaklar geçilip,dürli bäsleşik çäreleri guralýar. V Aziýa oýunlaryna geljek sport wekilýetlerine we myhmanlara hyzmat etmäge ukyply boljak meýletinçileriň onlarçasy iňlis dili boýunça okuwlar geçilýär. Meýletinçileriň Aziada-2017-ä yhlas bilen taýýarlyk görmekleri, olaryň bu iri halkara ýaryşyny ýokary derejede garşylajakdygyna güwä geçýär. Meýletinçi talyplaryň Aziýa oýunlary boýunça hemmetaraplaýyn bilimlerini çuňlaşdyrmak we sözleýiş endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen iňlis dilinde “Biz Aziada-2017 barýarys”, “Aziada-2017—ýürekleriň buýsanjy”, “Aziada-2017 sagdynlygyň we ruhubelentligiň binýady” ýaly birnäçe bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Bäsleşiklere dil taýýarlygyny geçýän ähli meýletinçi talyplar we olary taýýarlaýan mugallymlar gatnaşýarlar. Bäsleşigiň şertleriniň esasynda meýletinçi toparlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhy, resmi nyşanlary, Aziada -2017-ä gatnaşýan döwletler, Olimpiýa şäherçesiniň sport binalary, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri barada dürli soraglara jogap berýärler.

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir