Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşan türgenlerimize Aziýanyň çempiony diýen belent atlaryň berilmegi türkmen halkyny diýseň begendirdi. Geliň, bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýeňijilerimiziň ýürek buýsanjyny diňläliň. Muhammet KÖSSEKOW, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, altyn medalyň eýesi: -Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatyna 68 kilogramm agramda gatnaşyp, altyn medala, şeýle-de Aziýanyň çempiony diýen ada mynasyp boldum. Bu çempionatda Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen türgenler bilen bäsleşdim. Ýaryş diýseň çekeleşikli geçdi. Bu halkara ýaryşa dünýäniň 29 döwletinden gelen ezber türgenler gatnaşdylar. Ýaryşyň dowamynda biz olar bilen pikir alyşdyk. Olaryň biziň ýurdumyzda geçirilen sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşandyklaryny şeýle-de türkmen halkynyň myhmansöýerligi hakynda aýtmaklary meni has-da buýsandyrdy. Ýene bir buýsandyran zatlaryň biri, bu halkara ýaryşa öz jigim Kössek Kössekow ham gatnaşyp, kümüş medala mynasyp boldy. Biziň bu ýeňşimiz maşgalamyzy diýseň begendirdi. 2014-nji ýylda Özbegistanda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala, 2015-nji ýylda Germaniýa döwletinde geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldum. Geçen ýyl ýurdumyzda geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda hem altyn medal gazandym. Nesip bolsa, sanlyja aýdan ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna öz gujur-gaýratymy gaýgyrman taýýarlanaryn. Türkmen türgenlerine şular ýaly halkara ýaryşlara gatnaşmak bagtyny eçilen Hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys! Solmaz BOZAGANOWA, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby, kümüş medalyň eýesi: -Men ilkinji gezek daşary ýurtda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyp, kümüş medala mynasyp boldum. Bu ýeňşim sporta bolan söýgimi has-da artdyrdy. Hormat münberine münen pursadym gözlerimden begençli ýaşlarym syryganyny hem duýmandyryn. Şol wagt ýaryşa gaýtmazymdan öň ejemiň maňa: “Gyzym, ýeňiş gazanmak üçin ilki bilen özüňe ynam bolmaly” diýen sözleri gulagymda ýaňlandy. Özüňe ynamyň bolsa, ýeňşiň mydama seňki boljakdygyna göz ýetirdim. Boýnuma medal dakanlarynda diýseň tolgundym. Geljekde şeýle halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyna öz goşandymy goşaryn. Gazanan ýeňşim ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmäge ruhy itergi berýär. Meni bu halkara ýaryşa taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Nurýagdy Mämmedowdyr. Biz – türgenlere şeýle iri ýaryşlara gatnaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir