Gözellige beslenen toý lybasly paýtagtymyz her bir ýürekde söýgi döredýär, gaýtalanmajak gözelligi, gül görki bilen görenleri haýran galdyrýar. Aziada – 2017 Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň iň şanly hem şatlykly wakasy bolup, täze döwrümize aýratyn bezeg berer. Halkara sport baýramçylygyny barha golaýlaşdyrýan bu nurana günleriň her biri bagt şuglasyny saçýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ösýän, özgerýän abadan ýurdumyzyň ýaşlary üçin bu ajaýyp günler egsilmez şatlyga hem buýsanja beslenýär. Aziada – 2017-ä meýletinçi bolup gatnaşmak bagtynyň miýesser edýändigine diýseň begenýärin. Şeýle bagta eýe bolan ýaşlarymyz üçin halkara sport baýramçylygynyň geçjek günleri hiç haçan unudylmajak gözel pursatlara öwrüler. Sport ýaşlyk joşgunyny, onuň egsilmeýän ruhy güýjüni özünde jemleýär. Ýurduň geljegi bolsa ýaşlara bagly. Öz geljegi, onuň beden taýdan sagdynlygy, ruhy-ahlak tämizligi hakynda alada edýän halk bagtlydyr, geljege synmaz ynamly ýurt bolsa, kuwwatlydyr. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugta esasda amala aşyrylmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň giň gerimde ösdürilmegi barada uly alada edýär. Aziada – 2017 bolsa, ýurdumyzyň barha kuwwatlanýandygynyň, döwletimizde sportuň ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Bagtdan nur alýan gözel döwrümizde okamaga, saýlap alan hünäriňe eýe bolmaga, zehin-başarnygyňy ýüze çykarmaga giň mümkinçilikleri döredýän, egsilmez eşretleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Ejegyz SAPAROWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir