Ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda hem halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi sport ulgamyndaky milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi babatynda çözgüt onuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyz boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek V Aziýa oýunlaryna geljek sport wekilýetlerine we myhmanlara hyzmat etmäge ukyply meýletin ýardamçylary taýýarlamak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Meýletinçiler sport çärelerini guramakda möhüm orunlaryň birini eýeleýärler. Umuman, meýletinçilik işi jemgyýete, döwlete we meýletinçileriň özüne peýda getirýärler. Meýletinçiler iş ýüzünde öz ukyp başarnyklaryny, şahsy aýratynlyklaryny ösdürýärler. Meýletinçiler daşary ýurtlaryň raýatlary bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýärler. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol meýletinçilik işiniň esasy ýörelgelerini, görnüşlerini we tertibini kesgitleýär. Meýletinçiden daşary ýurt dillerini bilmek we ýokary ussatlyk talap edilýär. Meýletinçi diňe gepleşik endiklerini däl-de, eýsem zerur bolan halatynda ýurduň gözel ýerleri barada gürrüň berip, myhmanlary gyzyklandyrýan sowallara jogap berip bilmelidir. Olaryň işi myhmanlarda şäher, ýurt, halk, onuň mentaliteti, medeniýeti, edim-gylymlary, taryhy barada umumy oňyn täsiriň döremegine ýardam etmekdir. Çäreler mahaly guramaçylygy saklamak hem meýletinçileriň gymmatly aýratynlyklary bolup durýar. V Aziýa oýunlaryna meýletinçileri taýýarlamak maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurt dillerini öwredýän ýörite okuwlar hem ýola goýuldy. Bu hem, şeýle abraýly halkara ýaryşyny geçirmekligiň meselesine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň meýletinçiler wekiliýeti 2014-nji ýylyň 12-25-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde geçirilen Ýetginjekleriň arasynda II Olimpiýa oýunlaryna, 2014-nji ýylyň sentýabr-dekabr aýlarynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlaryna gatnaşdylar. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagyndaky 2014-nji ýylyň noýabr aýynyň 19-24-i aralygynda Aşgabatda geçirilen Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynda 130-dan gowrak meýletinçi ýokary derejeli hyzmaty bilen tapawutlandy. Şeýle hem, 2016-njy ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda sambo boýunça ulularyň, ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän meýletinçilik merkezlerinden 272 sany meýletin ýardamçylar we 2016-njy ýylyň 25-30-njy iýuny aralygynda bolsa türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän meýletinçilik merkezlerinden 281 sany meýletin ýardamçy işe çekildi we özleriniň ýokary derejeli hyzmatlaryny görkezdiler. Şeýle hem, 2016-njy ýylyň 17-19-njy iýuny aralygynda Azerbaýjan döwletiniň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Ýewropanyň “Formula-1” Grand pri ýaryşynda we Russiýa Federasiýasynyň Ýakutsk şäherinde geçirilen “Aziýanyň Çagalary” atly VI Halkara sport oýunlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän meýletinçilik merkezlerinde taýýarlanýan göreldeli meýletinçiler öz tejribelerini artdyryp geldiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem meýletinçileri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Meýletinçi talyplaryň daşary ýurt dilleri boýunça bilimlerini has-da artdyrmak üçin institutyň dünýä dilleri kafedrasy tarapyndan olar üçin ýörite okuw meýilnamasy we oňa laýyklykda iş maksatnamasy düzüldi. Institutyň meýletinçileri taýýarlaýan merkezinde talyplara daşary ýurt dilleri çuňňur öwredilýär. Institutda döredilen meýletinçiler topary üçin düzülen iş maksatnamasyna laýyklykda, meýletinçileriň hünär endiklerini kämilleşdirmek boýunça ýörite okuwlar hem gurnalýar. Şeýle hem meýletinçi talyplar Türkmenistanyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän okuwlara hem gatnaşýarlar. Institutymyzyň meýletinçi talyplary daşary ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlaryna we maslahatlaryna meýletin kömekçileri hökmünde ugradylýar. Mundan başga-da, meýletinçiler üçin türkmen-iňlis, türkmen-rus we türkmen-arap dillerinde ýörite gepleşik kitaplary, sport leksikasy boýunça sözlükler çap edildi. Bu işe hem institutyň mugallymlary ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen gepleşik sözlüklerini taýýarlaýyş topary bilen bilelikde işjeň gatnaşdylar. Institutymyzyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan meýletinçiler üçin okuw gollanmasy hem taýýarlanyldy. Ýaş nesliň sagdyn bolup ýetişmegi, sporty ösdürmäge we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Maýa Orazowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir