Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew batly ösüşler bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetde, syýasatda, ruhy durmuşymyzda barha belent sepgitlere ýetýär. Bu gün Türkmenistan dünýäde ynamly we ygtybarly hyzmatdaş, ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar. Muňa dünýäniň çar künjüne uzaýan gaz geçirijiler, demirdir gara ýollar, tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek asyrlara barabar tutumlaryňyz aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda hereket edýän dünýä derejesindäki sport desgalary, “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň” ýokary derejede geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran raýatlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaklaryna uly höwes döredýär. 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, bu çärede öz ýardamçy kömeklerini berjek 637 sany talyp oglan-gyzlarymyz meýletinçilik işine saýlanyp alyndy. Häzirki wagtda bu talyplar meýletinçileriň tälimçilik okuwlaryna gatnaşýarlar. Şeýle hem, institutyň 500-den gowrak talyp ýaşlary 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwründe ýardamçy hökmünde hyzmat etmäge gatnaşmak hem-de merjen şäherimiz Aşgabatda geçiriljek “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň” açylyş we ýapylyş dabarlarynda çykyş etmäge taýýarlanýarlar we häzirki wagtda türgenleşik işlerine gatnaşýarlar. 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli institutymyzda terbiýeçilik we medeni-köpçülik işleriniň meýilnamasyna laýyklykda çäreler giňden durmuşa geçirilýär. Institutymyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça fakultetara ýaryşlar guralýar. Şeýle hem, institutymyzyň talyplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Institutymyzda talyplaryň ahlakly, edep-ekramly, medeniýetli bolmaklaryny gazanmak maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Talyplaryň edep-terbiýesine sapaklardan daşary geçirilýän çäreleriň hem uly ähmiýeti bar. Ähli talyplar bilen institutyň ýolbaşçylarynyň, dekanlarynyň, kafedra müdirleriniň tertip-düzgüne bagyşlanan umumy ýygnaklary, şonuň ýaly-da hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen olaryň duşuşyklary ýylyň dowamynda yzygiderli geçirilip durulýar. Şeýle hem talyplaryň döwletimizde bellenilýän şanly senelere, ýurdumyzyň belli ýazyjydyr şahyrlary, alymlary, ýaşuly nesliň wekilleri bilen bolýan duşuşyklaryna işjeň çekilmegi talyplaryň tertip-düzgünine, edep-terbiýesine örän uly täsirini ýetirýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň agzybir professor-mugallymlary tarapyndan talyp ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan işler mundan beýläkde dowam etdiriler.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir