Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we oňa innowasion ykdysadyýeti kemala getirmegiň esasy şerti hökmünde garalýar. Dünýä derejesindäki ösüşlerden we özgerişlerden baş çykarýan, ykdysady ösüşiň kepili bolan ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 6 sany ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak işi alnyp barylýar. Olar Ykdysadyýet we hojalyk hukugy (hünärler: ykdysadyýet we hojalyk hukugy; maliýe hukugy; buhgalter hasaby we audit; statistika; ykdysady howpsuzlyk), Menejment (hünärler: menejment; ykdysadyýetde we dolandyryşda maglumat ulgamlary; dünýä ykdysadyýeti; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; döwlet we ýerli dolandyryş; halkara maglumat işewürligi; makroykdysadyýet), Kompýuter tehnologiýasy (hünär: awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi), Marketing (hünärler: marketing; zähmetiň ykdysadyýeti we bazary; hili dolandyrmak; ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak; harytşynaslyk we harytlaryň ekspertizasy; jemgyýetçilik iýmitini guramak; täjirçilik), Halkara işewürligi we menejment (hünärler: dünýä maliýe bazary; maliýe menejmenti), Maliýe işi we karzlar (hünärler: pul dolanyşygy we karz; gymmatly kagyzlaryň bazary; Baha kesmek işi). Institutymyzda ýokary hünär biliminiň işgärleri taýýarlamagyň iki basgançakly gurluş düzümi boýunça tölegli esasda bilim bermek boýunça işler ýola goýuldy. Okuwlaryň tölegli esasda alnyp barylmagy bazar ykdysadyýetiniň şertlerine jogap bermek bilen, talyplaryň bilim almaga bolan talaplaryny, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrýar. Şeýle hem hünärmenleriň maksatlaýyn taýýarlanmagyna, ýokary bilimiň diwersifikasiýalaşmagyna ýardam berýär. 2017/2018-nji okuw ýylynda talyplara tölegli esasda bilim bermegiň gerimini has-da giňeltmekligi nazara alyp, býujet esasynda kabul etmegiň sanyny 300 we tölegli esasda hünärmen taýýarlygyna kabul etmegiň sanyny 260, bakalawr taýýarlygyndaky kabul etmegiň sanyny 80 talyplyga kabul etmeklik meýilleşdirildi. Talyplary tölegli esasda okatmak bilen bir hatarda käbir taýýarlyk ugurlarynda okuwlary iki dilde (türkmen, iňlis) alyp barmak meýilleşdirilýär. Bu babatda degişli taýýarlyk ugurlarynyň okuw meýilnamalary işläp taýýarlanyldy. Talyplaryň dil baýlygyny artdyrmak maksady bilen ýapon we hytaý dilleri boýunça okuwlar guralýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň agzybir professor-mugallymlary tarapyndan talyp ýaşlara dünýä standartlaryna layklyka bilim bermekde alnyp barylýan işler mundan beýläkde dowam etdiriler.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir