Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew batly ösüşler bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetde, syýasatda, ruhy durmuşymyzda barha belent sepgitlere ýetýär. Bu gün Türkmenistan dünýäde ynamly we ygtybarly hyzmatdaş, ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar. Muňa dünýäniň çar künjüne uzaýan gaz geçirijiler, demirdir gara ýollar, tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek asyrlara barabar tutumlaryňyz aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda hereket edýän dünýä derejesindäki sport desgalary, “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň” ýokary derejede geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran raýatlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaklaryna uly höwes döredýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Hazyna” sport toparyndaky türgen talyplarymyz 140 sany türgen talyplardan ybarat bolup, olar sportuň 16 görnüşi boýunça taýýarlanýarlar. Olar döwlet we halkara derejesinde geçirilýan sport ýaryşlaryna gatnaşyp üstünlikli çykyş edýärler we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türgen talyplarymyzyň 23 sanysy 2017-nji ýylda Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Institutyň “Hazyna” ýygyndy toparynyň türgen talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen VIII uniwersiadanyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça jemi 15 sany baýrakly orunlary, şol sanda 6 sany 1-nji orny, 8 sany 2-nji we 1 sany 3-nji orny eýelemekligi başardylar. Şeýle hem talyp ýaşlarymyz, mugallymlarymyz institutyň çägindäki, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky uniwersiada, şonuň ýaly-da Aşgabat şäheri boýunça geçirilýän dürli ýaryşlara gatnaşyp, olaryň birnäçesinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Institutymyzyň talyplarynyň sportuň basketbol, woleýbol, gandbol, milli göreş, guşakly göreş, küşt, futzal, uly tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, taekwondo, karate ugurlary boýunça ýurdumyzyň milli we ýaşlar ýygyndy toparlarynyň düzüminde çykyş etmekleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olaryň halkara ýaryşlaryna gatnaşyp üstünliklere eýe bolmaklary Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä derejesinde sport abraýynyň mundan beýläk hem artmagyna getirer. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň agzybir professor-mugallymlary Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurduna öwürmekde alyp barýan işlerine jogap edip, ýurdumyzyň halkara derejesindäki sport abraýyny goramaga mynasyp, beden taýdan sagdyn, ylymly bilimli, Watanymyza, halkymyza, Mähriban Prezidentimize wepaly, dünýä derejesinde pikirlenip bilýän hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin mundan beýläkde mynasyp zähmet çekerler.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir