TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: - Biziň ýaşaýan döwrümiziň iň gymmatly baýlygy, iň güýçli gudraty bilimdir. Bilimsizlik – ejizlikdir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda halkyň, ýurduň ykbaly, onuň bagtyýar geljegi bilen aýrylmaz bagly bolan bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän durmuş-ykdysady syýasatynyň we ylmy taýdan esaslandyrylan Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ruhy taýdan sagdyn ösmekleri, olaryň döwrebap bilim almaklary we ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyzyň durnukly ösüşiniň binýady bolan bilim ulgamyny özgertmeklige möhüm ähmiýet berilýär. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze çagalar baglary, umumybilim berýän, başlangyç, orta we ýokary hünär bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekligi üpjün etmeklige gönükdirilen täze-täze hünärler açylýar. Talyp ýaşlaryň döredijiligini, zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy bäsleşikler, dürli ugurlar boýunça ders bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulýar. Her ýyl talyp ýaşlaryň arasynda döwlet derejesinde geçirilýän dürli ders bäsleşiklerine Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary 6 ugurdan, ýagny Ykdysadyýet (I dereje), Türkmenistanyň taryhy (II dereje), Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary (II dereje), Matematika (II dereje), Iňlis dili we edebiýaty (II dereje), Ekologiýa we daşky gurşawy goramak (II dereje) derslerinden gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Türkmen döwlet maliýe institutynyň açylan 2011-nji ýyldan başlap, 2016-njy ýyl aralygynda talyplar döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde 4 sany I ýere, 12 sany II ýere we 21 sany III ýere mynasyp bolup, diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýylda ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşige Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýaş mugallymlary we talyplary taýýarlan ylmy işleri bilen gatnaşýarlar. 2011-2017-nji ýyllar aralygynda institutyň ýaş mugallymlary we talyplary ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde 1 sany I ýeri, 2 sany II ýeri we 5 sany III ýeri eýeläp, hormatly Prezidentimiziň diplomlaryna we gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylym-bilim bilen içgin meşgullanmaklary üçin döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde talyplar ýaşlar we mugallymlar Internet arkaly geçirilýän açyk haklara ylmy işleriň bäsleşiklerine we ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we talyplary Internet arkaly geçirilen halkara ylmy işleriň bäsleşiginde 3 sany I ýeri, 6 sany II ýeri, 3 sany III ýeri, halkara ders olimpiadalarda 19 sany I ýeri, 28 sany II ýeri, 25 sany III ýeri eýelediler hem-de medallar, diplomlar, hormat hatlary bilen sylaglandylar. Ylmy we ders bäsleşikleriniň geçirilmegi talyp ýaşlaryň dünýä ylmynyň hem-de biliminiň gazananlaryny özleşdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga ýakyndan ýardam edýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, öz işine döredijilikli çemeleşýän, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata Watanymyza, mähriban halkymyza, wepaly, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan giň gerimli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir