TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: - Biziň örän möhüm wezipämiz taryhda iň iri möçberli we giň gerimli Aziýa oýunlaryny mynasyp, ýokary derejede geçirmekdir, ol özüniň «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» diýen şygarynyň doly derejede beýanyna öwrülmelidir. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri uly depginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda ilkinji gezek geçiriljek V Aziýa oýunlaryna hyzmat etjek meýletinçi ýaşlary taýýarlamak meselesine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport ulgamyny ösdürmeklige uly üns berýär. Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw jaýlarynda bolşy ýaly, Türkmen döwlet maliýe institutynda hem ýaş mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwründe daşary ýurtlardan geljek myhmanlara we türgenlere ýakyndan ýardam etjek meýletinçiler topary döredildi. Şol toparyň düzümine 11 sany ýaş mugallymlar we 173 sany talyp ýaşlar girýärler. Meýletinçilik işini talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen, institutda meýletinçiler merkezi döredildi. Tassyklanan maksatnama laýyklykda institutyň Daşary ýurt dilleri kafedrasynyň tejribeli mugallymlary meýletinçilere daşary ýurt dillerini içgin öwredýärler. Institutyň meýletinçi talyp ýaşlary döwletimiziň howandarlyk etmeginde daşary ýurtly hünärmenleriň geçirýän taýýarlyk okuwlaryna hem yzygiderli işjeň gatnaşýarlar. Mähriban Prezidentimiziň meýletinçiler üçin edýän atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna beýleki meýletinçiler bilen bilelikde institutymyzyň talyp ýaşlary hem gatnaşmaklaryna hem-de tejribe toplamaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Meýletinçi talyplar diňe bir iňlis dilinde suwara gürläp bilmegi öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak döwletleriň taryhyny, milli däp-dessurlaryny hem öwrenýärler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň döreýiş taryhyny, olaryň düzgünlerini hem içgin özleşdirýärler. Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde 2016-njy ýylda türkmen milli göreş we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty, sambo, tennis we ýeňil atletika boýunça Halkara synag ýaryşlary, Basketbol 3×3 görnüşi boýunça halkara synag ýaryşy, şeýle hem jiu-jitsu boýunça ilkinji Aziýa çempionaty geçirildi. Şol geçirilen ähli Aziýa çempionatyna, Halkara synag ýaryşlaryna biziň ýokary okuw mekdebimiziň meýletinçi talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olar dürli bölümlerde meýletinçilik işlerini amala aşyrdylar. Olardan tele-radio ýaýlymlara habar bermek we metbugat bilen işlemek, iýmit bilen üpjünçlilik, desgany dolandyrmak, maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýa, sportuň gňrnüşleri boýunça oýunlaryň meýilnamasyny düzüji we beýleki birnäçe bölümlerde özleriniň meýletinçilik işlerini alyp bardylar. Meýletinçileriň meýletinçilik iş ukybyny artdyrmak, öz borçlaryna içgin düşünmeklerini gazanmak we daşary ýurt dillerinde arassa gürlemek endiklerini ösdürmek üçin daşary ýurtlarda geçirilýän sport ýaryşlaryna ýörite saparlar guraldy. Meýletinçiler daşary ýurtlarda geçirilýän sport ýaryşlarynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen meýletinçiler bilen içgin tanşyp, olar bilen özara söhbetdeş bolup, tejribe alyşdylar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň meýletinçileri hem öz gezeginde bu saparlara yzygiderli gatnaşýarlar. Olar diňe bir şol ýurduň ýaşlary bilen dostlaşman, eýsem, ol ýurduň medeniýeti, taryhy, şeýle-de, olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyş boldular. Türkmen sportunyň at-abraýyny arşa göteren, asgdyn durmuş ýörelgesini alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir