Goja köpetdagyň gerişleri bilen ägirt uly Garagum çölüniň arasynda gül açýan gözel ýerde ýerleşýän Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ajaýyp paýtagty, özüniň ak mermere örtülen binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren gözel Aşgabat şäherimiz gün-günden gözelleşýär we barha owadanlaşýar. Gözel paýtagtymyza gelýän köp sanly myhmanlar şäherimiziň döwrebap ajaýyp binalary, Olimpiýa şäherjigini, şaýollaryň çatryklarynda gurulan köpzolakly köprüleri, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, seýilgähleri we suw çüwdürimleri synlap, Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda sanlyja ýylda emele getirilen bu jenneti gözelliklere haýran galýarlar. Soňky ýyllarda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimiz we birnäçe desgalaryň özleriniň ajaýyplygy we aýratynlygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň özi hem Aşgabat şäherimiziň barha pajarlap ösýändigine hem-de owadanlaşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sanlyja ýyllaryň içinde Merkezi Aziýanyň merjen şäherine öwrülen gözel Aşgabat şäherimiz, gurulan 543 sany binalara 42- kwadrat kilometr möçberde örtülen ak mermerleri bilen 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäde iň ak mermer örtülen şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy. Tassyklanan resminamalara laýyklykda hasaba alnan ak mermer bilen örtülen jaýlaryň umumy meýdany 4,514 million inedördil merte barabardyr. Şeýle hem biziň Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizden aşakdakylar: 2003-nji ýylda- gelin-gyzlarymyz tarapyndan dokalan dünýäde göwrümi 301 inedördil metr we agramy 1200 kg bolan ajaýyp türkmen halysy ägirt uly haly hökmünde; 2008-nji ýylda Milli muzeýimiziň öňünde goýulan, beýikligi 133 metr, ini-boýy 52,5m x 35m, agramy 420 kg bolan baýdagymyz Dünýäde Iň beýik baýdak (flagştok) hökmünde; 2010-njy ýylda – “Oguz han we ogullary” atly suw çüwdürimler toplumy özüniň 27 sany suw çüwdürimi bilen dünýäde iň uly suw çüwdürimler toplumy hökmünde; 2011- ýylda Beýikligi 211 metr bolan “Türkmenistan” teleradiogepleşikler merkezinde goýulan Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzy arhitektura taýdan dünýäde iň uly ýyldyzyň şekili hökmünde; 2012-nji ýylda umumy beýikligi 95 metr bolup, onuň üstünde daşky aýlawunyň ölçegi 57 metr deň bolan syn ediş halkasy bolan “Älem medeni dynç alyş” merkeziniň ýapyk görmüşli bu iri syn ediş halkasy dünýäde bar bolan şunuň ýaly desgalaryň iň ulysy hökmünde; 2016-njy ýylda Aşgabadyň halkara howa menzili ýokarysynda şekillendirilen 705 inedördil metr möçberdäki bezeg haly göli bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Häzirki wagtda ýokarda görkezilen binalar we paýtagtymyzyň beýleki ajaýyp ýerleri Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin iň köp barylýan gözel ýerlere öwrüldi. Hornatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: “Biziň gözel paýtagtymyz öz ajaýyp keşbi bilen bütin dünýä meşhur bolmalydyr” we şoňa laýyklykda hem Aşgabat şäherimizi dünýäniň iň uly, iň owadan we raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin iň oňaýly şäherleriň birine öwürmek baradaky ägirt uly işler batly gadamlar bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Gözel şäherimizde Aşgabadyň ýaşaýjylaryň we paýtagtymyza dürli ýurtlardan gelýän köp sanly myhmanlaryň dynç almagy we gezelenç etmekleri üçin döredilen ajaýyplyklar we täsin ýerler sanardan kändir. Olardan “Olimpiýa” şäherjigini, “Ertekiler dünýäsi” seýilgähini, Aşgabat disneýini, “Aşgabat” medeniýet we dynç-alyş seýilgähini, “Alem” medeni dynç- alyş merkezini, “Garaşsyzlyk” binasyny, Gökderäniň tebigy dag eteklerinde ýerleşen janly tebigatyň milli muzeýini, taryhy we medeni muzeýlerimizi, “Nusaý” galasyny, “Köwata” ýerasty kölüni we Köpetdagyň ajaýyplyklaryny görkezýän asma ýoly mysal hökmünde görkezmek bolar. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabat şäherinde geçirilmegi bolsa Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar raýatlary öňi bilen ýurdumyza bildirilen uly hormat hökmünde kabul edýärler. Aziýanyň iň ýokary derejeli sport ýaryşlarynyň biri bolan Aziýa oýunlarynyň geçirmek hormatyna biziň Türkmenistan Watanymyzyň mynasyp bolmagy, biziň bagtyýar raýatlarymyz üçin uly buýsançdyr we uly bagtdyr. Gözel paýtagtymyzda alynyp barylýan toplumlaýyn şähergurluşyk işleriniň netijesinde Aşgabat iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriň hataryna goşuldy we Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Aziýanyň merjen şäherine öwrülen gözel paýtagtymyzda gazanan üstünliklerimiz, ýeten beýik sepgitlerimiz bu gün halkara derejesinde doly ykrar edildi. Nesip bolsa, Aziada-2017-ä dünýä döwletlerinden geljek köp sanly belent mertebeli myhmanlar Bitarap döwletimiziň gözel paýtagty, “Ak şäherim Aşgabat” adyny alan Aşgabat şäherimizde türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik we mähremlik bilen ýokary derejede mynasyp kabul ediler we Olimpiýa oýunlary ýokary derejede geçiriler. Haktagallanyň ýalkawy bilen türkmen halkymyzyň röwşen geljeginiň we nurana ertiriniň binýadyny berkden tutýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir