Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň hatlaryndan Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň” ýurdumyzda dürli derejedäki halkara sport wakalaryna örän baý ýyl boljakdygyny tüýs ýürekden guwanýarys. Sebäbi Aşgabatda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dosluk” şygary astynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 62 ýurtdan, şol sanda Okeaniýa döwletlerinden jemi 5 müňden gowrak türgenleriň gatnaşmagyna hem-de sportyň 21 görnüşi – ýeňil atletika, suwda ýüzmek basketbol, kiçi fudbol, tennis, welosport, sport göreşi, küşt, sport tansy, agyr atletika, kikboksing, tat boksy, sambo, kuraş, guşakly göreş, jiu-jitsu, taekwondo, bouling, bilýard, türkmen milli göreşi we konkur (atçylyk sporty) boýunça çekeleşikli bäsleşiklere garaşylýar. Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki sport desgalarynyň käbirleri hakynda ýatlap geçsek, bu ýerdäki sportyň oýun görnüşleriniň toplumy Olimpiýa stadionyndan soňra ululygy boýunça ikinji orunda durýar. Ol bäş gatdan ybarat ajaýyp binadyr. Bu bina sportyň 15-den gowrak görnüşi üçin niýetlenendir. Binagärlik taýdan ajaýyp desgalaryň ýerine biri bolsa Başa – baş söweş sungaty sport toplumydyr. Onuň täsinligi bu ýerde ýaryş geçirmek üçin birnäçe düşekçäniň bolmagy we olary bir wagtda synlamak mümkinçiligi bilen baglanşyklydyr. Elbetde şunuň ýaly iri sport çäräniň geçirilmegi mynasybetli türkmen türgenleri şu günlerde ýokary depginler bilen taýýarlyk görýärler. Bu çäre mynasybetli talyp ýaşlar hem bu sport bäsleşigine türgen, tomaşaçy hem-de meýletinçiler hökmünde taýýarlykly barýarlar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda hereket edýän her bir ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary ýurdumyza geljek türgenlere, tomaşaçy myhmanlara erkin gürleşip biljek derejede meýletinçiler toparynda daşary ýurt dilleri boýunça okuwlar gurnalýar. Ýurudmyzda iň bir baýry ýokary okuw mekdebi bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň agzybir talyp ýaşlary hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Has dogrusy bu fakultetiň talyp ýaşlarynyň 143-si Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna, 55-si meýletinçiler toparynda çykyş edip, 2 talyp Togalakow Togalak türkmen göreşi we Sultanow Rahmatjan agyr atletika boýunça geçiriljek ýaryşa ýokary depginlerde taýýarlyk görýärler. Ýurdumyzyň paýtagty diňe bir sport maksatly desgalary bilen däl, eýsem arassalygy, gözelligi, gündogara mahsus bolan beýleki ajaýyp binalary bilen hem görenleri özün bendi edýär. Dünýäniň çar künjeginden gelýän myhmanlaryň bu ajaýyp, ak mermere beslenen şäherimizde guwandyryjy, ömrüniň iň bir ýatda galyjy, bagtly pursatlaryny başdan geçirýändigini göreniňde öz ata Watanyňa buýsanjyň has-da artýar. Elbetde, bu buýsançly, guwançly, çäksiz alkyş sözlerine mynasyp beýik binalardyr sport desgalary uzak geljegi nazarlaýar. Sport – bu güýjiň, gözelligiň, sagdynlygyň we ruhuň täze belentliklere tarap öňe ymtylmasynyň ýüze çykmasydyr. Sport - bu parahatçylygyň, dostlygyň we ruhubelentligiň ilçisidir. Bu setirler adamlaryň köňlünde hemişe seslenýär. Şonuň üçin ertirki güne, eşretli ýaşaýyşa, sagdyn durmuşa, ýaşaýyş – durmuşumyzyň hemişe bolelin üpjün edilmeginde taýsyz tagallalaryny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksiz.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir