Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň hatlaryndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, arhitektorçylyk-binagärlik sungat ussatlygy bilen türkmen paýtagty Aşgabat yklymyň merjen şäherleriniň birine öwrüldi. Şäheriň günbataryndaky gerişli Giňdiwar dagynyň belentliginden säher bilen gündogara nazar aýlasaňyz depesi gupbaly beýik-beýik ymaratlara, kaşaňdan göze gelüwli köşklere, ylym hem medeni ojaklaryň binalaryna gözüňiz bada-bat kaklyşar. Bu ymaratlar biri-birine geometriki simmetrikde diýseň sazlaşykly goşulyşyp, ajaýyp keşbi emele getirýär. Kuýaş tyglaryna ýalkym saçýan mermer örtükli binalaryň hatarynda Olimpiýa şäherçesiniň desgalary mähriňi çeker. Ýene-de sanlyja günlerden bu şäherçede yklymyň döwletleriniň altmyş dördüsinden alty müňe golaý türgen sportuň 22 görnüşinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlarynda özara bäsleşerler. Sagdynlygyň, dostlugyň, ruhubelentligiň girewi sport türkmenistanlylaryň adaty durmuşyna mäkäm ornaşdy, Mähriban Prezidentimiziň syýasy nazaryýetinde sport diňe bir sagdynlygyň, dostlugyň, ruhubelentligiň ygtybarly guraly hökmünde çäklendirilmän, eýsem dünýäniň döwletlerini we halklaryny sport hereketiniň üsti bilen ýakynlaşdyrmagyň, dostlaşdyrmagyň, doganlaşdyrmagyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň strategiýasyna öwrüldi. Bu daşary syýasat strategiýasy BMG-niň Sport ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine halkara býurosynyň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara toparynyň hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wezipeleriniň, maksatlarynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Milli Liderimiziň bu täze başlangyjy dünýäni bitewileşdirmegiň we döwletleri dostlaşdyrmagyň halkara tejribesinde aýratyn sahypany açýar. Syýasatda aç-açanlyk, hususan-da, dogruçyllyk gürrüňsiz oňat netijelere getirýär. Muny Milli pikirde beýan etsek bu syýasatyň “Göreş, ýaryş aç-açanlygy, ezberligi, gaýduwsyzlygy, tutanýerliligi talap edýär” diýen mana ýugrulandygyna magat göz ýetirersiňiz. Bu syýasat halkara tejribesinde täze ugry şertlendirdi. Türkmen Lideriniň sport hereketine esaslanyp ýöredýän daşary syýasat ugry dünýäde ýaşaýan her bir ynsanyň birek-birege ýakynlaşmaga bolan mümkinçilikleriniň doly derejede açylmagyna, saglygy goraýyş ulgamynda ählumumy wezipeleriň berjaý edilmegine, şahsyýetiň ruhy hem beden taýdan sazlaşykly ösüşine örän amatly şertleri döredýär. Sportda serhet bolmaýar. Ony “jahanyň ilçisi” diýip atlandyrýarlar. Biziň ýurdumyzda sport we bedenterbiýe hereketi, ozaly bilen, adamyň saglygyny öňe sürýär. Türkmenistanyň Esasy Kanuny — Konstitusiýasynda adam döwletiň baş baýlygydyr diýlip bellenendir. Ine, şu jähetden Gahryman Arkadagymyz “Saglyk” döwlet maksatnamasyny mundan 22 ýyl ozal işläp düzdi we uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli amala aşyrýar. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň talaplarynda ýurdumyzyň her bir etrabynda ýaryşlary geçirer ýaly abzallaşdyrylan stadion, sport mekdebi orta mekdepleriň ýanynda ýörite sport meýdançalary, welaýat merkezleriniň çäginde saglyk ýoly gurlup, halkyň hyzmatynda goýuldy. Sport maşklary bilen gündelik türgenleşýän raýatlarymyz saglygyny berkidýärler, çilim, nas, şeýle hem saglyga örän howply narkotik we psihotropik jisimleri ulanmakdan daşda durýarlar. Köpçülikleýin amala aşyrylýan sport türgenleşikleri ýurtda sagdyn jemgyýetiň kemala getirilmeginde bahasyna ýetilip bilinmejek gymmatlyklarda goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň saglyk syýasaty raýatlarymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmaga, jemgyýetiň ruhy hem ahlak taýdan kämilleşmegine gönükdirilendir. Parasatly ýöredilýän bu strategik ugur döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerdilýär. Döwletiň, jemgyýetiň sagdynlygy we bitewiligi raýatlaryň eşretli durmuşynyň kepili bolup durýar. Sportuň saglygyň girewilik ýörelgesi bilen ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek hormatly Prezidentimiz tarapyndan maşgala lukmançylygy girizildi. Munuň özi çaga heniz dünýä inmänkä, enäniň göwresindekä, onuň sagdyn dogulmagy gazanylýar. Çaga dünýä inenden soň onuň beden taýdan dogry ösmegi üçin medisina taýdan zerur gerek bolan enjamlar, gurallar bilen üpjün edilýär. Maşgala lukmany özüniň hyzmat edýän çägindäki hasaba alnan raýatlaryň her biriniň saglyk statusyny döredýär. Onda çaga dünýä inenden tä ömrüniň ahyryna çenli lukmançylyk hyzmatyndan alan sanjymlary, ulanylan däri-dermanlaryň sanawy, ýeňil we agyr operasiýalary geçirendigi baradaky maglumatlar toplanylýar. Şular bilen birlikde, her bir raýatyň meýletin medisina ätiýaçlandyrmasy resminamasy durmuşymyza ornaşdyryldy. Oňa eýe bolanlara medisina bejeriş hyzmaty we däri-dermanlar ýarym bahadan ýeňillikli goýberilýär. “Sport, saglyk, syýahatçylyk” diýen düşünjeler türkmenistanlylaryň jemgyýetçilik durmuşynda baş şygara öwrüldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň türkmen paýtagtynyň bijebaş edilip alynmagy biziň şu aýdanlarymyzyň gönezligidir, hamyrmaýasydyr.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir