Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň hatlaryndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany ösdürmegiň strategik maksatnamalarynyň möhüm bölegini özünde jemleýän bilim ulgamy barha döwrebaplaşdyrylyp ösdürilýär. Döwlet baştutanynyň işine girişen badyna ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmek hakyndaky resminamalara gol çekip häzirki wagtda örän uly ýaýrawy öz içine alan işleriň toplumyna ak pata bermegi hormatly Prezidentimiziň örän öňdengörüjilik bilen äden ädimidir. Hormatly Prezidentimiziň “Binýat berk bolanda, bina baky bolýar” diýen jümlesi bilen badalga berilen işler özüniň datly miwesini eçilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okatmagyň iň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokarlandyrylmagy ilki bilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň intellektual derejesini kämilleşdirmegi we dünýä ülňülerine laýyk bilim berýän sazlaşykly ulgamy kemala getirmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda halkara derejeli ders bäsleşiklerine gatnaşyp ýokary baýraklara mynasyp bolýanlarynyň sany yzygiderli artýar. Bu babatda baýry ýokary okuw mekdepleriň biri bolan Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlarymyza döwrebap bilim bermekde netijeli işler durmuşa geçirilýär.Talyp ýaşlar özleriniň bilim derejesini artdyrmakda kompýuter we internet maglumatlaryndan giňişleýin peýdalanýarlar. Olar ýurt we halkara derejesinde geçirilýän dürli dersler boýunça Internet we beýleki bäsleşiklere gatnaşyp ýokary netije gazanýarlar. Biziň uniwersitetimiziň talyp ýaşlaryndan düzülen toparlaryň arasyndan Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň talyby Hallyýew Döwletmyrat şeýle hem Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň talyby Baýramowa Ogulgerek dagylar himiýa dersi boýunça baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Bu bolsa ýurdumyzda ornaşdyrylýan bilim özgertmeleriniň aýdyň netijesi bolup, olaryň ýudumyzyň we dünýä döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň mynasyp dalaşgärleri bolmagynyň altyn girewine öwrülýär. Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Oňa Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda ilkinji gezek Okeaniýa döwletleriniň 17-sinden türgenleriň gatnaşýanlygydyr. Olar sportyň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Aziada -2017-ä taýýarlyk görmek Milli Lidermiziň hemişe üns merkezinde durýar. Häzirki wagtda bu uly halkara ýaryşa ýurdumyzda ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde halkara ýaryşlaryny, sport bäsleşiklerini geçirmek üçin zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bu oýunlaryň geçmegine ýardam bermekde uniwersitetimiziň 497sany talyplaryndan düzülen meýletinçiler topary gatnaşarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde täze döwrebap binalary şäherçe görnüşinde bina edilip, olary okatmagyň döwrebap usullaryny özünde jemleýän interaktiw-multimediýa enjamlary, lingafon otaglary, okuw studiýalary, degişli laborotoriýalar ýokary okuw mekdepleriniň okadýan ugruna degişli örän gymmatly bolan okuw otaglary we enjamlary bilen üpjün edildi. Ähli ýokary okuw mekdeplerinde öňki bar bolan kitaphananyň üsti elektron kitaphanalar bilen ýetirildi. Talyplaryň we ýaş mugallymlaryň ylmyň ymgyr dünýäsine aralaşmagy üçin bu kitaphanalaryň belli bahasy ýok. Ýurdumyzda halk hojalygynyň örän giň gerim bilen ösdürülmegi täze-täze hünärleri ele alan hünärmenleriň zerurlygyny ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhas bilen çemeleşmegi netijesinde ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi döredildi we olar hem ýörite gurlan bilim şäherçelerinde ornaşdy. Şeýle hem bu bilim ojaklarynyň talyplary barha giň gerim bilen ösdürilýän milli ykdysadyýetimizde döredilýän kärhanalarda, zawod-fabriklerde ornaşdyrylýan döwrebap enjamlara erk etjek, ýurdumyzy strategik taýdan ösdürmäge özüniň bilim-başarnygy bilen goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişerler. Döwletimizde yglan edilen bilim özgertmeleriniň baş maksady hem şu netijede jemleýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow “Bilim-bagtyýarlyk ruhubelentlik, rowaçlyk” atly kitabynda “Biziň bilim syýasatymyzyň esasy maksady ýurtda milli hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmekden ybaratdyr” diýip belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ornşdyrylan täzelikleriň milli hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny kemala getirendigini aýtmak gerek. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýä ýüzüniň deňli-derejeli ýurtlarynyň hataryna çykarmak üçin gijesini gündiz edip işleýän Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak bolsun, işleri rowaç bolsun!

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir