“Sagdynlygyň we ruhybelentligiň” ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 30 gün galdy. Bu waka mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ak şäherimiz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda nobatdaky köpçülikleýin welosipedli ýörüş, şeýle hem baýramçylyk çäreleri geçiriler. 17-nji sentýabrda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylş dabarasy mynasybetli hem paýtagtymyzda uly taýýarlyk işleri geçirilýär. Güneşli Diýarymyzda geçiriljek iri halkara sport ýaryşyna az wagtyň galmagy bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekler petek satuw nokatlarynda satuwa çykarylyp başlanyldy. Bu Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin halkara ýaryşa tomaşa etmäge we biziň türgenlerimizi goldamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ýurdumyzda geçiriljek Aziýada-2017-ä gatnaşýan meýletinçileriň ýüzlerçesi öz topar ýolbaşçylarynyň tälimçilik okuwlaryny geçýärler. Bu okuwlarda meýletinçilere oýunlar döwründe topara ýolbaşçylyk etmek üçin zerur bolan endikler we bilimler barada maglumat berilýär. “Sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk” şygaryny öňe sürýän V Aziýa oýunlary geljekde beýleki iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ýurdumyzda halkara derejesindäki türgenleri we ýygyndy toparlary taýarlamaga mümkinçilikler döredýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir