Dünýäň hasratyndan daşlaşan çagym, Birden söndi gitdi umyt çyragym. Setirlere dökülip dur pyganym, Dünýe pikir edişimden dar eken, Wah, armanym! Özge ýaryň bar eken. Arzuwymdan gaýyp gitdiň, sen meniň Gursagymy oýup gitdiň, sen meniň Hoş hyýaldan taýyp gitdim, sen meniň Asyl kalbyň yşkdan öňem gor eken, Wah, armanym! Özge ýaryň bar eken. Eräp gitdim kiçi çilläň gary deý, Üzlüp gitdim köne gyjak tary deý, Öçdüm gitdim ömürzaýaň nury deý, Nar ýaňagyň özge yşkdan nar eken, Wah, armanym! Özge ýaryň bar eken . Seni sen däl, özüm hasap eýledim, Ömrüm çoýjak közüm hasap eýledim, Garly gyşym, ýazym hasap eýledim, Özbaşyňa gyşyň, ýazyň bar eken, Wah, armanym! Özge ýaryň bar eken.

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir