Türkmen taryhy örän baý we çuññur taryh. Taryhda türkmenler dünýäniñ islendik ýerinde at dabradyp, darkaş gurup birnäçe şanly döwletleri döreden millet. Şonuñ üçin häzir islendik halkyñ taryhyna göz aýlanyñda türkmenleriñ goýup giden yzyny tapmak mümkindir. Türkmen halky özünden millet döreden milletdir. Asly türkmenlerden bolan azerbaýjanlar we türkler özleriniñ aslyny türkmene daýandyrmagy özlerine buýsanç hasaplaýarlar. Türkmen - bu oguz milletiniñ iñ arassa ganly şahasydyr. Taryhyñ öz çarhyny başga döwletlere tarap aýlap, türkmeniñ soñky asyrlarda düşen pese gaçyşlygyna we XX asyrda başymyza düşen sowet baknalygyna seredip, türkmen halkyny yza galak millet hökmünde görmek ýa-da dünýä taryhyna aktiw gatnaşmakdan çetleşdirilen hasaplajak bolýanlar bar aramyzda. Emma bu beýle däldir. Türkmen hemişe we nirä barsa-da türkmendir, türkmen dünýäniñ islendik künjeginde bolsa-da, taryh ýazyp bilýän milletdir. Türkmeniñ başy hemişe dikdir we ol özüne ynanylan wezipäni añryýany bilen başaryp bilýändir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp häzir 82 ýaşan türkmen aksakaly, otstawkadaky general-leýtenant Ilýa Weljanow barada agzap geçeliñ. Bu beýik ynsan barada eşidip, okap belki-de Minskde okap ýören türkmen talyplarynyñ ony görmegi, öwüt-ündewlerini diñlemegi üçin wagt tapjakdyklary barada umyt edýäris. * * * General-leýtenant Ilýa Weljanowiç Weljanow, 17.01.1934-nji ýylda Gyzylarbat (häzirki Serdar) şäherinde eneden dogulýar. Kiçijik Ilýanyñ çagalygy örän agyr geçýär. Ol ilki ejesini elden giderýär. Soñra kakasy stalinçi repressiýanyñ pidasy bolýar. Şeýdibem ol ýetimler öýüne tabşyrylýar. Ilýa döwletiñ elinde terbiýelenýär. 1957-nji ýylda Daşkendiñ harby uçilişesini ýokary bahalar bilen tamamlaýar. 1968-nji ýylda M.W.Frunze adyndaky harby akademiýany, 1975-nji ýylda SSSR-iñ Ýaragly Güýçleriniñ Baş ştabynyñ K.E.Woroşilow adyndaky harby akademiýasyny ýokary bahalar bilen tamamlaýar. Soñra sowet goşunynyñ hatarynda Germaniýada we Priwolžýe, Zakawkazýe, Orta Aziýa, Türkistan, Belorussiýa harby okruglarynda işleýär. 1982-nji ýylda SSSR-iñ Ýaragly Güýçleriniñ ýokary çinli serkerdeleri taýýarlaýan akademiýasyny tamamlandan soñra Wýetnam Sosialistik Respublikasynyñ Kuanin harby okrugynyñ serkerdebaşysynyñ geñeşçisi edilip Wýetnama ugradylýar we ol ýerde iki ýyl işleýär. General Weljanow 16 ýyldan gowrak wagt dürli wezipelerde sowet goşunynyñ hatarynda ak ýürek bilen gulluk edýär. Häzir ol sowet goşunyñ hatarynda, belarus goşunynyñ düzüminde gulluk eden iñ ýaşuly we iñ tejribeli adamlaryñ biri hasaplanýar. Onuñ sowet we belarus goşunynyñ düzüminde eden işleri çäksizdir. General Weljanow Çernobyl heläkçiliginiñ ýetiren zyýanlarynyñ möçberini azaltmak işlerine hem aktiw gatnaşypdyr. Onuñ Çernobyl heläkçiliginde bitiren işleri üçin oña 3-nji derejeli "За службу Родине в Вооруженных Силах СССР" medaly berilýär. 1988-nji ýylda Korea Halk Demokratik Respublikasynyñ (KHDR) Prezidentiniñ harby geñeşçisi edilip ugradylýar. KHDR-da işlän wagtlary Koreanyñ Işçiler partiýasynyñ birinji sekretary we Koreanyñ Prezidenti Kim Ir Seniñ özi hut oña birnäçe aýratyn möhüm işleri ynanýar. Ol KHDR-nyñ Ýaragly Güýçleriniñ we Uzak Gündogar harby okrugynyñ söweşjeñ üpjünçiligi boýunça ummasyz köp işleri bitirýär. Koreýadan dolanandan soñra Belarus harby okrugynyñ serkerdebaşysynyñ söweşjeñ taýýarlygy boýunça orunbasary bolup işleýär. Bir ýarym ýyldan soñra bolsa şol harby okrugyñ serkerdebaşysynyñ birinji orunbasary wezipesine bellenýär. General Weljanow 1991-nji ýylda SSSR-iñ dargamagy bilen Moskwa dolanýar we 1992-nji ýylda öz islegi bilen otstawka çykmak barada arza ýazýar. 1992-nji ýylda Türkmenistanyñ hemişelik wekili bolup GDA guramasynyñ işgärler bölüminde işläp başlaýar. 1995-nji ýylda Türkmenistanyñ Belorussiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenýär. I.Weljanow türkmen diplomatiýasynyñ abraýyny 12 ýyllap bu wezipede gorandan soñra 2007-nji ýylda hormatly dynç alyşa çykýar. G.W.Weljanow 11 sany ordeniñ kawaleridir. Şeýle hem ol Bütindünýä howpsuzlyk kompleksi akademiýasynyñ hormatly akademigi, Belarus uniwersitetiniñ hormatly professory, Döwrebap ylymlar institutynyñ professory, Belorussiýanyñ ofiserler birleşiginiñ Minsk şäher guramasynyñ wekilidir. * * * Taýýarlan: Has Türkmen Turanly.

Köneler, Jeksparro tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir