GENERAL MÄMMETGELDIÝEW Goşun generaly Agageldi Mämmetgeldiýewiç Mämmetgeldiýew, türkmen döwlet we harby işgäri. 10.09.1946-njy ýylda Aşgabat oblastynyñ Ýalawaç obasynda eneden dogulýar. 1964-nji ýylda Türkmen döwlet medisina institutyna okuwa giren A.Mämmetgeldiýew 1968-nji ýylda Saratowyñ medisina institutynda okuwyny dowam etdirýär we 1970-nji ýylda şol ýerde okuwyny tamamlaýar. Sowet goşunyñ hatarynda 1970-nji ýylda işläp başlaýar. Ilki Türkistan Harby okrugynyñ Awtomobilçiler batalýonyñ saglyk nokadynyñ baş lukmany wezipesinde işleýär. 1974-nji ýylda bir goşun bölüminiñ saglyk punktynyñ başlygy, has soñra SSSR-iñ Germaniýadaky goşun bölüminiñ zenitnyý-raketa brigadasynyñ medisina gullugynyñ başlygy wezipelerinde işleýär. 1979-njy ýylda Türkistan harby okrugynyñ (THO) garamagyndaky Pöwrize (häzirki Arçabil) sanatoriýasynyñ başlygy, 1983-nji ýylda THO-nyñ ordinatory, has soñra şol harby okrugyñ ýokanç keseller (infeksionnyý) bölüminiñ uly ordinatory wezipelerinde işleýär. 1990-njy ýylda Türkmen döwlet medisina institutynyñ harby kafedrasynyñ başlygy wezipesine bellenýär. 1994-nji ýylda A.Mämmetgeldiýew Türkmenistanyñ Goranmak ministriniñ orunbasary - Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ Üpjünçilik we tyl boýunça Baş müdirliginiñ başlygy wezipesine bellenýär, şol ýyl oña general-maýor derejesi hem berilýär. 2002-nji ýylyñ mart aýynda Türkmenistanyñ Serhet goşunlarynyñ serkerdebaşysy wezipesine bellenýär. 2003-nji ýylyñ sentýabr aýynda Türkmenistanyñ Goranmak ministri, şol bir wagtyñ özünde Türkmenistanyñ Harby institutunyñ rektory wezipelerine bellenýär, şol ýyl oña general-leýtenant derejesi berilmezden gönümel general-polkownik harby derejesi berilýär. 24.10.2004-nji ýylda Türkmenistanyñ Prezidenti tarapyndan oña goşun generaly harby derejesi berilýär. Ol şol bir wagtyñ özünde Türkmenistanyñ Döwlet Howpsuzlyk Geñeşiniñ sekretary wezipesini hem ýerine ýetirýär. 2009-njy ýylyñ ýanwar aýynda hormatly dynç alyşa (pensiýa) çykýar. Häzir Aşgabatda ýaşaýar. General A.Mämmetgeldiýew "Türkmenbaşy" ordeniniñ, SSSR-iñ we Garaşsyz Türkmenistanyñ birnäçe medallarynyñ eýesidir. * * * Taýýarlan: Has Türkmen