GENERAL GÜNDOGDYÝEW General-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýew, türkmen harby we döwlet işgäri, Türkmenistanyñ Serhet goşunlarynyñ serkerdebaşysy we Türkmen döwlet serhet gullugynyñ başlygy, Türkmenistanyñ öñki Goranmak ministri. 2009-njy ýylyñ iýul aýynda Türkmenistanyñ Goranmak ministriniñ orunbasary - TGM-niñ Ûpjünçilik we tyl boýunça baş müdirliginiñ başlygy wezipesine bellenýär. 05.11.2009-29.03.2011-nji ýyllarda Türkmenistanyñ Goranmak ministriniñ birinji orunbasary we Baş ştabyñ başlygy wezipelerinde işleýär. 2011-nji ýylyñ 29-njy martynda Türkmenistanyñ Goranmak ministri wezipesine bellenýär. 05.10.2015-01.03.2016-njy ýyllarda Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ Harby deñiz güýçleri garnizonynyñ serkerdebaşysy wezipesine bellenýär. 01.03.2016-njy ýylda Türkmenistanyñ Serhet goşunlarynyñ serkerdebaşysy - Döwlet serhet gullugynyñ başlygy wezipesine bellenýär we häzirki wagtda bu wezipede işläp gelýär. Medallary: - "Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 20 ýyllygyna" - "Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja" * * * Taýýarlan: Has Türkmen