Beýik režissýor: ALTY GARLYÝEW Alty Garlyýew, türkmen sowet aktýory, teatr we kino režissýory, dramaturg, SSSR-iñ kinomatografiýaçylar birleşiginiñ agzasy, Türkmenistan SSR-niñ Ýokary sowetiniñ we Kommunistik partiýasynyñ agzasy, SSSR-iñ Halk artisti, Stalin adyndaky 2-nji derejeli baýragyñ iki gezek eýesi. A.Garlyýew 1909-njy ýylyñ 6-njy ýanwarynda Tejen etrabynyñ Babadaýhan obasynda eneden dogulýar. 1929-njy ýylda Aşgabadyñ teatral studiýasyny, 1931-nji ýylda Azerbaýjanyñ Baku şäherindäki teatral tehnikumynyñ (häzir Azerbaýjanyñ Medeniýet we Sungat uniwersiteti) režissýorlyk bölümini okap gutarýar. Aktýorçylygy we režissýorlygy bilelikde dowam eden A.Garlyýew 1941-1953-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynyñ baş režissýory, 1956-1960-njy ýyllarda "Türkmenfilm" kinostudiýasynyñ režissýory, 1960-1963-nji ýyllarda Stalin adyndaky Türkmen drama teatrynyñ (häzir Mollanepes adyndaky talyplar teatry) direktory we baş režissýory bolýar. A.Garlyýew birnäçe pýessalaryñ, operalaryñ we librettolaryñ awtorydyr. Ol aradan çykandan soñra "Türkmenfilm" kinostudiýasyna ady dakylýar we 2007-nji ýyla çenli A.Garlyýewiñ adyny göterýär. Aşgabat şäherinde A.Garlyýewiñ ady dakylan köçe hem bar. 11.12.1973-nji ýylda Aşgabatda aradan cykýar. Aýaly Annagül Annagulyýewa (1924-2009) hem opera aýdymçysydyr we SSSR-iñ Halk artistidir. "Aýgytly ädim" kinofilmindäki Gully hanyñ we "Mukamyñ syry" kinofilmindäki Karkaranyñ kakasynyñ obrazlary bilen halkyñ añynda öçmejek yz galdyran Alty Garlyýew döreden birnäçe kinofilmleri, aýratynam Berdi Kerbabaýewiñ adybir romany esasynda düşürilen "Aýgytly ädim" kinofilmi arkaly diñe Türkmenistanda däl, tutuş öñki SSSR-iñ düzümine girýän respublikalarda hem giñden tanalýar. * * * Alan atlary we baýraklary: 1. Türkmenistan SSR-niñ Halk artisti; 2. SSSR-iñ Halk artisti (1955); 3. Stalin adyndaky baýragyñ 2-nji derejelisi (1941) - "Dursun" kinofilminde janlandyran Nurynyñ obrazy üçin (1940); 4. Stalin adyndaky baýragyñ 2-nji derejelisi (1949) - "Uzakdaky gelin" kinofilminde janlandyran Kerimiñ obrazy üçin (1948); 5. Türkmenistan SSR-niñ Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy (1966) - "Aýgytly ädim" kinofilmi üçin (1965); 6. Türkmenistan SSR-niñ Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy (1976 ý, ölüminden soñra) - "Mukamyñ syry" kinofilmi üçin (1973); 7. "Ленин" ordeni; 8. "Трудового Красного Знамени" ordeni; 9. "За доблестный труд в Великой Отечественной Войне 1941-1945 гг" medaly; 10. "B oзнаменование 100-летия со дня рождения Владимира Ильича Ленина" medaly. * * * Taýýarlan: Has Türkmen.

Köneler, Jeksparro tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir