"Haýsy möhür barlykdan has oraşan we has ajaýypdyr?!. Haýsy guýy ynsandan has garañky we has çuññurka?!. Hasrat näme, ynsan näme üçin hasrat çekýär we hasrat ynsany haýsy tarapa gönükdirýär?!. Geçmişemi, gelejegemi?!." "Möhür guýusy" ýokary uslyby we gozgaýan temasy bilen okyjyny geçmişden alyp gelejege äkidýän, emma häzirki we hemişe bolup geçýän bir döreýiş, bir ýöreýiş, bir serenjam. Ol iñ soñky Ilçiniñ çuññur görüm-göreldesiniñ, deñsiz-taýsyz sözleriniñ, özüni alyp baryşynyñ beýany we özünden öñ gelip geçen Ilçileriñ mübärek kyssasy. Şeýle hem onuñ ýanyndaky dört mährem dosty bolan, halkymyñ arasynda "Dört Çaryýarlar" diýip tanalýan wepadar ynsanlaryñ hekaýasy... Danalar we şahyrlar bilen bilelikde adam bilen baglanyşykly zatlara bolan analitiki oýlanma, aýdyñlyga we yşka bolan ymtylyş... Bu bir guýynyñ, Medinedäki "Möhür guýusynyñ" hekaýasy. Pygamberlik möhüriniñ düşen guýusy... Möhüri şondan soñ Hezreti Osmana (r.a) gaýdyp bermedik we pitne ojagyny körüklän guýy... Bu agzalalyk getiriji pitnäni ýatyrmak we möhüri suwuñ ýüzine çykarmak üçin dört sany alym saýlanyp-seçilip alynypdy. Olaryñ birinjisi toprak, ikinjisi howa, üçünjisi ot, dördünjisi bolsa suwdy. Berilen möhlet dañ agaryp başlanda gutarýardy we kitap ele alynandan hem başlanýardy. Haýsysynyñ möhri ýüze çykarmak hikmetine eýedigini welin, okyjynyñ kitaby doly okaman düşünmegi mümkin däl..." "Gymmatly sözlerden we hikmetli jümlelerden doly bolan "Möhür guýusy" edebiýatymyzyñ iñ ajaýyp eserlerinden biridir. Okadygymça içimdäki guýy aýdyñlaşdy, duýgularym baýlaşdy we imanym zyýadalaşdy!" Professor Aly Ulwi Mehmedogly. "Ötüken" neşirýatynyñ 2016-njy ýylyñ maý aýyndaky neşiriniñ arka sahabyndan. Taýýarlan: Has Türkmen