JAN ÝÜJEL Jan Ýüjel, modernist türk şahyry. Gödeksi, emma çynlakaý dili we bariton sesli goşgy okaýşy bilen türk poeziýasynda täze bir ugur döredipdir. Birpartiýalylyk döwründe Bilim ministri bolan Hasan Aly Ýüjeliñ maşgalasynda 21.08.1926-njy ýylda Stambulda dogulýar. 1943-nji ýylda ýakyn dosty we Ankaranyñ Atatürk adyndaky liseýinde bile okan ýoldaşy Gazy Ýaşargil bilen bile daşary ýurda okuwa gitmäge hukuk gazananam bolsa, şol wagt ministr wezipesindäki kakasy Hasan Aly Ýüjel: "ministr bolansoñ öz ogluna ýardam etdi diýerler" diýip, oglunyñ daşary ýurda okuwa gitmegine garşy bolýar. Gazy Ýaşargil oña, munuñ nädogrudygyny düşündirip, özüniñ, ogly Janyñam öz güýçleri bilen okuwa girendiklerini we okamak üçin özleriniñ harajat toplandyklaryny aýdýar. Jan Ýüjel Ankara we Kembrij uniwersitetlerinde latyn we grek dillerini öwrenýär. Dürli ilçihanalarda terjimeçilik edýär. Londonda "BBC" halkara telekanalynyñ türkçe bölüminde alyp baryjylyk (spiker) edýär. Harby gullugy Koreýada geçirýär. 1958-nji ýylda Türkiýä dolanandan soñra, birsalym Bodrumda we Marmarisde turist ýolbeledi bolup işleýär. Soñra özbaşdak terjimeçi we şahyr hökmünde Stambulda ýaşaýar. 1956-njy ýylda Güler Ýüjel bilen nikalaşýar we Gözel, Su atly iki gyzy, Hasan atly bir ogly bolýar. Soñra Köne Daça (Eski Datça) ýerleşýär we hepdelik "Leman", aýlyk "Öküz" jurnallarynda makalalary we goşgulary çykyp başlaýar. Prezident Süleýman Demirele kemsidiji sözleri aýdandygy üçin jogapkärçilige çekilýär. Ýüjel şol wagtky saýlawlarda Erkinlik we Daýanyşma partiýasynyñ (ÖDP) hataryndan Izmiriñ halk deputatlygyna dalaşgär bolýar. 12.08.1999-njy ýylda aradan çykan şahyr öz halaýan günebakar gülleri bilen Datçada jaýlanýar. Döredijiligi: Jan Ýüjel 1945-65-nji ýyllarda "Yenilikler", "Saýlanan hekaýalar", "Beraber", "Dost", "Ant", "Imeje", "Papirus" jurnallarynda işleýär. Has soñra "Yeni dergi", "Birikim" "Sanat emegi", "Yazko Edebiyat" "Yeni düşün" jurnallarynda çykan goşgulary, makalalary, terjimeleri bilen tanalan Ýüjel 1965-nji ýyldan soñra syýasy temalarda-da eserler bermäge başlaýar. 12.03.1971-nji ýylda Maodan we Çe Gewaradan terjimeler edendigi üçin 15 ýyl azatlykdan mahrum edilýär. 1974-nji ýylda amnistiýa esasynda tussaglykan boşadylýar. Tussaglykdan soñra türmedekä ýazan "Bir syýasatçynyñ şygyrlary" atly kitabyny neşir etdirdi. 13.09.1981-nji ýyldaky döwlet agdarylyşygyndan soñra haýasyzlygy wagyz edýär diýilip, "Reñbereñ" kitaby neşir edilenden soñra halka ýaýradylman toplanylýar. 1962-nji ýylda Angliýadaka 1709-njy ýyldan galan latyn elipbiýinde daşbasma usulynda çap edilen türkçe dil bilimi kitabyny tapmagy gyzgyn seslenme döredýär. Goşgularynda argo we jynsy duýgulary oýarýan söz düzümlerini ýygy-ýygydan ulanýandygy üçin köp tankyt edilen Ýüjel ilkinji goşgular kitaby bolan "Ýazma" ýygyndysyny 1950-nji ýylda çykardýar. Jan Ýüjel jemgyýetçilik duýguçyllygynyñ agdyklyk edýän goşgylarynda ýiti dili we özboluşlylygy bilen ünsi özüne çekipdir. Şahyryñ goşgularynda tebigat, adamlar, hadysalar, garaýyşlar, şatlykly we gynançly pursatlar, duýgular çuññur işlenilýär. Goşgularynyñ köpüsi ýakyn adamlary bilen baglanyşyklydyr. "Maşgalama" ("Maaile") şahyryñ kitaplarynyñ birine goýan adydyr. Şahyr üçin maşgalasy hemme zatdan ýokardadyr, ayaly, çagalary, agtyklary, ene-atasy... Olar bilen aralaryndaky mähirli maşgala gatnaşyklaryny goşgularyna siñdiripdir. "Körpe gyzym Suwa", "Gözele", "Täze Hasana ýol pendi", "Durmuşda men hasam kakamy söýdüm" atly goşgulary bu goşgularyñ diñe käbirleridir. Jan Ýüjel Şekspirden, Bertold Brehtden terjimeler edýär Onuñ terjimeleri orginalyna bagly bolman, erkin we hödürlenýän jemgyýetine laýyk görnuşde edilen terjime eserlerdir. Şekspiriñ meşhur "to be or not to be" jümlesini "ýene bir mümkinçilik bar, olam ölmek diýersiñ" ("bir ihtimal daha var, o da ölmek mi dersin") görnüşinde türkçeleşdirip beripdir. 1959-njy ýylda ilkinji gezek neşir edilen "Her çemenden" ("Her boýdan") atly kitabynda dünýä edebiýatyndan eden terjime goşgularyny erkin ýagdaýda, emma örän ýokary derejede türkçä terjime etmegi başarypdyr. 12.08.1999-njy ýylda ýogalan Ýüjel Izmir munisipialetiniñ başlygy Ahmet Piriştinanyñ tagallasy bilen 17-nji awgustda Datça getirilýär we şol gün Göljük ýer titremesiniñ bolan güninde jaýlanýar. Köpçülikleýin spirtli içgileri içmäge bahana bolýandygy üçin Datça häkimligi şahyryñ belli ýylyny bellemäge rugsat bermändir. "Mekanym Datça bolsun" atly kitap ýazandygy üçin Datça şäherinde jaýlanan Ýüjeliñ mazary Datçadan başga ýerde şahyryñ adyna ýatlama agşamlarynyñ guralýandygy üçin ýykyldy we mazar daşy döwülip aýryldy. Mazarynyñ ýakynyndaky "Jan öýi" kompleksi bolsa onuñ yzy bilen ýapyldy. Käbir kitaplary: "Söýgi diwary", "Ölüm we oglum", "Gök ýokundy", "Janpida", "Sesleriñ sessizligi", "Iñ uzak aralyk", "Biraz öwrenişdim", "Ýaprak dökümi" we başgalar... * * * Jan Ýüjelden käbir jümleler: 1)."Men ol gam çekmesin diýip üstüne titrärdim, ol bolsa meni mydama üşeýändir öyderdi..." 2)."Zenandan perişdelik tama edýän bolsañ, oña jennetiñi bagyşlamalysyñ". 3)."Köp gülýän adama mylakatly çemeleşiñ, çünki ol bir ýerlerde mydam ýekelikde aglaýandyr..." 4)."Gitdiñmi erkek ýaly git! Hatda aýralyk hem saña hormat goýsun". 5)."Aslynda hiç kimiñ hiç kimden artykmaç ýeri ýok, biri has gowy ýalan sözleýär, biri öz oýnuny has ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Bar bolany... 6)."Ýurduñ ikä bölünmegini isleýän. Bähbitparazlar, binamyslar, ýaranjañlar bir tarapa, ar-namysly, zähmetsöýerler, watansöýijiler bolsa bir tarapa..." 7."Durmuşda hemme zady bir adama baglama. Çünki ony ýitireniñde hemme zady birden ýitirersiñ". 8."Kiçijikkäm ýerde çörek owuntygy görsek, ejem "al-da ýokarda goý balam, guşlar iýer" diýerdi. Söýenlerimizi mydama ýokarda goýduk, guşlar iýdimi näme?!." * * * Jan Yüjel "Söýşüñ ýaly söýülersiñ" (erkin terjime) Ýeriñ seni çekişi deý agyrsyñ Ganatlaryñ çyrpynyşy deý kiçi... Ýüregiñ urşy deý urup duransyñ Hem gözleñ uzakdan görşi deý ýiti... Örän mähribansyñ ýakynlaryña Jynyñ almaýana erbetsiñ gaty... Ne reñkde bolsa-da gaşlaryñ gözüñ, Garşydaşyñ görşi ýalydyr ýüzüñ. Geçen ýollaryñy nep hasaplama, Ýetmek kynam däldir ýollañ ahyrna. Nähili ýaşasañ ýaşa, Söýşüñ ýalydyr ömrüñ... Näçe gülüp bilseñ şonça bagtlysyñ Gynanma hiç, aglaýşyñ deý gülersiñ Hemme zady bir günlikdir öýtmegin. Söýşüñ ýaly söýülersiñ. Gün dogar çagdadyr gadyr-gymmatyñ Hem özgäni sylaýşyñça adamsyñ Eger bir gün ýalan sypsa diliñden, Goý, özge ha ynanmasyn, ynansyn Aýyñ ýagtysynda ýar arzuwynda Daş boldukça söýgüliñe ýakynsyñ. Ýagyş ýaganynda ezil, süllümbaý Gün şöhlesi endamyñy ýylatsyn. Özüñi ýeke duýsañ ýekesiñ, Güýçli duýsañ hem güýçli. Özüñi gözel saý, şonça gözelsiñ... Ynha, şudur durmuş! Ynha, şudur ýaşamak, muny unutmasañ ýaşarsyñ, Muny undanyñda alan her demiñ deý üşärsiñ Hem özgäni unduşyñ deý ýatdan çykyp gidersiñ. Gül suwdan gandykça görke aýlanýar Guşlar uçýandygy üçin gözeldir Bäbek bäbekligi üçin aglaýar. Hemme zady öwrenşiñ deý bilersiñ, Muny-da öwren: Söýşüñ ýalam söýülersiñ! * * * Has Türkmen

Köneler, Jeksparro tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir