Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdürligi, Köpetdag etrap häkimligi, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Biz-sagdyn we ruhubelent çagalar” diyen şygar astynda sport bäsleşiklerini geçirdiler. Bäsleşikler bu ýerdedynç alyanlara şatlyk paylady. Sportuň estafeta ylgawy görnüşinden iki topar özara bäsleşdi. Ýaglyga towusmak, milli göreş, tanap çekmek ýaly milli oýunlara gatnaşan oglanlar örän erjel we çakgan hereketleri, gazanan yeňişleri bilen öz janköyerlerini begendirdiler. Küşt we şaşka oýunlaryna gyzlar hem oglanlar höwes bilen gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuruldy.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir