1. Belli bolşy ýaly, oguz taýpalary öz mesgenlerini tizden-tiz üýtgedip, Orta Aziýa, Eýran, Kawkazyñ günortasy we Kiçi Aziýa ýurtlaryna aýlanýardylar. Dürli halklar bilen gatnaşyga giren oguzlar goñşularynyñ medeniýetinden bir zatlar alyp, öz gezeginde olaryñ olaryñ medeniýetini-de başga zatda baýlaşdyrýarlar. Ilki bilen oguz halk şahyrana döredijiliginiñ olara etnik taýdan ýakyn bolan türkileriñ we mongollaryñ folklory bilen aragatnaşyklary we özara täsiri hakynda durup geçeliñ. XIII - XIV asyrlarda gypjak türkileiriniñ arasynda ''Çingiznama'' (Çingiznamanyñ dört golýazmasy (SSSR-iñ YA-nyñ) Gündogary öwreniş institutynyñ (Leningrad bölümi) Golýazmalar hazynasynda saklanýar, inw. nomerleri: B 343, B 344, B 744. Iñ soñkusy 1193-de (1779-da) göçürilipdir) atly epos döredilýär, ol gadymy türki folkloryndan köp zady özüne siñdiripdi. Onuñ giriş böleginde Çingiz hanyñ we onuñ ogly Gök hanyñ ady getirilýär, ýagny biziñ dürli oguznamalarda we oguzlar hakda ýazan taryhçylaryñ eserlerinde okan zatlarymyz gaýtalanýar. ''Çingiznamadaky'' mongol efsanasy hem üýtgeşikdir. Ynha, olaryñ biri: ''Gadym zamanlarda Ak deñizde Malta diýen şäher bolupdyr. Onda Altyn han diýen birisi häkimlik edipdir. Hanyñ aýalyna Kürlewüç diýýär ekenler. Olaryñ gyzy bolupdyr, bäbege Ülemlik diýip, at goýupdyrlar. Gyzy günden-aýdan goramak üçin daşdan köşk saldyryp, ony şol ýerde gizläpdirler. Ol şeýdip ulalypdyr. Gyzyñ gözelligi aýdar-diýer ýaly däl ekeni, ol gülende, guran daragtlar ýaşyl pürçük açyp oturyberýän ekeni, sary samana öwrülen meýdanlar gök ota bürenip galýar ekeni. Ol ajaýyp bir gyz ekeni. Köşkde onuñ ýanynda daýysy Ordu han ýaşapdyr. Bir gezek gyz daýysyndan: ''Şu köşkden başga dünýä barmy?'' diýip sorapdyr. Ol bolsa ''Dünýä köşgüñ daşynda. Ol ýerde Aý we Gün dünýäni ýagtyldýarlar'' diýip jogap berlipdir. Gyz äpişgäni açyp Güne seredipdir weli, essinden gidip ýatyberipdir. Ol Gün şöhlesinden hamyla bolupdyr. Altyn han bilen onuñ aýaly bu ýagdaýdan utanyp, gyzy gaýyga mündürip, Tün deñzine akdyryp goýberipdirler[354, 195] [66] Uýgur hatyndaky Oguznamada ''Altyn kagan ilkinjileriñ hatarynda Oguz kaganyñ häkimiýetini ykrar edip, oña uly sowgatlar iberýär [305, 34-35]. Türki dilli halklaryñ, umuman Orta Aziýanyñ ilatynyñ arasynda epik Altyn Kaganyñ ady örän irki döwürlerden bäri mälim. Mahmyt Kaşgarly onuñ adyny Türküstanda Goşa şahla - Isgendere garşy göreşen goşunbaşylaryñ arasynda tutýar [462, 90-91]. Mongol efsanasynyñ hun-uýgur wersiýasy N. Ý. Biçuriniñ ''Uýgurlaryñ gelip çykyşy'' diýen bölüminde getirilýär: ''Hun Şanýuýynyñ iki sany üýtgeşik owadan gyzy bolupdyr diýip gürrüñ berýärler. Emirler olary hudaý hasaplapdyrlar. Şanýuý: ''Men şeýle gyzlary adamlara durmuşa çykaryp bilerinmi? Men olary Göge tabşyraýyn'' diýipdir. Şeýdip, paýtagtyñ demirgazygynda, adam-gara ýok ýerinde beýik köşk saldyryp, gyzlaryny ýerleşdiripdir-de, Gökden olary kabul etmegi diläpdir. Üç ýyl geçensoñ, ejeleri gyzlaryny aljak bolupdyr. Şanýuý entek wagty gelenok diýip, ony saklapdyr. Şondan bir ýyl geçensoñ, bir garry möjek gelip, gijesi - gündizi köşgi gorap uwlaýar eken. Ol möjek köşgüñ eteginde süren gazynyp, şondan çykmaýar diýýär. Kiçi gyzy: ''Kakam bizi Gök kabul etsin diýip, şu ýerde goýdy, gelen bolsa möjek, belki onuñ gelmegi gut alamatydyr'' diýipdir. Şeýle diýip, gyz möjegiñ ýanyna iniberjek bolanda, uly dogany ony saklap: ''Ol haýwan ahyry, ata-enemizi masgara etme'' diýipdir. Ýöne kiçi gyzy gulak asman, möjegiñ ýanyna baryp, oña aýal bolup, ogul dogrupdyr. Olaryñ nesli köpelip, bir döwleti emele getiripdir. Şonuñ üçinem bu ýeriniñ adamlary uzak aýdymlary halaýarlar ýa-da möjek ýaly uwlaýarlar''. [59, I, 214-215]. Çingiznamadaky efsananyñ köp detallary Hytaý efsanasy bilen laýyk gelýär: Gao-li nesilşalygynyñ düýbüni tutan Fuýuý hakan suw hudaýynyñ gyzyna öýlenip, ony köşkde goýupdyr. Bir gezek onuñ üstüne gün şöhlesi düşüpdir. Ol gizlense-de, şöhle yzyndan galmandyr. Ol hamyla bolupdyr...'' [354, 196]. Çingiznamada Çingiziñ dogulşy hakyndaky epizodda, onuñ ejesiniñ ýanyna hem şöhle, hem möjek gelýär: Alangowa ärsiz hamyla boldy. Ol şeýle diýipdir: ''Meniñ ýanyma şöhle bolup gelinýär, möjek bolubam gidilýär''. Muny barlamagy karar edipdirler. Üç adam (birisi gypjak Gara beg, beýlekisi türkmen Gel-Muhammet, üçünjisi Uraduç beg) Alangowanyñ öýüni garawullamaga başlapdyr. Dañ atmazyndan öñ ýanynda, olar gökden ak ýalpyldawuk yşygyñ inendigini saýgarypdyrlar... Birnäçe wagtdan soñ, ol çal ýally möjege öwrülipdir[354, 196]. Şaýatlaryñ türkiler bolmagy, hatda olaryñ hatarynda musulman türkmeniñ bardygy ''Çingiznama'' eposynda oguz eposynyñ täsiri baradaky pikiri nygtalýar. Efsanada gün şöhlesi hakdaky we möjek hakdaky iki mif garyşypdyr. Uýgur hatyndaky ''Oguznamanyñ'' golýazmasynda gahrymanyñ ejesi Aý Kagan hem gün şöhlesinden hamyladar bolýar. Şu äheñ iki wersiýada-da birmeñzeş. ''Oguznama'': ''Günlerde bir gün Aý kaganyñ gözi ýagtyldy we ol ogul dogurdy''[305, 22]. ''Çingiznama, 343-nji golýazma: ''Şondan soňra onuň gözi ýagtyldy we ol gaýratly ogul dogurdy''. ''Çingiznamada'" uýgur hatyndaky ''Oguznamadan'' tutuş bir epizod hem bar. Mysal üçin, Kaňly hakyndaky efsana: Gün şöhlesinden we çal möjekden bolan Çingiz öz doganlary bilen daga gitdi... Alty taýpanyň begleri Alangowadan Çingiziň nirä gidendigini sorap, onuň gözlegine çykdy... Ol gyr atyň(67) eýesini tanadylar, ol başy altyn tuwulgaly, altyn galkanly Jebraýyl sypatly Çingizdi... On taýpadan gelen on adam Çingiziň şanyna at saldylar. Çingiz olardan: ''Meni nädip ýokary göterersiňiz?'' diýip sorady. Begler ony nämäniň üstüne mündürjegini bilmän aljyradylar. Kaldorbeý öňe çykyp: Men häzir öz hünärimi görkezeýin!'' diýip, araba ýasady[354, 197]. Uýgur hatyndaky golýazmada möjek gahrymana iki gezek ýol görkezýär. ''Çingiznamada'' möjek Çingiziň tokaýda gizlenen ýerine onuň doganlaryny getirýär[448, 37]. ''Çingiznamany'' oguz efsanalary we rowaýatlary bilen degşirmeklik Çingiziň gahrymany bolan eposynyň düzülmegine eýýäm yslamy kabul eden oguzlaryň örän möhüm orun eýeländiklerini ynandyjylykly subut edýär. Eposda Çingiz hanyň özem çyn musulman edilip görkezilýär, hatda ol Kurandaky Jebraýyl bilen deňeşdirilýär[448, 37]. Çingiznama eposyna oguzlaryň täsirini aýry-aýry stilistik aňlatmalar we haýwanlar bilen bagly zatlar görkezýärler. Olar oguzlaryň halk döredijiliginde, aýratynam olaryň nesilleri bolan türkmenleriň folklorynda ýygy-ýygydan duş gelýär. Muňa gahrymanyň egin-eşigi, totem guşunyň bardygy we beýlekiler mysal bolup biler. Türki halk döredijiliginiň iň meşhur totemleriniň biri Çal möjekdir (Boz gurt). ''Hekaýatlarda tapawutlanmalaryň bardygyna garamazdan, tukýulylaryň hemmesi möjekden getirilip çykarylýar'' diýip N. Ý. Biçurin ýazýar[59, I , 222]. Çingiznamada Boz gurt diňe ýekeje gezek şöhle-möjek keşbine gelýär. ''Ergenokon'' atly mongol efsanasynda Berteçin han (mongolça Boz gurt diýmek) gaýratly kişi, taýpa serdary bolup çykyş edýär[59, I, 224-225]. Totem möjegiň çeper keşbi Aşinalaryň nesilşalygy bilen bagly ''Ergenokon'' eposyndaky uýgurbudda efsanasynda hem öz şöhlelenmesini tapýar. ''Aşina'' sözüniň gelip çykyşyny käbir awtorlar totem möjek bilen baglanyşdyrýarlar. Mysal üçin, L. N. Gumilew şeýle ýazýar: Hytaý awtorlary ''türkileriň hany'' we ''möjek'' düşünjelerini manydaş hasaplaýarlar, munda olar türki hanlarynyň özleriniň garabyşlaryna daýanýan bolsalar gerek. Sýanbi şazada gyzynyň öz adamsy Şabolio han hakynda: ''Han öz häsiýetleri boýunça möjek'' diýmegi tötänden däldir; Türkileriň üstüne çozmak boýunça gözükdirijide şeýle diýilýär: ''Şeýle çäräni ulanmaly: göçmeleri kowup, möjekleriň üstüne çozmaly''. Türki baýdaklarda möjegiň altyn kellesi bardy, onsoňam türkileriň gelip çykyşy baradaky iki efsanada ilkinji orun ene möjege degişli[94,23](68). Aşina taýpasy barada N. Ý. Biçurin hytaýlylaryň senenamasynda ýazylan aşakdaky efsanany getirýär: ''Tukýu Öýüniň eždatlary günbatar deňziniň aşak tarapynda ýeke özleri bir aýmak bolup ýaşaýarlar. Bu Hunnu Öýüniň Aşina atlandyrylýan aýratyn pudagy. Soňra bu taýpany goňşulary gyryp tükedýär. Bir on ýaşlyja oglan aman galýar. Söweşijiler çagany öldürmäge dözmän, onuň ellerini-aýaklaryny kesip, otluk kölde taşlaýarlar. Ene möjek ony et bilen naharlandyrýar. Hökümdar çaganyň diridigini bilip, ony öldürmek üçin täzeden adam ýollaýar. Hytaý hekaýatlary boýunça, şol mahal ene möjek günbatar deňziniň ýokary tarapyndaky ýurtda, Gaoçanyň demirgazyk-günbataryndaky daglarda (bu ýerde Altaý daglarynyň merkezi göz öňünde tutulýar) peýda bolýar. Bu dagda çar töweregi birnäçe ýüz li otluk bilen örtülen bir gowak bar. Gowagyň dört tarapy dag. Ene möjek şu ýerde gizlenip, on çaga dogurýar, olaram ýetişende öýlenip, hemmesiniň hem çagasy bolýar. Soňra olaryň hersi bir taýpany emele getirýär. Olaryň arasynda Aşina örän ýokary ukyba eýedi, ony hökümdar diýip ykrar etdiler. Şol sebäpdenem ol öz bolýan ýeriniň derwezesiniň üstünden möjek kelleli baýdagy galdyrdy, bu oňa gelip çykyşyny ýatladýardy[59, I, 220-221]. Başga bir efsana görä, ata-babasy So diýen ýerden bolan türk taýpasynyň baştutany Abanbu diýen biriniň on ýedi dogany bolup, Inžinşidu diýen doganlaryna ''ene möjekden bolan'' diýipdirler[158, 105-112]. N. Ý. Biçurin Oguz han, onuň kakasy bilen göreşi, şeýle hem Ogzuň taýpasynyň ýok bolmagy hem-de dikelişi hakyndaky efsanalary we Ogzuň ''Ýafetiň ogly Türkden'' gaýdýan mif häsiýetli şejeresini getirip şeýle ýazýar: ''Ýedinji arkada Türkiň ekiz ogly boldy: ''Tatar we Mongol, olaryň kakasy Illi han ogullaryna Türküstany bölüp berdi… Üçünji arkada Mongoldan Oguz han (Gara hanyň ogly, Gara hanam Mongolyň ogly) dünýä indi. Ol Orta Aziýanyň ýurt basyp alanlarynyň ilkinji beýik şahsydy [59, I, 223]. Awtor efsanadan taryhy hakykatlary tapýar. Ol şeýle ýazýar: Ýokarda getirilen hekaýatlaryñ ikisiniñem taryhy esasy bar. Şu esasda Hytaý taryhynyñ maglumatlary bilen deñeşdireniñde olarda hakykaty görmek kyn däl. Oguz han Hun Öýünden çykan Mode ýa-da Modo han diýýäni Isanyñ dogulmagyndan 220 ýyl ozal hytaýlylar tarapyndan Ordosdan gysylyp çykarylyp, Halha çekilýär we Hangaýyñ eteginde ornaşýar. Bu ýer soñra ähli güýçli hanlaryñ öz paýtagty edýän we Çingiz han zamanyndan bäri ''Hara-horin (20 gara), aziýaly taryhçylar tarapyndanam Gara Gum ady bilen belli bolan ýerdir. Mode onuñ tagtynyñ ýeke-täk kanuny mirasdüşeridi. Ýöne Tümeniñ öz söýgüli aýaly Hanşadan ýene bir ogly bolupdyr. Tümen tagtyny kiçi ogluna berjek bolup, Modäni Ýuwejy hanyna agöýli edip berýär-de, yzyndanam üstüne çozuş edýär. Mode howpy duýup, hanyñ iñ gowy atlaryny ogurlap, kakasynyñ ýanyna gaçyp barýar. Bu edermenligi üçin, Tümen oña 10000 atlysy bolan ýeri mülk edip tapyp berýär [59, I, 225]. Soñra Modäniñ atlylaryna özüne gürrüñsiz gulak asmagy öwredip, ilki kakasyny öldürip, soñam ''Gündogar Türküstany, Jungariýany, Mawerannahry, ýagny Pekinden Eýrana çenli oturumly ýeleri eýeleýşiniñ taryhy getirilýär. Hytaý taryhçylaryna salgylanyp, N. Ý. Biçurin takyk maglumatlary berýär: Miladydan öñki 202-nji ýylda Mode - Oguz han Beýik diwardan aşyp, Hytaýa girýär, miladydan öñki 174-nji ýylda aradan çykýar[59; I, 226] Bu ýerde köp zatlar Oguz hanyñ öz kakasyny öldürendigi barada beýleki awtorlaryñ, şoñ sanda Abulgazynyñ getirýän efsanasyny sözme-söz gaýtalaýar. ''Türkmenleriñ şejeresinde'' Hytaý serhedine ýakyn oturan Tatar hany - ýeñip, soñra Hytaýy, Tangut şalygyny, Jürçit şäherini boýun egdiren, Mongolystandan Hindistana we Hazar deñzine çenli Oguz hanyñ eden işleri [162, 42-43] hem Modäniñ taryhyny ýatladýar. Reşidetdin Tümeni gadymy oguz kaganlaryndan biri hasap edip, kakasynyñ ady Tümen bolan hun kagany Modäniñ taryhynyñ oguz eposy bilen birmeñzeşdigini tassyklaýar. Beýleki tarapdan, Reşidetdiniñ Tümeni Gök Türk kaganlygyny döreden hem bolup biler. Gadymy oguzlaryñ etnik taýdan garyndaş milletler bilen aragatnaşyklary yslamdan öñki ynançlarynda hem ýüze çykýar. Ibn Fazlan horluk çekdirilse ýa-da kemsidilse oguzlar ýüzüni göge tutup: ''Bir tañry'' diýýärler, bu bolsa türkileriñ dilinde bir Alla diýmegi añladýar diýip ýazýar [243, 60]. Ýöne Ibn Fazlanyñ soñraky aýdýanlary ýañky gelen netijesine garşy gidýär. Hakykatdanam, oguzlaryñ yslamdan öñki dini ynanjy edil beýleki türkileriñki we mongollardaky ýaly, birhudaýly däldi. Gürrüñ bu ýerde birnäçe kiçi hudaýlaryñ arasyndaky baş hudaý hakynda bolup biler. Kiç hudaýlar Ýer tañry, Suw tañry, Gök tañry we beýlekiler [358, 204] (69) şol sanda Zöhre (Çolpan). Soñkyny Orta Aziýanyñ türki dilli halklary (türkmenler, özbekler, gazaklar, gyrgyzlar, garagalpaklar we beýl.) häzire-bu güne çenli-de sylaýarlar. Başgyrtlar '' Bir tañrydan'' başga ýene 12 hudaýy ykrar edýär ekenler: Gyşyñ piri, tomsuñ piri, ýagşyñ piri, ýeliñ piri, baglaryñ piri, adamlaryñ piri, atyñ piri, suwuñ piri, gijäniñ piri, gündiziñ piri, ölümiñ piri, gökdäki pir bolsa - olaryñ iñ ulusy, ýöne ol beýlekiler bilen ylalaşykda, olaryñ her biri beýlekisiniñ edenini makullaýar[243, 66]. Bu garaýyşlar özüni tebigatdan bölüp aýyrmadyk, tebigaty öz erkine boýun egdirmedik, hemme zady janly ruhly hasap edýän adama mahsusdyr. Olaryñ sežde edýän zatlary-da şu düşünjelerden gelip çykýar. Ibn Fazlan şeýle ýazýar: ''biz olaryñ bir toparynyñ ýylanlara, beýlekileriniñ balyga, üçünjileriniñ durnalara sežde edýänlerini gördük''[243, 66]. Şu ynançlaryñ galyndylary türki dilli halklaryñ ählisiniñ diýen ýaly halk şahyrana döredijiliginde saklanyp galypdyr. Ýylan, balyk bolsa Zodiagyñ türk belgileriniñ içine gidipdir, durna - aýdym döredijiliginiñ halap tutan çeper keşbi. Giçki oguzlaryñ ähli zatlary janly-ruhly hasaplaýan garaýyşlary Günorta Azerbeýjandaky Maky daglarynda göçüp-gonup ýaşan garagoýunlylaryñ tokaý kultunda saklanypdyr. Maky hanlygynyñ gündogarynda XIV asyrda garagoýunlylaryñ 26 obasynda tokaý keramatly hasaplanypdyr. Beýik palçyk haýat bilen daşy aýlanan Sofy obasynda ''Gara oglan'' atly keramatly jeññel bar. Agaçlara adam eli degmeýär, olar şaha ýaýradyşyp otyrlar... Häzirki Maky hanlarynyñ biri Nygmat han (kürtler gaty gowy görüp, oña Mamo diýýärler) baglary çapmagy buýurýar, muña döwtalap bolan ýigit derrew jezasyny çekýär, onsoñ han raýyndan gaýdýar diýip gürrüñ berýärler... Baglara zat gurban etmeler hem bar: ýazyna aýallar gül dakynýarlar, bu tebigatyñ janlanmagynyñ baýram edilmeginiñ ýañydyr. Agaçlar öndüriji güýçlerine eýedir; bu ýere gelinler gelýärler. Baglaryñ aşagynda gurban edilen malyñ süñklerini assyrynlyk bilen haram jandar bolan it görmez ýaly gömýärler (Adatça, hudaýa erkek jynsly mal gurban kesilýär (70)). ...Bu ýerde ...hudaýyñ ýüze çykmasy bolan Şa Mehmet özüniñ birinji gudratyny görkezýär... Ol oba gelende, ýanynda dört sany müridi - Bilal Hebeş (ýagny garaýagyz - Terj. bell.), Gammar, Selman we Abuzer (olaryñ hemmesi - Muhammet a.s.-myñ egindeşleri - H. G.) - bular Hudaýyñ aýry-aýry häsiýetiniñ ýüze çykmasy eken. Şa Mehmet Bilala taýagy tamdyra taşla diýýär, ol boýun towlaýar, onsoñ özi taýagy tamdyra oklaýar. Közügip duran agaç derrew daragta öwrülýär, soñam giden jeññel emele gelýär. ''Muny kim etdi?'' diýip haýran galan obalylar sorapdyrlar. Şa Mehmet: ''Gara oglany'' (ýagny Bilal Hebeş - Terj. bell.) diýip jogap beripdir Jeññeliñ ady hem şeýle bolup galypdyr... ...Ol Rumda-da bolupdyr; ol ýeriñ halky onuñ görkezen gudratyndan-ýanyp duran közli agajyñ daragta öwrüleninden habarly bolup, oña Ataş beg (Ot beg) diýip at goýupdyrlar. Sofy obasynda başgaça düşündirişem bar: ''Beý ateşi'' (begiñ ody) [87, 396 we yzyndaky sah]. Görnüşi ýaly, bu ýerde iki kult sepleşipdir. Biri - adamyñ ösüşiniñ irki tapgyrlaryny görkezýän, türki dilli we beýleki halklaryñ arasynda belli bolan tokaý (agaç) kulty, ikinjisi - otparazlygyñ täsirinden halas bolmadyk ot kulty (71)... Mundan başga-da Anatolyda totem aýa (aýy) Gara oglan diýýärler, gadymy gypjaklylaryñ aýynyl adyny tutmaga gorkup, oña ''aba'' (kaka) diýip atlandyryşlary ýaly. Altaýly şamanlar hem aýyny totem we tokaýyñ eýesi hasaplap, onuñ adyny tutmandyrlar[358, 63]. Agajyñ kulty hem tokaý kulty bilen baglanyşyklykda, beýleki köp halklaryñ arasynda häzirem hormatlanýar(72). Bu totem kulty bilen bagly bolsa gerek. Agajyñ şahalaryna esgi dañmak, agaja gurban kesmek we ş.m. şunuñ täsirindendir. Häzirem oguz nesilleriniñ önelgesiz aýallary ak atyñ derisiniñ üstünde ''ruhuñ höwürtgesi bolan agajyñ aşagyna ýazyp, göwreli bolmak umydy bilen dileg edýärler[358, 63]. Baryp X asyrda başgyrtlar boýununa agaç bölegini doga edinip dakar ekenler. Ýola çykanlarynda ýa-da ýaga duşanlarynda, şonda ýardam diläp, ogşar ekenler. Ibn Fazlan boýnunda şonuñ ýaly adamyñ jyns agzasyndan edilen agajy dakynan başgyrtly bilen söhbetdeş bolup: ''Munuñ näme düşündirişi bar, nä sebäpden sen ony özüñe hudaý edindiñ?'' diýip sorapdyr. Başyrtly: ''Sebäbi men şuña meñzeşden çykdym, şonuñ üçinem özüm babatda şundan añyrda ýaradanyñ bardygyny bilemok'' diýip duran ýerinde jogap beripdir[245, 66] (73). Oguznamanyñ gypjaklar hakyndaky efsanasynda agaç totem hökmünde gabat gelýär (ýokarraga ser), ''Kitaby gorkudyñ'' gahrymany Beset (VIII boý) şeýle diýýär: ''Atam adyn sorar olsañ, Gaba Agaç, Enem adyn diýrseñ, kagan aslan'' [343, 214, D. 223](74). Oguzlarda suw kulty bolupdyr (Suw tañry). Oguzlaryñ özi suwa degmekden gaça durmak bilen çäklenmän, eýsem öz ýanlarynda başgalaryñ suwa degmegine-de ýol bermändirler. Ibn Fazlan söwdegärleriñ ýa-da beýleki musulmanlaryñ (oguzlar däl) gijesine, oguzlar ýatyrka täret kylýandygyny, täret kylany görseler, olaryñ gahary gelip: ''Ol bizi jadylajak bolýar; onuñ suwa seredäýşini görmeýärmisiñiz'' diýýändiklerini ýazýar [243, 61]. Türki halklaryñ arasynda suw kulty barada soñraky awtorlar hem habar berýärler. Yssyk köle hormat goýluşy barada IX asyryñ ahyrynyñ, X asyryñ başynyñ arap taryhçysy Ibn Al Fakih habar berýär. Kölüñ kenarynda ýaşaýan barşanlylar ýylda bir gezek köle zyýarata barýarlar[372, 249]. Altaý we Ýeniseý türkileri suw hudaýlary hem ýer hudaýlary ýaly, adamlaryñ arasynda ýaşaýar diýip pikir edipdirler. Şol sebäpden olardan ýardam görmek üçin, aýat okaýarlar[14, 92-93]. Suw kulty ''Kitaby Gorkutda'' Gazanyñ ýüzlenmesinde bildirýär (II boý). Azerbeýjanlaryñ arasynda bir ynanç bar, ýylyñ iñ uzyn gijesi eliñe tas alyp, akar suwuñ başynda oturyp, suw bir pursat togtan mahaly gabyñy doldursañ, oña suw däl-de altyn dolýarmyş. Ata-babalaryñ we ölenleriñ oguzlardaky kulty barada Ibn Fazlan jaýlaýyş dessuryny beýan edip, şeýle ýazýar: ''Eger olaryñ [hataryndan] biri ölse, onuñ üçin öý ýaly uly çukur gazýarlar, oña donuny geýdirýärler, guşagyny dañýarlar, ýaýyny dakýarlar, içi nebitli agaç mardak tutdurýarlar, öñünde agaç gapda nebit goýýarlar, onuñ tutuş emlägini ýanyna salýarlar. Soñra ony şol öýde oturdyp, üstüni öý ýaly edip, palçyk bilen basýarlar, soñra sanyna görä ýüz, iki ýüz baş ýa-da bir at öldürip, kellesinden, aýaklaryndan, derisinden we guýrugyndan galan etini iýýärler. Soñ olar galan bölekleri taýaga geýdirip dartyşdyryp, ine, onuñ jennete münüp gitjek aty diýýärler. Eger-de ol batyr bolup, baş kesen bolsa, onda kesen başlarynyñ mukdaryça agaç şekil kesip, mazarynyñ üstünde goýýarlar we bular oña jennetde hyzmat etjek oglanlar diýýärler [243, 63](75). Türkileriñ we mongollaryñ jaýlaýyş dessurlary baradaky köp sanly kitaplarda ''agaç şekillere'' derek ''daş heýkeller barada ýazylýar, Orhon ýazgylarynda olara ''balbal'' diýlipdir. Ibn Fazlanyñ oguzlaryñ jaýlanyş dessurlary baradaky maglumatlary bilen Rubrugyñ (XIII asyryñ ortasy) polowesler dogrusynda aýdýanlary biri-birine sepleşip gidýär. Edil oguzlar ýaly, polowesler hem ''ýokarsy çürelip gidýän gümmezleri gurýarlar, bir polowesiñ mazarynyñ töwereginde... dünýäniñ dört tarapyna görä syryklar goýlup, olara 16 atyñ derisi asylypdyr; mazaryñ öñünde et we gymyz durýar''. Oguzlaryñ, peçenekleriñ we polowesleriñ jaýlanyş dessurlarynyñ birmeñzeşligini S. A. Pletnewa ynandyryjylykly subut etdi [226, 151 we yzyndaky sah](76). Ibn Fazlan öleniñ aty bilen jaýlanyşy baradaky meselä hem degýär, eýesi atyna münüp, jennete girmeli ekeni, munuñ yzlary ''Kitaby Gorkutda-da'' duşýar, IX boý). Kimde-kim şu dessury berjaý etmese, oña öleniñ gaharynyñ geljekdigini aýdyp gorkuzýar ekenler. Muny, esasan, şaman edýän bolara çemeli. Ibn Fazlan ony ''olaryñ ýaşulylarynyñ garrysy'' diýip atlandyrýar [243, 63]. Ol öleniñ garyndaşlaryna şeýle diýýär ekeni: ''Ýa düýşümde ölen pylankesi gördüm, ol maña şeýle diýdi: ''Görýärmiñ, ýoldaşlarym menden ozup geçdi, olaryñ yzyna eýerjek bolup, aýaklarym ýaryk-ýaryk boldy, men olaryñ yzyndan ýetip bilmän, ýeke özüm galdym''. Şeýdip, şaman öleniñ garyndaşlaryny onuñ atyny soýmaga mejbur edýär ekeni. Sebäbi maddy zyýan zerarly, olaryñ köpüsi şamançylygyñ bu hökmany dessurlarynyñ birini ýerine ýetirmekden gaça durýan bolsalar gerek. Soñra şol garry şaman öleniñ sargydyny olara ýetirip, şeýle diýipdir: - Men pylanyny gördüm. Ol şeýle diýýär: ''Meniñ öýümdäkilere we ýoldaşlaryma aýt, men özümden ozup gidenleriñ yzyndan ýetdim, men ýadawlykdan dyndym''[243, 63-64]. Arap senenamaçysy, IX - X asyrlarda ýaşan Abu Dulaf garlyklaryñ yslamdan öñki hramlarynda olaryñ öten hökümdarlarynyñ şekiliniñ çekilendigi barada ýazýar. Şundan ugur alyp, L. N. Gumilýew: ''Türkit emirleriniñ gahryman ata-babalarynyñ kulty bolupdyr, totemçilik garaýyşlardan ösüp çykypdyr hem-de türküt halkynyñ hemme zady janly-ruhly hasap edýän garaýyşlaryndan tapawutlanypdyr'' diýen netijä gelýär [94, 83]. Bularyñ barysy gadymy türkileriñ ruhuñ ölmeýändigine we o dünýäde ýaşamagyny dowam etdirýändigine ynanandyklary baradaky pikiri tassyklaýar. Şu ynanjañ yzlary ''Kitaby Gorkudyñ'' XI boýunda Gazanyñ tagaworyñ aýaly bilen gürrüñinde ýüze çykýar. Rewolýusiýadan öñki döwürde türkmen aýalyna gije-girimde öýden çykmagy, ot ýakylan agajyñ aşagyna barmagy, çörek bişirilen we mal soýlan ýere barmagy gadagan edipdirler. Munuñ sebäbini gije wagty şol ýerlerde arwah (Etrekli ýomutlaryñ ''arwah'' diýýäni) ýa-da al (tekeleriñ ''al'' diýýäni) gelýändigi bilen düşündirilipdir, olar aýala kesel ýa-da dälilik ýolukdyryp bilerler diýip hasaplanylypdyr. Türkmenleriñ al-arwahy nähilidir bir adatdan daşary güýçli, öz gorkunç we görmeksiz şekilini hemişe üýtgedip durýan zat hökmünde suratlandyrylýar. Ýaş inlin aýalyñ, çagalaryñ betbagtlyklary, gyrgynlar, malyñ gyrkylmagy we ş.m. - barysy alyñ adyna gidýär[145, 34 we yzyndaky sah](77). Ony ''köşeşdiremgiñ'' ýeke-täk usuly -garyplary naharlamak, ölene sadaka bermek we beýlekiler. Şamançylyk türkiler we mongollar üçin umumy bolupdyr. Onuñ elementleri hatda oguzlar ýaly has durnukly musulmanlaryñam täze dininiñ kadalaryna berk giripdir. Yslama X asyrdan girip başlap, XI asyrda barysy musulman bolan oguzlara şamançylygyñ täsiri häzire-bu güne çenli türkmenleriñ, azerbeýjanlaryñ we türkleriñ arasynda bildirýär. Oguzlar yslama girenden bäş asyr soñra ýazylan ''Kitaby Gorkutda'' şamançylyk dessury duş gelýär. Gahryman ölende, onuñ atynyñ gurýrugyny kesip, özüni hem gurban kesipdirler; suwy hormatlapdyrlar, totem hökmünde agaja, guma, möjege sarpa goýupdyrlar; ata-babalaryñ ruhy sylanypdyr. ''Kitaby Gorkutda'' aýal ogul bäbek dograsy gelse, çakyry (süýjüni) guran derýa dökýär, gara geýnen derwüşlere sadaka paýlaýar (I boý). Hatda ''Kitaby Gorkutda'' baş şamanyñ Kam diýen ady-da saklanyp galypdyr, baş şaman özünde ruhy we dünýewi häkimiýeti jemläpdir: Baýyndyr hanyñ kakasynyñ ady Kam han. Hatda türkleriñ gijräk dörän ''Emrah we Selbi'' dessanynda (takmynan XVII a.) gahrymanlar myratlary hasyl bolýança, suwa degmejeklerine kasam edýärler. Şamanlaryñ bir wagtky kuwwaty oguzlaryñ nesilleriniñ arasynda saza we ony ýerine ýetirijilere köp dessanlaryñ baş gahrymanlary we epik däpleri saklaýjylar bolan aşyklara we bagşylara aýratyn gatnaşykda ýüze çykypdyr. 2. Biz oguzlaryñ diñe etnik taýdan ýakyn halklar bilen aragatnaşyklaryna garap geçdik. Oguz epik däpleriniñ arap-pars çeşmelerinde hem-de eýranlylaryñ halk döredijiliginde şöhlelenişi hem az gyzyklanma döretmeýär. Gadymy türkileriñ, şol sanda oguzlaryñ, halkyñ gelip çykyşy baradaky garaýyşlaryny Orhon ýazgylaryndan, Kül Teginiñ hormatyna dikilen ýadygärlikden görüp, baha bermek bolýar: ''Ýokarda gök asman, aşakda gara ýer gurlanda, şu ikisiniñ arasynda adam ogly döredi. Adam ogullarynyñ üstünde meniñ eždatlarym Bumyn kagan bilen Istemi kagan baş bolup oturdy'' [179, 36]. Mif dünýäniñ gurluşyny Türk kaganlygynyñ dörän taryhyndan (551 ý) alyp gaýdýar[178, 157, 19]. Halkyñ gelip çykyşy baradaky taryhy çemeleşişden öñ mif-totemçilik wersiýasyna laýyklykda, türkiler hun şazadasy bilen ene möjekden önýärler (ýokarraga ser.) Eýran dilli goñşulardan kabul edilip alnan mifologik wersiýa dykgaty çekýär, oña laýyklykda, Türk - Nuhuñ ogullarynyñ biri. Totemçilik garaýyşlar bilen Injiliñ täsiri astynda dörän mifiñ garyşmagyndan emele gelen efsana hem bolupdyr. Ynha, onuñ mazmuny: ''Türkileriñ bedeninde gylyñ azlygynyñ sebäbi şundan: Ýafes çaga mahaly syrkawlanda, tebip aýal garynjanyñ ýumurtgasy bilen möjegiñ süýdüni ýugrup, şu garyndy bilen syrkawyñ tenini suwamagy buýurýar. Şondan soñra Ýafesiñ bedeni ýylmanak boldy. Türkileriñ gaharjañ we arjañ häsiýetleri hem şundan'' [475, 105]. Türkileriñ ilkinji adamlardygy baradaky mifde Injil täsirini ýüze çykarýar: ''Güýçli sil gelip, Garadagçy dagynyñ gowaklaryny hem-de adam şekilli büdür-südür ýerleri palçykdan doldurdy. Tomus geldi. Gün güýçli gyzdyrmaga başlady. Sil sürüp gelen zatlar gyzgyndan biri-birine ýelmeşdi, gowak göwreli aýaly ýatladyp ugrady. Dokuz aýlap ýel öwüsdi. Şonça wagt geçensoñ, gowakdan adam şekilli bir jandar süýrenip çykdy. Şu ilkinji zat hem Türkiçe Aý Atam (Inj. Adam) diýlip atlandyryldy. Atam çemenli jülgä gelip, derýanyñ kenarynda kyrk ýyl ýaşady. Onsoñ ýene-de siller gowagy we onuñ jarlaryny palçykdan doldurdy. Bu tomsuñ ahyrydy, gün öñki ýaly gyzdyrmaýardy, şonuñ üçinem emele gelen jandar aýal bolup çykdy, oña Aý Wa (How ene) diýip at dakdylar. ''Aý ýüzli diýmek'' diýmek. Aý Atam bilen Aý Wa durmuş gurdylar, olaryñ kyrk çagasy boldy (ýigrimi oglan we ýigrimi gyz), olar hem öz aralarynda durmuş gurdular. Ene-atalary ölende, olary şol gowakda jaýlap, girelgesine altyn gapy goýdular, töweregine bägül ekdiler''. Şu mif ilkinji gezek ýokarda agzalan iñ gadymy oguznama bolan ''Uluhan ata Bitikçi sözünde'' [358, 204] bellenipdir. Awtoryñ ilkinji adam babatda semit-ariý düşünjeleriñ täsirinde bolandygy mese-mälim bolup dur. Mifde türki we mongol halklarynyñ mifler ulgamyna örän häsiýetli bolan totemçilik garaýyşlaryñ ýoklugy hem şundandyr. ''Gysgaça taryhlaryñ we hekaýatlaryñ'' näbelli awtory ''Dürli gelip çykyşly türkileriñ şejeresi we olaryñ Gündogardaky işleri'' atly bölüminde türkiler hakyndaky iñ gadymy efsanalaryñ musulman wersiýasyy getirýär, ol X asyrda meşhur taryhçy Tabary, XII asyrda Abu Hanifa ad-Dinawary, XIV asyryñ başynda Reşideddin we beýlekiler tarapyndan hem bellenen ekeni. Bu işlerde türki halklaryñ, şol sanda oguzlaryñ epik taryhyna we şejeresine Injiliñ, Kuranyñ we gadymy eýran mifleriniñ täsiri açyk görünýär. Pars, arap we türk dillerindäki (irki döwre degişli türk dilindäki çeşmeler, kada bolşy ýaly, pars ýa-da arap dillerinden terjime ýa-da birneme başga-ça beýan edilen işlerdir) çeşmeleriñ hemmesinde oguzlaryñ, şeýle-de beýleki türkileriñ şejeresi Injildäki Nuhdan (Noý) gaýdýar. At-Tabary [475, 105] türkileriñ efsanawy şejeresi hakda aýdýar, onda, hamala, olaryñ nesilbaşysy Ýafet ogly Türk görkezilýär. Ýafetden Äjit we Mäjit nesilleri hem önüp olar, köplenç, türki halklardyr hasap edýärler. Tabary (78) bu wersiýany Injiliñ onunjy Ýaşaýyş babyndan alan bolsa gerek, onda Magog (Mäjit) Ýafetiň ikinji ogly diýlip görkezilipdir. Onuň birinji we üçünji ogly diýip Gomer (Jumer) we Madaýy görkezilýär. Bu efsana şumerlerden (gumer, jumer) gündogarda, midiýalylardan (madaý) günbatardaky ýaşaýan bir halk hakda bolmagy gaty ähtimal. Injil Gogy Ysraýyldan demirgezykda ýerleşdirýär. Magogy bolsa Adalaryň ýaşaýjysy diýip atlandyrýar[2]. Kuranyň soňabaka Isgender Zülkarneýin hakdaky folkloryň bir bölegine öwrülen efsanawy, Zülkarneýni rowaýatlara görä, Kap dagynyň arkasynda mesgen tutunan äjit we mäjitlerden goranmak üçin diwar galdyrdy diýýär. Kap dagy diýip, Derbent gerişleri nazarda tutulypdyr diýen çaklama bilen ylalaşylsa, onda bu efsanany hem taryhy wakalaryň şohlelenmesi diýip kabul etmek mümkin, çünki baryp V-VI asyrlarda hazar taýpalary ondan aşyp, eýranlylaryň ýerlerine çozuş edipdirler. Kuranda Aleksandr (Isgender) ýok. Ondaky Isgender (Goşa şahly Midiýanyň we Persiýanyň şasydyr, ol Danil pygamberiň düýşüne goşa şahly goç şekilinde girýär. Injiliň johitlere arka durup, olaryň ramlaryny dikeltmäge rugsat beren Dariý I şonuň ady geçýär. Diýmek Kurandaky Zulkarneýn bilen Injildäki goşa şahly ikisi - bir adam, ýagny Dariý I. Şu çaklamanyň peýdasyna başga-da gytaklaýyn şaýatnamalar bar. Meselem, Kuranda Zülkarneýniň üç ýörişi barada aýdylýar. Ol ilki günbatara ugrap, Gara deňze çenli baryp ýetýär (Dariý I Ermenistany basyp alyp, oz döwletiniň serhetlerini Gara deňziniň kenarlaryna çenli giňeldendigini Gara deňziň kenaryna çenli giňeldendigi mälimdir. Soňra Zülkarneýin gündogara gidip, ''Günden başga ortunjesi bolmadyk'' adamlara duşýar (bu ýerde gürrüň Dariý I göçme skifleriň üstüne eden ýörişi hakda bolsa gerek. Üçünji ýörişde ''Zülkarneýin iki dagyň arasynda ýaşaýan hiç zada düşünmeýän adamlara duşýar'' (bu ýeriniň adamlary eýranlylar däldir. Kawkazyň ilatydyr diýip çaklamak mümkin). Ine , hut şu ýerde äjit we mäjit taýpalaryna duşup, hiç zada düşünmeýän halkyň'' haýyşy bilen olaryň garşysyna demir bilen gyrşunyň garymyndan diwar galdyrýar. 345-nji ýylda arap halyfy Wasyk billä Zülkarneýiniň diwaryny tapmak üçin kerwen guraýar. Oňa terjimeçi lakamly, Sallama atly biri ýolbaşçylyk edýär. Muňa halyfyň gören erbet düýşi sebäp bolupdyr. Ol Zülkarneýiniň diwary dargap, wagşy halklar medeni dünýä dokülýändigini düýşünde gorýar. Sallamanyň kerweni Kawkazyň günortasy, Dagystan, Alanystan bilen gidip, hazarlaryň paýtagtyna gelýär, ondanam gazak-gyrgyz sähralarynyň üsti bilen gidip, uly diwary gorýär we ol barada geň-enaýy zatlary gürrüň berýär. Soňra Sallamanyň we beýlekileriň täsiri bilenmi, Ibn Fazlan öz ýazgylarynda ruslardan üç aýlyk ýolda ýerleşýän äjit-mäjitlerden bolan äpet ''suw'' adamy baradaky efsanany girizipdir. Ruslar bilen äjit-mäjitleriň arasynda deňiz bar eken. ''Gysgaça taryhlaryň we hekaýatlaryň'' awtory hem ýaňky guralan kerwen barada habar berýär. Onuň öň ýanynda awtor äjit-mäjit taýpasynyň ýerleşýän ýerini görkezýär: ''Olara Hazar deňziniň aňyrsynda, Maşryk us-Saýfyň ýakynynda ýerleşýärler. Ol ýerden Hazar deňzine çenli ýetmiş iki günlik ýol''. Kerweniň ýolbaşçysy öz ýoluny şeýle beýan edýär: ol ilki Ermenistanyň hökümdary Yshak ben Ysmaýylyň ýanyna barýar. Ol ony Safiriň hökümdaryna ugradýar, olam ony öz gezeginde alanlaryň hökümdaryna ýollaýar, bu-da Sallamany Fylan şanyň ýanyna eltýär. Soň ol kerweni Mälik Tarhuna iberýär: ''Biz ol ýere baryp, bir gije-gündiz bolduk, ol bizi ugratmaga elli adam bilen ýol azyk berdi. Ýigrimi bäş günden biz Gara ýere ýetdik, ol ýer örän porsudy. Şeýdip, biz ýene ýigrimi dokuz gün ýöredik, köp adamymyz öldi. Soňra biz harabaçylyga öwrülen şähere ýetdik. Ýene ýigrimi gün ýöredik. Haraba bolup ýatan şäherler hakda soradyk. Olar şäherleriň özlerine degişlidigini, olary äjit-mäjitleriň ýumrandygyny, indem köp ýyl bäri ol şäherleriň şeýdip surandygyny aýtdylar. Soňra biz dagyň eteginde bir bölegi diwar bolan gala baryp ýetdik. Ol ýerde Kuran okaýan musulmanlar bar ekeni. Olaryň metjitleri we medreseleri bardy. Beýleki musulmanlar ýaly, olar arap we pars dillerinde oran nepis sözleýärler. Biziň habarymyzy aldylar. Biz özümiziň emir al mümininiň adamlarydygymyzy aýtdyk. Olar örän geň galyp, biri-birine bakyp, ''Emir al müminin'' diýişdiler. Soň bizden ol garrymy, ýaşmy, nirede oturýar diýip soradylar. Biz onuň ýaşdygyny habar berdik. Yrak welaýatynyň Samarra (Samere ) şäherinde ýaşaýandygyny aýtdyk. Olar bu hakda hiç zat eşitmämdiklerini aýtdylar. Soňra biz Derbende we daglara tarap ýoneldik''. Bu ýazgydan çen tutylsa Şäheriň harabaçylyklary hem-de çüýreýän läşleriň yslary hem urşuň netijesi, hatda musulman goşunlarynyň kapyrlara garşy ýörişeriniň netijesi bolmagy mümkin. Syýahatçylaryň ýazgylaryň awtorynyň baştutanlygynda Tigriň kenarlaryndan ugrap, ýigrimi sekiz aýda takmynan Samarkant çemelerine gelmegi gyzykly. Bu ýerdäki Demir gapy bilen Derbendiň, elbetde Kawlazdaky Derbent bilen hiç hili baglanyşygy ýok, ol Derbent we Demir gapy barada gadymy türkileriň düşünjelerini şohlelendirýär. Om runa ýadygärliklerinde bellenipdir (Temir gapug) - Bumyn kagan Istemi kagan döwründe türkileriň ýerleşen iň çetki çägi. Ýadygärlikdäki Temir gapug - Samarkantdan Balha barýan ýolda, Şährisebizden günortadaky 90 kilometrlikde ýerleşýän Baýsyn dagynyň Buzgila geçelgesi.Kül teginiň şanyna dikilen ýadygärlikde kaganatyň öz kuwwatynyň çür depesine çykan mahalyndaky günbatar serheti hökmünde Kangu Tarban görkezilýär. S. G. Klýatornyý onuň gadymy Şaşyň paýtagty - Tarband bilen birdigini ynandyryjylykly subut etdi, ol IX-XIII aa. arap we pars awtorlarynyň köpüsi tarapyndan hem bellenipdir. Sallamanyň ''...beýleki musulmanlar ýaly, olar arap we pars dilinde nepis sözleýärler'' diýmegi düşnükli. Buhara sebitlerinde arap basybalyjylarynyň nesilleriniň ýaşandygy (häzirem bolekleýin ýaşandygy), bu etraplaryň asyl ilaty täjikleriň bolsa eýran dillidigi bellidir. Sallamanyň kereweniniň (eger onuň hakykatdanam guralany çyn bolsa), orta Aziýadaky Demir gapyly Derbentde bolandygyny ýene iki sany ýagdaý görkezýär: Birinjiden Kerwenbaşy ''Hazar deňzine çenli ýetmiş iki günlik ýol'' diýip tassyklaýar (Kawkazdaky Derbendiň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýändigi bellidir); ikinjiden, kerwen öz ýoluny Samarkanda togtadýar. Bulardan ýene bir örän gyzykly netije gelip çykýar. IX asyryň araplary äjit-mäjit diýip, musulman bolmadyk türkilere düşünipdirler. Gadymy Eýran mifologiýasynyñ täsiri Ýafesiñ ogly Türküñ häsiýetnamasynda has güberçekläp ýüze çykýar. Hamala, ol ýaşar ýaly amatly ýer, mal bakar ýaly öri tapypdyr, öý gurmagy oýlap tapypdyr, duzy açypdyr. ''Şanamada'' şonuñ ýaly medeni gahryman hökmünde Keýumers görkezilipdir, adynyñ manysy - ''Öküz adam'' (deñeşdir: Oguz - Öküz) [477, 98; 471, I, 19-28]. Bu maglumatlary awtor bir ýerden alypdyr. Ol şeýle ýazýar: ''Men şeýle okadym''. Ýöne Türküñ nesillerini sananda, olar hakda öz döwürdeşleri barada aýdýan ýaly bolýar: ''... häzirki barashanlylar, ylaglar, çigiller diýip atlandyrylýanlar hem şonuñ nesli''[477, 100]. Türkileriñ epik şejeresini beýan eden mahaly, näbelli awtor özünden öñ geçen awtorlaryñ, meselem, Tabarynyñ aýdanlaryndan çykýar. ''Gysgaça taryhlar we hekaýatlar'' boýunça, Ýafesiñ ýedi ogly bolupdyr: Çyn, Türk, Hazar, Manbal (ýa-da Saklap), Rus, Misk - Äjit bilen Mäjidiñ kakasy hem-de Kimari - Bulgarlaryñ we burtaslaryñ (mordwa) kakasy. Görnüşi ýaly, bu kitabyñ wersiýasynda efsana hakykylyk alamatlaryna eýe bolupdyr, çünki ondaky atlaryñ hemmesi diýen ýaly bize taryhdan mälim bolan halk atlarydyr. Şeýlelikde, eýýäm XII asyrda türkileriñ gelip çykyşy baradaky efsana hakykylygyñ käbir alamatlaryny alýar. Üstesine-de, Tabarynyñ Rus şekilinde getiren Injildäki Ruş (s we ş - semit dilleriniñ dürli şiwelerinde gezekleşýän sesler) ''Gysgaça taryhlaryñ we hekaýatlaryñ'' awtory tarapyndan Jeýhunyñ añyrsynda, anyk ýerde ýaşaýan belli bir halkyñ ady hökmünde görkezilýär. Awtor Injildäki Miskiñ oglundan bolan agtygy Guz (oguz) hakda-da aýdýar, onuñ mekirligini nygtaýar, ony ýeserje diýip atlandyrýar, ony atasynyñ kakasy Ýafes örän gowy görer eken. Ol Ogzuñ ýaşaýan ýerini bulgarlaryñ golaýragynda ýerleşdirip, oguz baradaky efsanany getirýär: Nuh Ýafese ýurt berdi, guraklyk wagtlary ýüzlenensoñ, ýagyş ýagdyrýan hudaýyñ gizlin adyny aýtdy(80). Ýafes onuñ adyny daşjagaza ýazdy, ony boýnuna dañdy hem-de gerek mahaly peýdalandy. Ölmeziniñ öñüsyrasynda ol bu daşy Oguza berdi, ýöne Oguzyñ kakasynyñ dogany hem ondan tamakin ekeni. Mekir Guz bije atyşmagy teklip edip, meñzeş daş ýasap, bijesi çykan Türke şony beripdir. Tiz wagtdan hiläniñ üsti açylypdyr. Guz daşyñ hereket etmeýän digine gaharlanýandygy bilen düşündiripdir. Türk Ogzuñ üstüne ugrapdyr, uruşda onuñ ogly Ýabguwy (ýa-da Biguwy) öldüripdir. Oguz bilen Türküñ arasyndaky duşmançylyk hakyndaky efsananyñ dowamy bar ýaly görünýär. Muña awtoryñ özem yşarat edýär: ''Bu barada örän köp efsana bar, ýöne biz olaryñ diñe gelip çykyşlaryny we wezipelerini bellemek isledik''[475, 103]. Şu ýerde-de ol şeýle netijä gelýär: ''Bu barada örän köp efsana bar, ýöne biz olaryñ diñe gelip çykyşlaryny we wezipelerini bellemek isledik'' [475, 103]. Şol Ýafesiñ ogullarynyñ arasynda awtoryñ ýaşaýan döwrüne çenli dowam edýän duşmançylygyñ sebäbi şol daşjagaz hem-de Oguzyñ aldawçylygy bolupdyr(81). Efsanada diñe Injil mifleri (Musanyñ ýagyş ýagdyrmagy, onuñ dagdan suw almagy) şöhlelenmäni, eýsem onda şamançylygyñ hem ep-esli paýy bar. Gudratly daşyñ kömegi arkaly hudaý bilen gatnaşyga girmek şamanyñ porhançylygynyñ döwrebaplaşdyrylan görnüşinden başga zat däldir. Ol türki mifiñ pars dilli awtorlar tarapyndan gijräkki döwürde başgaçarak düşündirilen görnüşi bolmagy hem ähtimal. Şonuñ üçinem L. N. Gumilýewiñ edişi ýaly, şamançylygyñ irki döwri bilen ýadaçylygy (jadygöýçilik) biri-birinden aýyrmaga esas ýok. VI - VII asyrlarda türkiler ähli zady janly-ruhly hasap edýän garaýyşlardan ýañy bir saýlanyp başlapdyrlar; şamançylyk bolsa köp hudaýly bolup, öñkä görä bir basgançak ýokarydy. Şol döwürde porhanyñ (porhançylyk, ruhçylyk) we ýadaçynyñ (köpçülikleýin gipnoz, magiýa) herketleri biri-biri bilen bagly däl diýilse bolarmyka? Belki, bu ýerde añylmadyk garyşma bilen ýüzbe-ýüz bolýandyrys, iñ bolmanda ilkinji döwürlerde, has takygy, türkiler musulmançylygy kabul edýänçä şeýle bolandyr. Efsanada türki taýpalaryñ arasyndaky duşmançylyk hakyndaky yşarat hem az ähmiýete eýe däl. Bu barada uýgur hatyndaky ''Oguznamada'' hem aýdylýar, ''Gysgaça taryhlaryñ we hekaýatlaryñ'' awtory muña XII asyrda şaýat bolupdyr. Oguzlar bilen türkleriñ arasynda duşmançylygyñ ýatmagyna Ýafesiñ ogullarynyñ biri - Çin sebäp bolýar. Ol örän bilimli we durmuş tejribesi baý bolan adam diýip häsiýetlendirilýär, şol sanda ýyldyrym daşy açan diýilýär (hajar as-sawaýyk) (82). Onuñ ýanynda hemişe guşuñ uçuşy (zajar) hem-de goýnuñ pilçesi arkaly ykbaly kesgitleýän birnäçe jadygöý, palçy bolýar ekeni (83). Olardan on adamy Çin türkleriñ ýanyna iberip, bir daşjagazyñ üstünde uruşmazlygy töwella edýär. Şu jadygöýler we palçylar türkilere öz hünärlerini öwredipdirler. Ýuwaş-ýuwaşdan türkileriñ içinden öz jadygöýleri we palçylary ýetişip ugrapdyr, olara kam diýýär ekenler(84). Bu efsana türkileriñ, şol sand guzlaryñ (oguzlaryñ) dessur düşünjeleri bilen baglydyr. Olaryñ arasynda şamançylygyñ ýaýramagy barada awtor şeýle ýazýar. ''Hawa, men Nuhuñ ogly Hamyñ nesillerinden hindi şamany gelip, türkilere butparazçylygy (köphudaýlylygy) öwredipdir diýip okadym. Doganlaryñ hemmesi bu ymamy kabul edipdir, diñe Türk oña ynanmandyr: ol ölende onuñ ogullary tagt üstünde öz aralarynda urşupdyrlar'' [475, 103]. Habarlaryñ ikisi-de türkileriñ arasynda şamançylygyñ ýaýrap başlamagyna we ähli zady janly-ruhly hasap edýän garaýyşlaryñ ýuwaş-ýuwaşdan gysylyp çykarylyp ugrandygyna şaýatlyk edýär. Hakykatdanam, gelip ýeten epik ýadygärlikler, efsanalar we rowaýatlar türkileriñ arasynda jadygöýçiligiñ giñden ýaýrandygyny görkezýär. Meselem ''Şanamada'' türkiler Eýran bilen 589-njy ýylda başlanan uruşda ony ulanýarlar: jadygöý aýal ýanyna eýran goşunbaşysy Bähram Çubini gulanly geler ýaly edýär, jadygöý oña şöhratly geljegiñ garaşýandygyny aýdyp, häkimiýeti basyp almagy buýurýar. Bähram jadygöýiñ owsunyna düşýär[294, 101]. Türkileriñ we mongollaryñ arasynda sowuk düşürýän, ýagyş ýagdyrýan jadygöýleriñ bardygyny köp awtorlar habar berýär[59, II, 260]. Güýçli duşmana garşy uruşda jadygöýçiligi ulanmak ''Kitaby Gorkutda-da'' görünýär. Çünki boýda ol özüniñ Däli Garçar bilen ýekme-ýek göreşde asgyn salmak üçin göteren goly duran ýerinde gurap galýar[348, 126, D 84].Eýranlylaryñ miflerini hem-de efsanalaryny biziñ günlerimize ýetiren parsy dilli çeşmeleriñ hemmesinde eýranlylar bilen birlikde turanlylar diýilýänler hem ýatlanýar. Bu söz Periduna üç sany ogly - Salm, Tur we Yraç hakdaky efsanawy taryhdan gözbaş alýar. Awestadan gelýän Firdöwsiniñ ''Şanamasynda'' şöhlelenen gadymy eýran efsanasy boýunça, Peridun öz mülküni ogullarynyñ arasynda paýlaýar: Salma Rum we Günbatar, Tura Hytaý we Turan, Yraja Eýran düşýär[471, I 90]. Turan babatda W.W. Bartold şeýle ýazýar: ...bu at Awestada duş gelýär, ony arileriñ medeniýeti onçakly ösmedik bir şahasy hasaplaýarlar. Ariler bilen turlaryñ arasynda duşmançylyk bolupdyr. VI asyrda Türküstan türkileriñ golastyna düşen soñ, bu iki söz (tur we türk - Terj. bell.) ýakynlaşyp, Turan türklere degişli edilip başlandy. Emma onuñ ilkibaşdaky manysynyñ türkilere dahylly ýeri ýok [36. 661]. Turanlylar bilen Türküstanda we Türk kaganatynda ýaşan türkileriñ birleşdirilmegi örän ir döwürde belki, göçme türkileriñ Gündogar Türküstanda peýda bolan döwründe başlaýar, X asyrda bolsa ähli awtorlar Turany göçme türkileriñ mekany hasaplaýarlar, muña Peridunyñ ogly Tur hakyndaky efsanalaryñ geografiýasy ýardam edýär. ''Gysgaça taryhlaryñ we hekaýatlaryñ'' awtory bir ýerde hatda efsanawy Turuñ Türküstana iberilendigini aýdýar [477, 43][1] Onuñ eseri Turanyñ anyk serhetleri baradaky efsanany biziñ günlerimize ýetiripdir: ''Afrasiýap köp ýörişler edýärdi. Manyçehr ony Jeýhunyñ (Amyderýanyñ -H.G.) añyrsyna geçirtmek üçin, garşysyna Zaly gönderdi. Bir gezek Afrasiýap köp sanly goşun bilen Manuçehriñ üstüne ýöriş edip, ony Tabarystanda birnäçe ýyl gabap oturdy. Sam bilen Zal ýokdy. Ahyrda, ýaraşyk baglaşdylar. Araş Amal galasyndan ýaýdan ok atdy. Onuñ oky Akaba - Mazdawarana (Saragt bilen Marynyñ arasynda) düşdi. Şu ýerde Eýran bilen Turanyñ serhedini bellediler [475, 43]''. ''Şanamanyñ'' ýarysyndan gowragy Turana, onuñ Eýran bilen aragatnaşyklaryna bagyşlanýar. Poemada türkileriñ kaganat atly imperiýasynyñ dörän VI-VII asyrlaryna degişli taryhy senenama aýratyn gyzyklydyr. Turanyñ ''Şanamadaky'' geografiýasy hakykata laýyk gelýär. Eýran bilen Turanyñ tebigy araçägi Amyderýanyñ (Jeýhun) geçýär; Turanyñ ýerleri Hytaýa (Çyn-maçyn) çenli ulalyp gidýär we Wolga (Itil) bilen Amyderýanyñ aralygyndaky sähralary-da öz içine alýar. ''Şanamada'' kaganatyñ durmuşyndan hakyky wakalar, hususan-da türkileriñ Eýrana garşy urşy baradaky maglumatlar getirilýär, eýran goşunlarynyñ başynda Bähram Çubin durupdyr; türk kaganlarynyñ atlarynyñ köpüsi türkileriñ gadymy atlary bilen gabat gelýär. Meselem türk kagany Sawäniñ oglunyñ Parmuda diýen ady türki ''Buýruk'' sözüniñ parsça terjimesidir [94, 132]. ''Turan'' sözüniñ ''türkileşdirilmegi'' Turanyñ Awestadaky hökümdary Afrasyýabyñ adynyñ giçki taryhçylar tarapyndan düşündirilişinde has aýdyñ görünýär (Awestada - Fran(g)rasýan, pehlewiçe - Frasýak). Şu çeper keşbiñ Eýran dillerinden gelip çykandygyna garamazdan, çeşmeler (Tabaryny gaýtalaýan bolsalar gerek) onuñ şejeresini Türk bilen baglanyşdyrýarlar. Tabary şeýle ýazýar: ''Frasyýap - Faşanjyñ ogly, onuñ kakasy Rüstem, Rüstemiñ kakasy Türk''. Biruny: ''Frasýab-Başañyñ ogly, ol Ynatyñ, Ynat Rişmanyñ, ol-da Türkiñ ogly''. Ibn Haldun: ''Afrasyýab - Aşkyñ ogly, onuñ kakasy Türk''[475, 28]. 1651-nji ýylda Dakanda (Hindistanda) ýazylan ''Burhani gate''atly parsça düşündirişli sözlüginiñ awtory Muhammet Huseýin Afrasyýaby Türküstanyñ patyşasy diýip atlandyrýar. Orta Aziýa epik däpleriniñ täsiri bilen bolsa gerek, eýýäm X asyrda Afrasyýap mifik Turanyñ hökmünde däl-de, türki taýpalaryñ baştutany diýlip düşünilipdir. Firdöwsi: Türkileriñ patyşasynyñ ýanyna bardy we aýtdy'' diýýär, eserde Afrasyýab ähli türkileriñ patyşasynyñ ähli alamatlaryna eýe bolupdyr. ''Şanamada'' Afrasyýabyñ töweregindäki goşunbaşylaryñ kileñ türki atlary bar; Firdöwsä görä, afsanawy Oguzyñ kakasy Gara han - Afrasyýabyñ dördünji ogly. Kakasy Gara hany türki goşunlaryñ goşunbaşysy belleýär, goşunyñ düzüminde oguzlar hem bar eken: Goşunbaşy Gara han, dördünji ogul Söweş geýmin geýip, kakasynyñ ýanyna geldi. Oña türkileriñ [atasy] çigilleriñ Söweş meýdanynda sarsman durýan Otuz müñ atlysyn berdi [Şeýle hem] Tarazyñ, oguzlaryñ we hallahlaryñ Synagdan geçen otuz müñ atlysyny berdi [471, V, 254]. Firdöwsiniñ ýene-de Afrasyýap Paşañyñ baştutanlygyndaky otuz müñ gaýratly türkmen hakynda aýtmagy-da bellenmäge mynasypdyr: Olaryñ goşunbaşysy - tejribeli goja Nastuh Batyr Paşañyñ ýolbaşçylygynda Otuz müñ gaýratly türkmen [Söweşe] ugrady, Serdesse, ýaýdyr ok bilen ýaraglanyp [471, V, 254]. Türki halklary - çigilleri, tarazlylary, hallahlary (halaçlar bolsa gerek) hatda oguz-türkmenleri efsanawy Afrasyýabyñ esgerleri edip görkezmek bilen, Firdöwsi gadymy epik döwürleriñ wakalaryny öz döwrüne örän ýakynlaşdyrypdyr. Bularyñ barysy şahyryñ öz döwürdeş halklary. Görnüşi ýaly, Firdöwsi bu halklaryñ gahrymançylykly eposy bilen tanyş bolup, olaryñ elementleri onuñ meşhur eserini baýlaşdyrypdyr. Afrasyýabyñ çeper keşbiniñ özgermegine täsir eden türki epik efsanalaryñ we rowaýatlaryñ arasynda oguznamalar hem bolandyr. ''Şanamada'' oguzlaryñ Gara hanyndan başga-da Demur, Kru han beýleki oguznamalarda Abylja hanyñ (başga wersiýalarda Ýafesiñ) ogly Kur han ady bilen belli. Oguz eposynyñ Demur çeper keşbi beýlekilerden has giñ mälim bolupdyr, ony ''Şanama'' Turanyñ iñ görnükli goşunbaşysy diýip häsiýetlendirýär: Täze garşydaş dag ýaly Demir Turan oña taý geljegi hiç gören däldir [295, II, 219]. Oguz türkmenleriñ Firdöwsiniñ ''Şanamasynda'' peýda bolmagy olaryñ taryh sahnasyna çykmagy we şahyryñ mekany Horasanda IX - X asyrlarda olaryñ orny bilen düşündirilýär. Şondan ýüz ýyl geçenden soñ, oguzlar Orta Aziýanyñ we Horasanyñ durmuşynyñ ähli ugurlarynda agalyk edýärdiler. Afrasyýabyñ çeper keşbiniñ özgermesi şundan gaýdýan bolmaly. Ol gitdigiçe oguz epiki gahrymanyna öwrülip başlaýar. Meselem ''Gysgaça taryhlaryñ we hakaýatlaryñ'' awtory Afrasyýabyñ köşgündäkileri sananda, şu atlary getirýär: ''Demir we Afrasyýabyñ giýewsu Gök Böri Guz'' [475, 90-91]. Bu ýerdäkileriñ barysynyñ şol wagt bar bolan haýsydyr bir oguz eposyndan alnandygy görünýär. Demur ýaýran türki at (demir diýmek: Temir bilen deñeşdiriñ), ol uýgur hatyndaky ''Oguznamanyñ'' golýazmasynda duş gelýär: ''Goşunda bir ajaýyp är bardy, adyna Temurdu Kagul diýýärdiler'' [305, 49-50]. Bu Oguz kaganyñ Kalaç diýip at goýan adamsydyr. ''Kitaby Gorkutda'' Demur Güýji Gazanyñ çopanynyñ inisi (II boý). Gök Böri ondanam gadymy däbe eýe. Ýokarda eýýäm bellenişi ýaly, ol türki halklaryñ, şol sanda oguzlaryñ totemi bolup, türkileriñ tas hemme diýen ýaly efsanalarynda we rowaýatlarynda ýatlanýar, hatda olaryñ üsti bilen mongol eposyna-da düşüpdir. Ýöne efsananyñ bu totemi Ogzuñ ady bilen baglanyşdyryşy beýleki ir döwre degişli arap-pars çeşmelerinde duş gelmeýär. Awtoryñ haýsydyr bir efsana esaslanyp, onuñ hut Afrasyýabyñ giýewsi diýip atlandyrýanyny aýdybam oturmaly däl. Türki oguzlaryñ epik däplerinde bu düýbünden täze bir zatdyr. X - XII asyrlarda Orta Aziýada we Horasanda Afrasyýabyñ adyny türki gahrymançylyk däbi bilen baglaýan efsanalaryñ bolandygyna şübhe ýok. Mahmyt Kaşgarly we Ýusup Balasagunly öz eserlerine biri-birinden habarsyz gadymy türki epik gahrymany Alp Är Toga hakyndaky bölekleri goşup, ony Afrasyýab diýip atlandyrypdyrlar[462, III 149-150]. Hususanda, Ýusup has Hajyp Balasagunly şeýle ýazýar: Türki begleriñ içinde Alp Är Toga örän bilimdar we tejribelidi. Ol hemme zady bilýärdi, bar zada düşünýärdi. Bu dünýä nähili ajaýyp we her bir zatdan baş çykarýan ärleri ýuwutdy! Täjikler Alp Är Togany Afrasyýap diýip atlandyrdylar [392, 31]. Awtorlaryñ ikisem eýranlylaryñ epik Afrasyýabynyñ köküni gadymy türki hekaýatlaryndan agtaran bolmagy mümkin. Oña beýlekilere görä Alp Är Toga gabat gelen bolsa gerek. Mahmyg Kaşgary bilen Ýusup Balasagunly gös-göni ''Şanamanyñ'' adyny tutmaýarlar, ýöne Balasagunly bir ýerde: ''Täjikler ol hakda kitap ýazypdyrlar, kitapda bolmadyk bolsa, ony kim okap bilerdi'' (ýagny ol hakda kim bilerdi) [392, 31]. Ýagdaý başgaça-da bolup biler. IX - X asyrlarda gündogar eýranlylaryñ - täjikleriñ arasynda gadymy türki epik gahryman Alp Är Toga hakyndaky hekaýat ýaýrap, soñam meşhur ''Şanama'' epopeýasyna giren, özi-de Alp Är Toga Afrasyýaba - Turanyñ hökümdaryna öwrülen bolmaly. By çaklamany Afrasyýap Alp Är Toga - barada biziñ günlerimize ýetip gelen maglumat berkidilýär, ol efsanany Mahmyt Kaşgarly getirýär: Gaz: Afrasyýabyñ gyzynyñ ady. Kazwin we Kum şäherleriniñ ady şu kökden çykarylýar (''gum'' diýen türki sözden, Afrasyýabyñ gyzy şol ýerde oýnapdyr). Gazyñ kakasy Toga Marynyñ (Merw) düýbüni tutýar. Bu şäheri gurmaga Teýmuraz başlaýar, üç galany salyp ýetişipdir. Üç ýüz ýyldan soñ ony Afrasyýap gurup gutarypdyr. Birnäçeleri türkileriñ mekanlaryna Buharanyñ ýanyndaky Ýañykentden başlanýan Mawerannahryñ kenarlary hem girýär diýýärler. Afrasyýabyñ gyzynyñ adamsy (giýewsi) Syýawuş şu ýerde öldürilipdir. Otparazlar ýylda bir gezek şu ýere ýygnanyp gurban kesýärler, Syýawuşyñ ölümine aglaýarlar, onuñ mazaryny gurban kesilen mallaryñ gany bilen boýaýarlar[462, III, 150] (86). Ýöne Afrasyýabyñ türki gelip çykyşlydygy bilen orta asyr awtorlarynyñ hemmesi ylalaşanok. Onuñ eýranlydygy baradaky bilnenler olaryñ ýadyndan çykyşmadyk bolarly. 1259-njy ýylda ''Tabakaty Naseriniñ'' awtory şeýle ýazýar: Onuñ şejeresi barada iki rowaýat bar. Biri şeýle: Afrasyýap - Başañyñ ogly, onuñ kakasy Dawuşem, onuñ kakasy Tur; Tur hem Feridunyñ ogly. Ikinji rowaýata görä, Afrasyýap Başañyñ ogly, onuñ kakasy Rüstem, onuñam kakasy Türk. Bu adama ähli türkileriñ şejeresi baryp direýär, ol Manuçehr bilen şertnama baglaşýar-da, soñam ony bozup, Jeýhundan geçip, Yragy we Horasany eýeledi, hemme zady ýykyp-ýumurdy. Eýran ýerlerini basyp alanda, ol öz goşunyna: ''Eýranlylaryñ baryny gyrmaly, goý, olaryñ ýerinde biziñ däplerimize wepaly ilat ösüp ýetişsin'' diýipdir[473, 150]. Getirilen bölek Afrasyýabyñ keşbiniñ ösüşini görkezýär. Birinji düşündirişde Afrasyýap gadymy Eýranly (Awestada) Feriduna eltilýär, ýöne bu barada birhili çekinjeñ aýdylýar, onuñam sebäbi Feridunyñ meşhur däldigi bilen düşündirilýär. Afrasyýap adynyñ ikinji düşündirişi gahryman keşbe eýe bolup, türki şejeresi düzülensoñ döredilýär. Bir ýagdaý ünsi özüne çekýär: Afrasyýap hem oguzlaryñ meşhur nesilbaşysy Oguz han ýaly, Nuhuñ ogly Ýafesden gaýdýar. Edil şu efsana görä, eýranlylar Nuhuñ beýleki ogly Hamdan önüpdirler. Afrasyýabyñ ýörişleriniñ öz içine oguz hanyñ ýörişleri hakdaky türki eposdan köp zady siñdiripdir. Afrasyýabyñ ölümi baradaky mifiñ köp ýerleri Gorkut atanyñ ölümden gaçyşy baradaky efsanany ýatladýar, ol Orta Aziýada giñden ýaýrap, ''Kitaby Gorkutda'' hem bellenipdir. Afrasyýap ölümden gutuljak bolup, gala gurdurdy, ajal perişdesi Estuphat girip bilmez ýaly, onuñ ähli girelgelerini we deşiklerini gaýym ördürip bekletdi. Ertekidäki ýaly galany guran ussalar oña ''Afrasyýabyñ galasy'' diýip at goýdular. Galanyñ polat diwarlarynyñ boýy ýigrimi gulaçdanam geçýärdi. Ýöne onuñ içi garañkydy. Afrasyýap polat bamlara (potoloklara) gymmatbaha daşlardan, altyndan, kümüşden, dürden ýasalan emeli gün, Aý we ýyldyzlary asmagy buýurdy. Şolar asylandan soñ, gala ýagtyldy, Gözelligiñ we kuwwatyñ aýal hudaýyñ Ardwisura Anahitanyñ özüne müdümi ömür berip biljekdigini bilensoñ, ol onuñ şanyna iñ gowy atlaryñ ýüzüsini, bakyly öküzleriñ müñüsini, on müñ goýny gurban kesmegi buýurdy. Bu zatlary edensoñ, ol öz dynç alýan ýerinde şirin mukam çalýan sazandalaryñ arasynda ýatyrdy. Onuñ ajal perişdesiniñ öz ýanyna gelip bilmejegine ynamy bardy. Şeýdip ol birnäçe ýyly geçirdi, ýöne ol bir pursat hem ölümi ýatdan çykaryp bilmedi. Bir gezek ol özüniñ emeli bagynda gezim edip ýörkä, bagyñ añyrsynda bir adamyñ kölegesini gördi. Adamyñ ýüzi gara we hyrsyzdy. Afrasyýap ajal perişdesini tanady, garşylyk görkezjek boldy, peýda bolmady, duran ýerine şalkyldap düşdi [478, 126-127](87). Efsananyñ detallary bize gadymy türki hekaýatlaryñ giñden ýaýran däplerini ýatladýar. Afrasyýabyñ aýal hudaýa kesýän gurbanlary oguz we beýleki gadymy türki batyrlarynyñ toýda kesýän mallary we olaryñ sany bilen gabat gelýär. Eýran eposynyñ türki epos bilen arabaglanyşygy türkileriñ hany Afrasyýabyñ eýranly batyr Bijany ýesir almagynda hem ýüze çykýar [471, V, 49]. Bu epizod ''Kitaby Gorkutdaky'' (III) Bamsy Beýrek boýuny ýatladýar. Bamsy awda gezip ýörkä sähra gözeli Band Çeçege duşuşy ýaly, Bijan hem aw-şikardaka Afrasyýabyñ gyzynyñ çadyrlaryny görýär. Iki ýagdaýda-da ýigit bilen gyz enekeleriñ üsti bilen gatnaşyga girýär. Edil ''Kitaby Gorkutdaky'' ýaly, gahrymany meýlis edip otyrka tutýarlar (''Kitaby Gorkutda'' - toýdaka). Zyndanda oturan gahrymana duşmanyñ gyzy ýakynlyk edýär. Iki wersiýada-da biwepa dost agzalýar. Hatda käbir detallar hem gabat gelýär; meselem, garañky zyndanda oturan gahrymanlara habaryny ýetirmek üçin iki hekaýatda-da söwdegärler peýdalanylýar: Maniže oña bir baý adamyñ - söwdegäriñ puldan horluk çekip, Eýrandan Turana ugraýandygyny aýtdy[471, I, 51]. Eýran we türki eposlaryñ aragatnaşygy we özara täsiri barada has ynandyryjylykly mysal bar. Bu ''Şanamada'' Zahhak hakdaky [471, I, 299] we ''Kitaby Gorkutdaky'' depegözli hekaýatlardyr (VIII boý). Iki ýagdaýda-da berzeññiçilik hakda aýdylýar: ''Şanamada'' Zahhak eýranlylardan iki ýigidi alyp, öz gerşinde şeýtanyñ posasyndan dörän ýylanlary şolaryñ beýnisi bilen iýmläpdir. ''Kitaby Gorkutda'' adam iýiji Depegözi köşeşdirmek üçin, oguzlar onuñ ýanyna parasatly Gorkudy iberýärler. Ol depegözüñ aşhanasyna günde iki oguz oglany bermäge razy bolýar. Boýun sunmaly bolan adamlaryñ berzeññä beren aşpezleri bilen bagly ýagdaýlar hem meñzeş. Tapawut ujypsyz: ''Şanamada'' ''iki sany... halal, päk, bilimdar Armaýyl we Karmaýyl atly adam meýletinlik bilen, halkyñ ýagdaýy nähilem bolsa bir hili edip ýeñilleşdirip maksady bilen berzeññä aşpez bolýarlar. ''Kitaby Gorkutda'' Depegöz oguzlardan gündelik gurbandan başga iki sany aşpez hem talap edýär. Berzeññileriñ wagşyçylyklarynyñ detallarynyñ gabat gelýän detallarynyñ gabat gelýän ýerleri-de bar. ''Şanamada'' Zahhagyñ aşhanasyna her maşgaladan bir oglan iberýär ekenler. Demirçi ussa Käwäniñ on sekiz oglundan ýekejesi galýar. Kawe halys ruhdan düşüp, ýekeje ogluma rehimiñ gelsin diýip, berzeññä ýalbarýar. ''Kitaby Gorkutda'' ýeke ogly galan ene gam laýyna batyp, oguz batyry Besetden haraý isleýär. Beset hem, edil Käwe ýaly, zalyma garşy baş göterýär. Depegözüñ ahmal ýeri onuñ ýeketäk gözüdi. Şony çykarybam Beset ondan üstün çykýar. Şu äheñ ''Şanamada-da'' bar: Isfendiýar hem şolar ýaly ahmalsyz ''Bürünçbeden'' saýylypdyr, ony kakasy Rüsteme garşy durmaga mejbur edipdir. Mifiki Symrug guş Rüsteme onuñ ahmal ýerini - bir gözüni (depegöz ýaly, onuñam bir gözi bolan bolmaly) görkezýär. Rüstem onuñ şol gözüni oky bilen urýar. ''Şanamanyñ'' epizodynyñ oguz wersiýasy bilen gabat gelýän ýene iki ýeri bar: birinjide, Rüstemiñ kakasyny ideg edip ýetişdiren Symrugy Depegözüñ ejesi - mifiki jyns - peri bilen deñeşdirmek bolýar; ikinjiden, oguz hekaýatda berzeññiniñ gözüne gyzdyrylan demir çybyk sokup, zyýanyndan dynylan bolsa, Symrug hem Rüsteme ýylgyndan edilen okunyñ ujuna dakylan demrini otda gyzdyrmagy maslahat berýär (471, V 194). Agzalan epik ýadygärliklerdäki meñzeşlikleriñ hemmesini göni alynma diýip düşündirmek kyn. Ýöne eýran eposyndaky çeper keşpleriñ örän köpüsiniñ oguzlaryñ we olaryñ nesilleriniñ halk - şahyrana döredijiliginde ýüze çykýandygyny hem hasaba almazlyk mümkin däl. Gadymy oguz eposynyñ bize ýetip gelen böleklerinden türki mifologiýasynda albassy, depegöz ýaly ýaman ruhlar bilen birlikde, eýran eposynyñ mifiki çeper keşpleriniñ - perileriñ, aždarhalaryñ, döwleriñ we beýlekileriñ hem az orun tutmaýandygy gözünýär. Şol bir wagtyñ özünde ''Şanamanyñ'' Afrasyýaba we beýleki türki gahrymanlara (Ferdöwsiniñ özi olary şeýle atlandyrýar) degişli suratlandyrmalarynda köp zat gadymy türki hekaýatlarynda alnypdyr. Şol dürli hekaýatlaryñ ýañyny biz käbir ýagdaýlarda irki ýadygärliklerde görýäris (käbir oguznamalary hasaba almanyñda-da, Mahmyt Kaşgarlynyñ ''Diwany'', Balasalynyñ ''Kutadgu biligi'', ''Kitaby Gorkut'', ''Reşidetdiniñ ''Taryhy'', näbelli awtoryñ ''Gysgaça taryhlary we hekaýatlary'' we köp sanly beýlekiler). Şunuñ bilen baglylykda Eýran alymy Seýit Nepisiniñ şu pikiri örän gymmatlydyr. ''Ferdöwsiniñ, hatda ondan öñ döreden Dakykynyñ samanylaryñ döwürdeşi bolup, öz döwürdeş türkileriniñ durmuşyndan käbir zatlary alyp, özleriniñ turanlylar dogrusyndaky efsanalary hekaýalaryna girmegi tebigydyr''[467, III 1577]. Oguzlaryñ göniden-göni nesilleri bolmak bilen, etnik düzüminde eýranlylaryñ elementleri hem bolan türkmenleriñ we azerbeýjanlaryñ folklor arabaglanyşygyny aýratyn bellemelidir: ''Mysal üçin, olaryñ halk - şahyryna döredijiliginde arranlylaryñ we midiýalylaryñ (Azerbeýjanyñ gadymy halklary hem-de Eýran dilli dahlaryñ, saklaryñ, alanlaryñ, massagetleriñ (gadymy wagtlarda häzirki Türkmenistanyñ ýerinde ýaşanlar) medeniýetiniñ galyndylary mese-mälim bildirýär. Bu akymjyk, galapyn, epik eserlerde (dessan, erteki), belli derejede nakyllarda, atalar sözünde, däp-dessur we möwsümleýin aýdymlarynda saklanyp galypdyr. Azerbeýjan-türkmen dessanlarynyñ we ertekileriniñ ählisinde öz şöhlelenmesini tapan Ýagşy bilen Ýamanyñ göreşinde gadymy garaýyşlaryñ täsirini görmezlik mümkin däl. Ýagşy (adam) hemişe ýeñiji bolup çykýar. Adamyñ güýjüne şunuñ ýaly ynam otparazlaryñ mukaddes kitaby ''Bunda - hiş'' eserinde hem bar[61, 37]. Gadymy Azerbeýjanlylar bilen türkmen sähralarynyñ halkynyñ ruhy arabganyşyklaryna yslamdan öñki kult düşünjeleri şaýatlyk edýär. Gadymt azerbeýjanlylaryñ esasy dini bolan otparazçylyk Türkmenistanyñ käbir ýerlerinde ýaýrapdyr (mysal üçin, Horezmde we parfiýalylaryñ mülklerinde). Häzirki azerbeýjanlylar bilen türkmenleriñ halk döredijiliginde we durmuşynda şol dini ýa-da salýan az-kem ýagdaýlar saklanyp galypdyr. Käbir folklor ýygnaýjylar türkmenleriñ arasynda oda çokunmak däbiniñ galyndylaryny belläpdirle: ýylda bir gezek agşam wagty ahyr çarşenbede (azerbeýjanlar hem şeýle atlandyrýarlar) Nowruzyñ öñ ýanyndaky gije - gündiziñ deñleşýän mahaly ot ýakyp (Ýolöten etrabyndaky saryklar oña şaman ot (''agşam ody'' diýipdirler), şonuñ üstünden towusýar ekenler. Oduñ güýji gudratly hasaplanypdyr [49, 77-85]. Oda çokunmak däbi azerbeýjanlaryñ, parslaryñ, täjikleriñ arasynda-da giñden ýaýrap, gadymy umumy Eýran otparazçylyk dessury bilen baglanyşyklydyr(88). Umumy Eýran (hatda umumy hindi ýewropa) däplerinden gözbaş alýan zatlaryñ biri-de Nowruz gijesi pal atmakdyr. Ol şeýle bolupdyr: gyzlar aýratynja bir öýe ýygnanyşyp, ortada suwly käsäni goýýar ekenler, oturanlaryñ her biri oña bir monjuk atyp, ''monjugatdy'' (azerbeýjanlarda-''wasmiýa'') - ýedi bogunly setirlerden düzülen dörtleme-aýdyp, gezekli-gezekli käseden monjuklary alýar ekenler[131, 83 we yzyndaky sah; 302, 90 we yzyndaky sah). Gadymýetde möwsümleýin aýdymlaryñ ýene-de birnäçe görnüşi bolan bolmaly, gelen türkiler bilen ýerli ilatyñ garyşmagy netijesinde, olar ýitipdir ýa-da yslam dininiñ täsiri bilen üýtgeşipdir. Mysal üçin, ýaremezan türkmen aýdymlary oraza aýynyñ başlanmazynyñ öñ ýanynda aýdylyp, onuñ hem Nowruzy baýram etmek däbinden gaýdandygy öz-özünden görnüp dur. Muña türkmen ýaremezanlary bilen azerbeýjanlaryñ Nowruzyñ öñ ýanynda baýramçylyk sowgatlaryny ýygnap aýdýan aýdymlarynyñ biri-birine gabat gelmegi şaýatlyk edýär. Türkmenleriñki: Garaja çatmañ öý bolsun, Gapyñyzda toý bolsun, Köp bereniñ ogly bolsun, Az bereniñ gyzy bolsun, ýaremezan [296] Azerbeýjanlaryñky: Häjälär, püjälär G